Peýdaly maslahatlar

Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri

https://ussatnews.com/storage/posts/3924/original-162d03ab320919.jpeg

Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar. Eýsem olaryň diňe şujagaz hereketleriniň özi ýagşylygyň iň ýagşy nusgasy dälmi näme?! Il arasynda «ýagşylyk ýerde ýatmaz» diýen dana pähim bar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen bu pähim baglar babatda-da özüniň subutyny tapdy. Sebäbi Arkadagly Serdarymyz hut özi güneşli ülkämizi bagy-bossanlyga öwürmek üçin edilýän tagallalaryň başynda durýar. Şeýle bolansoň ýurdumyz günsaýyn gür baglyga öwrülip, ilimizde bag idetmeklige, agaç ekmeklige uly üns berilýär. Bu bolsa islendik ildeşimiziň durmuşyna özüniň oňyn täsirini ýetirmän galanok. Mysal hökmünde dünýä derejesinde agaçlaryň adam durmuşyna ýetirýän peýdasy hakdaky käbir faktlara ýüzlenesimiz gelýär:

Bir düýp agaç ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Bu mukdar üç sany ynsanyň ýylboýy arassa howadan dem almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle-de agaçlaryň howany sazlaýjy hökmünde bitirýän hyzmatlary hem bimöçberdir. Has hem yssylygy özüne çekýän asfalt ýollar, beton binalar köp bolan uly şäherlerde dogry gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň temperaturasynyň 10-12 gradus salkyn bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de geçirilen barlaglar gök-ýaşyl gurşawa eýe bolan ýerde ýaşaýanlaryň, agaçlyk we baglyk az ýa-da ýok ýerde ýaşaýanlara garanyňda has keýpiçag, tutanýerli bolýanlygyny görkezdi. Baglaryň adam ruhuna täsiri hökmünde penjiresinde agaçlar-baglar görünip duran hassanyň beýlekilere garanyňda has tiz aýaga galýandygyny baradaky mysaly hem getirip bileris. Mundan başga-da, her bir tokaý bölejigi her ýyl 25-50 tonna mukdardaky çaň-tozanlary özüne siňdirip biziň tämiz howadan dem almagymyz üçin uly hyzmaty ýerine ýetirýär.

Biziň getiren mysallarymyz agaçlaryň we baglaryň adam saglygyna, onuň durmuşyna ýetirýän oňyn täsirleriniň diňe bir bölejigi. Bu sanawy näçe dowam etseň edip oturmaly. Ýöne diňe şu getirilen mysallardan ugur alsak hem her ýyl ýazda we güýzde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbüniň ekilmegi, her bir türkmenistanlynyň sagdyn bolmagy, ýurdumyzyň sergin howaly jenneti mekana öwrülmegi üçin edýän aladadyr.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.