“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby arap dilinde neşir edildi
Paýtagtymyzda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çärä gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplar, daşary ýurtlaryň we türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sanly aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş çäresine Birleşen Arap Emirliklerinden alymlar we hünärmenler hem goşuldylar.
Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi-filosofik eseriniň milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dowamatlylygyny üpjün etmäge hem-de mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam etjekdigini biragyzdan bellediler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr.
Ynsanyň gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär.
Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy döwlet Baştutanymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.
Bu kitabyň eýýam hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin, ukrain we türk dillerinde terjime edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çuň many-mazmunly eseriniň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň arap dilinde hem neşir edilmegi halkymyzyň taryhyna, däp-dessurlaryna hem-de baý mirasyna ählumumy gyzyklanmanyň barha artýandygynyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, daşary ýurtly okyjylar türkmen halkynyň medeniýeti, onuň filosifiýasy, özboluşlylygy, parasatly ahlak pähim-paýhaslary barada gözýetimini has-da giňeltmäge ýene-de bir ajaýyp mümkinçiligi aldylar. Munuň özi, gürrüňsiz, Türkmenistanyň arap dünýäsiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam eder.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.