Dünýäniň iň iri suw bentleri
Akar suwuň öňüne bent gurup, onuň güýjünden önümçilik üçin peýdalanyp bolýandygyna göz ýetireli bäri, adamzat jemgyýeti dünýäde iň iri, iň beýik suw bentlerini bina edipdir.
Dürli maksatlar, şol sanda elektrik energiýasyny almak üçin bina edilen bu täsin bentleriň gurluşygyna girişen hünärmenler, eýýamlar geçip, öz miras galdyran suw bentleriniň syýahatçylaryň hem ünsüni çekjekdigi barada, belki, pikirem eden däldirler. Ýöne bu, hakykatdan-da, şeýle.
Häzirki wagtda dünýäde suwdan elektrik energiýasyny almak üçin gurlan suw bentleriniň arasynda beýikligi boýunça ilkinji orun Täjigistanda, Nurek şäheriniň golaýynda ýerleşýän Nurek gidroelektrik stansiýasynyň bendine degişli edilýär. Taslama işlerine XX asyryň ortalarynda girişilip, 1972-nji ýylda ulanyşa girizilen bu bendiň beýikligi 304 metre barabardyr. Onuň Wahş derýasynyň boýunda ýerleşýän suw saklaýjy howdany hem eýeleýän meýdany boýunça dünýäde iň uly suw howdanlarynyň biridir. Onuň meýdany 98 inedördül kilometre deňdir.
Elektrik energiýasyny almak üçin gurlan suw bentleriniň sanawynda öňdäki orunlaryň birini hem Hytaýdaky Lasiwa bendi eýeleýär. Onuň beýikligi 250 metre barabardyr. Ol Sary derýanyň boýunda bina edilip, 2009-njy ýylda ulanyşa girizildi.
Şeýle-de Şweýsariýanyň Klezon-Diksens bendi özüniň beýikligi hem-de dag belentliklerinde ýerleşendigi bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Bu desgalara syn etmäge gelen syýahatçylar şol bir wagtda töweregiň ajaýyp gözelliklerinden hem lezzet alyp bilýälrer.
Asyr ÝAZMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşykinstitutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.