Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.
Gün şöhlesi bedeni pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, ýüregiň myşsalaryny işjeňleşdirýär we başga-da bedende bolup geçýän hadysalara oňyn täsir edýär. Şeýle-de bolsa, Günüň astynda aşa köp durmagyň özüne ýeterlik zyýanly taraplary bar. Şonuň üçin howa şertlerine görä, kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny içmek örän möhümdir. Tomusda günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmek maslahat berilýär.
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalaryň we möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, saglygy goraýyş-dikeldiş çärelerini yzygiderli geçirip durmak, lukmana görünmek hem-de bellenen düzgünleri berjaý etmek möhümdir.
Gün urmada adamyň kellesi gyzýar, ýadawlyk, gowşaklyk, kellagyry, başaýlanma, göz öňüniň garaňkylamagy peýda bolýar we beden agzalarynda agyry döreýär. Şeýle ýagdaýlarda, Gün uran adama ilkinji kömegi wagtynda ýetirmek zerurdyr. Ynsan bedeni howa şertleriniň ýaramazlaşmagyna uýgunlaşyp bilýär, munuň üçin sport bilen meşgullanmak, dürli türgenleşikleri geçirmek, suwda ýüzmek, säher bilen gezelenç etmek, ýeňil ylgamak, ýokary temperatura bedeni ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirmek ýeterlikdir.
Günüň çogly şöhlesinden goraýan ýörite ýaglaryň, derman serişdeleriniň, kremleriň bardygyny hem bellemek gerek. Elbetde, bu serişdeleri ulanmazdan öň, lukman bilen maslahatlaşmak zerurdyr. Sebäbi, şeýle serişdeler adamlara dürli-dürli täsir edip bilýär. Ýatda saklaň! Tomus paslynda artykmaç duzly, süýji, ýagly, agyr özleşdirilýän önümleri ulanmak zyýanlydyr.
Muhammetdurdy KASYMOW,
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň bölüm müdiri.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.