Atda gezelenç etmegiň peýdasy
Türkmeniň behişdi ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň, baý geçmişiniň aýrylmaz bölegi bolup, gymmatly milli baýlygymyz hasaplanýar. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň barlaglary atda gezelenç etmegiň ynsan bedenine edýän peýdasyny, ruhuňy göteriji, şähdiňi açyjy aýratynlyklaryny ýüze çykardy.
Bedewiň tebigy gözelligi, düşbüligi, duýgudaşlygy, şeýle hem oňa dakylan esbaplaryň, şaý-sepleriň nepisligi, owadanlygy ynsanyň ruhuny belende göterip, bedene saglygy dikeldiji täsirini ýetirýär. At üstünde gezelenç etmek adamy gündelik aladalardan saplaýar, göwni ganatlandyrýar, pikiriňi durlaýar.
Türkmen halkynda «Bedew münen hassa sagalar» diýilýär. Hut şonuň üçin-de, bejergi üçin at münlende, eýer ulanylmaýar, bu bolsa bedewiň hereketiniň we endamynyň gyzgynynyň ynsan bedenine peýdaly täsirini has-da artdyrýar. At münmek adamyň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligini artdyryp, takyklyk, ynamlylyk häsiýetlerini, göwräňe çeýe erk etmegi, deňagramlylygyňy saklamagy ösdürýär. At münmek beden synalarynyň hereketini işjeňleşdirýär, bil-oňurga, myşsa işjeňliginiň bozulmalarynda netijeli täsir edýär.
At üstünde gezelenç etmek gadymy zamanlardan bäri sagaldyjy fiziki hereket hökmünde ýygy-ýygydan ulanylypdyr. Belli filosof Gippokrat şeýle gezelenji her bir adama maslahat berip, onuň peýdalary dogrusynda aýratyn belläp geçipdir. Häzirki döwrüň lukmançylygynda at bilen bejergi «ippoterapiýa» adyna eýe bolup, ol dünýä ýüzünde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Lukmanlar at üstündäki gezelençde ýa-da çapyşykda adamyň beden myşsalarynyň ähli toplumynyň hereketde bolup, ol semizlikden gutulmaga, ýürek-damar işjeňligini sazlamaga, dem alyş ýollarynyň açylmagyna peýdasyny belleýärler.
Mekan GAÝYPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.