Brokkol keleminiň peýdasy
Brokkol kelemi birýyllyk ýabany ösümlik bolup, reňkli kelemler maşgalasyna degişlidir. Mineral maddalaryndan kaliý, kalsiý, fosfor, sink, natriý we demir, şeýle-de, belogyň köplügi bilen beýleki kelemlerden tapawutlanýar. 100 gram gaýnadylan kelemi iýmeklik bedeniň bir günki C witamine we karotine bolan talabyny kanagatlandyrýar. Brokkol kelemi diňe bir keselleriň öňüni almak üçin däl-de, eýsem, käbir keselleri bejermek üçin hem peýdalydyr. Brokkol kelemi güllän wagtynda gülüniň düzüminde sulforafon maddasynyň bardygy üçin bedende rak keselini döredýän öýjükleriň köpelmegine garşy durýar. Onuň baldagyndaky peýdaly maddalar aşgazandaky sowuklama, ýara keselini bejermek we semizlikden ejir çekýänler üçin peýdaly iýmitdir. Iýmit siňdirişi gowulandyrýar, içegedäki gerek bolmadyk zyýanly maddalary çykarmaga kömek edýär we içegedäki çiş keselleriniň öňüni alýar.
Brokkol keleminden işdäaçar taýýarlamak üçin 200-300 gram kelemi we 1-2 sany käşiri bilelikde duz atylan suwda birsalym gaýnatmaly, kelemi dogramaly, käşiri gyrgyçdan geçirmeli, 1 sany duzlanan hyýary, 50 gram ýaş sogany ownuk edip dogramaly hem-de hemmesini bilelikde garyşdyrmaly we 1-2 nahar çemçesi ösümlik ýagyny, islegiňe görä ajy burç we duz atmaly. Şeýle taýýarlanan işdäaçar siziň saglygyňyz üçin örän peýdalydyr.
Taýýarlan Abadan BERDIÝEWA,
TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.