ÝAŞLAR SYÝASATYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanda ýaşlar syýasaty babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ylym, bilim, sanly ulgam, sport we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekili, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň öwreniji mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy, şeýle-de institutyň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilişi barada aýratyn nygtadylar. Watanymyza, halkymyza ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlaryň hünärleri kämil ele almagy, şonuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegine uly talap bildirilýändigi olaryň ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri, halkara giňişlikde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilmekleri zerurlygy barada nygtadylar.
Şeýle-de maslahata gatnaşyjy talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatynda alyp barýan syýasatyny goldap, özleriniň teklipleri bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzda ýaşlaryň kämil derejede ösüp kemala gelmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine sagbolsun aýtdylar.
Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.