Sungat ussatlary Döwletgeldi Annamyradowyň, Anna Meläýewyň, Batyr Çaryýewyň baýramçylyk gutlagy
Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni aýratyn many-mazmuna beslenip, giňden bellenilýär. Indi on ýyl bäri bellenilip gelinýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda uludan bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu ýyl bolsa, halkyň ruhy baýramçylygy gadymy Mary topragynda şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Her bir sungat adamsy hem baýramçylyga täze-täze eserleri bilen gelip, ruhubelentlikde baýramçylyk gününiň şatlygyny has-da artdyrýarlar. Hepdeligiň geçirilen günlerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri, teatr oýunlary, şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergileri ýaly dürli görnüşde çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Sungat ussatlary kalbyňy joşdurýan, ruhuňy göterýän, ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýan ynsanlar. Şeýle ajaýyp pursatlarda kalby joşup duran medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk gününde ýürek buýsançlaryny diňlemek, olar bilen şatlyklaryny paýlaşmak diýseň ýakymly:
Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr:
– Ynha, ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde geçirilýän medeniýet hepdeligi Mary welaýatynda geçirildi. Biz hem medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, döredijilik adamlary, žurnalistler bolup bu baýramçylyga gatnaşdyk. Medeniýet hepdeligi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze öwüşginde bellenilip geçildi. Mary welaýatynda hepdeläp dowam eden baýrama medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzyň ähli welaýatlardan gelen sungat ussatlarynyň, wäşileriniň dürli ugurlar boýunça çykyşlary, baýramçylyk konsertleri, gülki agşamlary, döredijilik duşuşyklary we maslahatlary gurnaldy şeýle-de täze surata düşürilen türkmen kinofilmleri görkezildi. Mundan başga-da ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň çeper okaýyşlary, welaýatyň ýadygärliklerine gezelençler gurnaldy.
Bu baýramçylygyň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bir günde bellenmeginde hem uly many-mazmun bar. Çünki Magtymguly Pyragy ähli döwürde halkyň umumadamzat şahyry. Onuň poeziýasy bakylyk poeziýasydyr. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny türkmen ykbalyny şahyryň şygryýet dünýäsinden aýry göz öňünde getirmek mümkin däl. Türkmen medeniýeti we sungaty, edebiýaty we dana şahyryň ideýalary biri-birinden aýryp bolmaýan bitewi gymmatlyklardyr, düşünjelerdir.
Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimize degişli “Türkmen medeniýeti”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Ile döwlet geler bolsa” atly ençeme kitaplary halkymyza peşgeş bermegi halkymyzyň medeniýetine goýýan sarpasyndan aýdyň nyşandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen medeniýetine, sungatyna edebiýatyna aýratyn üns berýändiginde uly many, çuňňur mazmun bar. Sebäbi her bir halkyň milli aýratynlygy onuň medeniýeti, sungaty, edebiýaty, aýdym-sazy, poeziýasy bilen açylýar. Arkadagly ýurdumyzda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň mysalynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň mysalynda has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň medeniýet günleriniň dünýä ýurtlarynda geçirilmegi, dünýä halklarynyň medeniýet günleriniň bolsa, Türkmenistan geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.
Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri edebiýat we sungat, medeniýet, poeziýa, aýdym-saz, kino, teatr sungaty, zergärçilik başga-da sungatyň ähli görnüşleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredildi.
Umuman, medeniýet hepdeligi mähribanlygyň, ýürekdeşligiň hem-de duýgularyň baýramçylygydyr.
Men şu pursatdan peýdalanyp, ähli türkmen halkymyzy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzyň sungat işgärlerini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Anna MELÄÝEW,
Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy:
– «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Elbetde, medeniýet we sungat işgärleri üçin bu baýramçylygyň ähmiýeti aýratyn. Sebäbi, ähli sungat ussatlary öz hünär baýramçylygyna aýratyn taýýarlyk görüp, täze eserleri döredip, bu özboluşly toýa sowgatlary bilen barýarlar. Biz hem Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrymyzda täze oýunlardyr, sahnalary goýup, baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýäris.
Teatr adamzat tarapyndan döredilen täsin sungatdyr. Onda janlandyrylýan keşplere bolsa, ömür diýmek bolýar. Çünki ol islendik wakany tomaşaça janly ýagdaýda ýetirip bilýär. Tomaşaçylar tarapyndan oýunlarynyň gyzgyn garşylanmagy üçin bolsa, biz arman-ýadaman zähmet çekip, elmydama täze pikirleriň gözleglerde bolýarys.
Ine, hut geçen aýyň özünde hem ýurdumyzda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal geçirildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Magtymguly Myşşyýewiň «Ene» atly sahna oýny goýlup, onda institutymyzyň talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Festiwalyň jemleri boýunça Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň 5-nji ýyl talyby Mähri Esenowa «Akgözel ejäniň» keşbini ýerine ýetirip, «Ýaş zehin» atly baýrak bilen sylaglandy. Ýaş talyplarymyzyň hem türkmen sungatynyň ösmegine goşýan goşandy biz halypalary diýseň begendirýär.
Medeniýet we sungat işgärleri baýramynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesi berilmegi biz medeniýet işgärleri üçin aýratyn sowgat boldy.
Pursatdan peýdalanyp medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hem ähli Watandaşlarymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn!
Batyr ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti:
– Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýete, sungata, döredijilik adamlaryna hormat goýmagy bilen ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni on ýyl bäri hepdelige öwrülip bellenilýär. Baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. Ine, şu ýyl hem Mary welaýatynda geçirilen toý dabaralaryna bütin medeniýet, sungat işgärleri gatnaşyp hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza özleriniň müň kerem alkyşlaryny aýdýarlar. Şu ýyl medeniýet sungat işgärleriň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli biziň buýsanjymyz, şatlygymyz has-da artdy. Çünki, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna «Akademiki» hukuk derejesi berildi. Bu bolsa, teatr işgärleri üçin şeýle bir uly şatlykly waka. Biziň zähmet çekýän teatrymyza bu derejäniň berilmegi teatrymyzyň däl, bütin ýurdumyzyň teart işgärleriniň şatlygyny, buýsançyny has-da artdyrdy. Şeýle şatlykly wakalaryň, taryhy kararlaryň kabul edilmegi biziň başymyzy göge ýetirdi. Teatrymyza ýokary derejäniň berilmegi, bize Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalaryna mynasyp jogap edip, mundan beýläk hem asuda ýurdumyzda, ajaýyp Watanymyzda işlemäge, döretmäge, täze-täze eserler bilen tomaşaçylary yzygiderli begendirip durmaga itergi berýär.
Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Gowşutgeldi Daňatarowyň režissýorlyk etmeginde “Magtymguly köňül guşy” atly sahna eseri tomaşaçylara görkezildi. Men hem öz gezegimde ähli kärdeşlerimizi, halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärlerini Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Goý, elmydama ýurdumyzda asudalyk bolsun, her bir maşgalada toý bolsun, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan ähli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ýazga geçiren: Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.