Ösüşlerimiz siziň bilen, Arkadag!
Watan mukaddesligi hakda gürrüň edilende, her birimiziň kalbymyzy egsilmez buýsanç duýgusy gurşap alýar. Biz asuda, parahat ýurtda ýaşaýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bagtyýar şu güni Gahryman Arkadagymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen, kämil syýasy ulgamy bolan, adalatly we demokratik jemgyýetli ýurtlarynyň derejesine çykarmagy baş maksadyna öwren mähriban Arkadagymyz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur aldy. Şu ýörelge bilen hem beýik özgerişleriň başyny başlap, berkarar döwletimizi gülläp ösüşleriň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürdi.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti bilen Garaşsyz Türkmenistan gurmak, döretmek babatda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Ýurduň tebigy baýlyklary we giň mümkinçilikleri ulanylyp, ösen ulag-logistika düzümli, ýokary öndürijilikli täze pudaklar hem-de senagat önümçilikleri döredildi. Amala aşyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabat sanlyja ýylyň içinde iň owadan şäherleriň birine öwrüldi, welaýat merkezleri tanalmaz ýaly keşbe girdi, täze obadyr şäherler döräp, medeni-durmuş, saglyk, önümçilik maksatly binalar toplumlary, ylym-bilim ojaklary, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary peýda boldy, täze ýollar, köprüler gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Munuň özi bagtyýar raýatlarymyzyň uly ruhubelentlikde, döredijilikli, ýokary öndürijilikli işläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan bedew batly ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.
«Açyk gapylar» syýasaty netijesinde gaýtadan dikeldilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda deňiz, awtomobil, demir we howa ýollarynyň täze düzümleri peýda bolup, dünýä ýurtlary bilen ähli babatda hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikler açyldy. Eziz Diýarymyz halkara forumlaryň, olimpiadalaryň, sergileriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň geçirilýän ýurduna öwrüldi. Watanymyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklary üstünlikli ýola goýmak bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Bu gün türkmen diýilse, älem tanaýar. Watana sarpa goýmak bilen barha beýgelýän halkymyz asyrlaryň dowamynda agzybirligi, jebisligi dogry ýoluň çelgisi hasap edip gelýär. Zemin ynsan zähmeti bilen görke gelýär, jemgyýet agzybir maşgalalar bilen abadanlaşýar. Hakykatdan hem, agzybirligiň, jebisligiň bar ýerinde döwletlilik we ynanyşmak bolýar. Birek-birege hormat goýmak, sylamak, her bir işe maslahatly başlamak, haýyrly işleriň hatarynda täze maksatlary öňde goýmak we şol maksada ýetmek üçin zähmet çekmek, göreşmek türkmeniň gadymdan gelýän häsiýetidir.
Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň halkymyza eçilen eşretleriniň iň möhümini hem-de ähmiýetlisini sagdynlykda gören Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygy baradaky meseläni ilkinji orunda goýdy. Bu babatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edilip, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy, innowasion usullar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda giň möçberli işler alnyp baryldy.
Esasan-da, nesil dowamatymyz bolan çagalar baradaky alada, sagdyn nesliň kemala getirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biri boldy. Eziz Watanymyzy bagtly çagalygyň ýurduna öwren milli Liderimiz her bir maşgalanyň we raýatyň, röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmak, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagyny, sagdyn bedenli, belent ruhly bolup ýetişmegini üpjün etmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda bimöçber işleri alyp bardy we bu asylly işleri häzirki günlerde hem dowam etdirýär.
Sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen ýurdumyzyň oba hojalygynda, senagatynda, nebitgaz pudagynda, gurluşykda zähmet öndürijiligi ep-esli ýokarlandy. Içerki bazarlary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek ugrunda edilen tagallalar öz oňyn netijesini berdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberleri ep-esli azaldylyp, ak bazarlarymyz ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk, senagat we gurluşyk önümleri bilen baýlaşdy. Nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň önümçilik we serişde kuwwatyny berkitmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barlan işler bu ugurdan täze önümçilikleriň döredilmegine ýardam berdi. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň eksport ugurlarynyň köpeldilmegine getirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz milli Liderimiziň bu beýik işlerini mynasyp dowam etdirýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan iri gurluşyklardan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyklary güýçli depginlerde dowam etdirilýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparlarynda bolup, zähmetkeş halkyň hal-ýagdaýy bilen gyzyklanmagy, ýaşlar bilen duşuşyp, degerli maslahatlaryny, tekliplerini bermegi depämizi göge ýetirýär. Milli Liderimiziň döredýän ajaýyp eserleri bolsa işlemäge, okamaga ruhy güýç berýär. Türkmen halkynda beýik söýgini, synmaz ynamy döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Peder ýoluny ýöredýän Arkadagly Serdarymyza belent maksatly täze tutumlarynda egsilmez rowaçlyklary arzuw edýäris.
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.