Peýdaly maslahatlar

Kelem — saglyga peýdaly önüm

https://ussatnews.com/storage/posts/3819/original-162b7e83c17553.jpeg

Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.

Kelemiň düzüminde kaliý duzunyň kän mukdarda bolmagy bedendäki artykmaç suwuklygy çykarmakda, ýürek myşsalaryny berkitmekde örän peýdalydyr. Ter kelemiň suwy aşgazan, oniki barmak içegedäki ýarany bitirýär, ýag ýygnanmasynyň öňüni alýar. Önüm B1, B2, B6, P witaminlerine, kaliý, kalsiý, fosfor elementlerine, kletçatkalara, ýaglara, şekere, kükürde, we aminoturşulara baýdyr.

Kelem bogunlara duz ýygnananda, içgatamada, buşukmak kynlaşanda hem peýdalydyr. Lukmanlar kelemi gündelik iýmegi maslahat berýärler we muny bedeniň umumy ýagdaýyna, saglygyna edýän oňaýly täsirleri bilen düşündirýärler. Kelem garramak hadysasyna garşy göreşmekde, dikeldiş hadysalaryny işjeňleşdirmekde, ýüzüň reňkini açmakda, allergiýanyň öňüni almakda, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini sazlamakda, artykmaç agramy ýeňmekde, gözüň, saçyň we beýniň saglygyny goramakda peýdalydyr.

Ak keleme garanyňda, gyzyl kelem peýdaly elementlere has baý hasaplanýar. Brokkoli kelemi bolsa düzümi boýunça reňkli kelemlerden birnäçe esse peýdalydyr. Bakja önümleriniň arasynda brokkoli kelemi düzümindäki С witamini boýunça öňdeligi eýeleýär. Şeýle-de onuň düzümindäki belogyň derejesi elin etiň we ýumurtganyň düzümindäki mukdardan pes däldir.

Taýýarlan Guwanç MERDANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.