Zeýtun — witaminleriň we minerallaryň gory
Zeýtun witaminleriň we mikroelementleriň baý toplumyny özünde saklap, oňa «Ortaýer deňziniň suwuk altyny» diýilýär. Bu täsin önümden taýýarlanylýan zeýtun ýagy bolsa durmuşda giňden ulanylýar. Witamin ýetmezçiliginiň öwezini dolýan zeýtun gündelik iýmitlerde, lukmançylykda, halk tebipçiliginde gymmatly serişde hasaplanýar.
Witamin ýetmezçiligi ynsan bedeniniň işinde dürli näsazlyklaryň peýda bolmagyna getirýär. Meselem, A witaminiň ýetmezçiligi görüşiň bozulmagyna we bedeniň umumy gorag funksiýalarynyň gowşamagyna, ýygy-ýygydan sowuklama we deri bilen bagly nähoşluklara sebäp bolýar. B witaminleriniň ýetmezçiligi bolsa, adatça, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň bozulmagy, aşgazan asty we bagyr keselleri bilen häsiýetlendirilýär. Bedende C witaminiň ýetmezçiligi gan damarlarynyň, süňkleriň we dişleriň diwarlarynyň döwülmegine getirýär. Bedende beýleki peýdaly elementleriň we witaminleriň azalmagy sebäpli ýüze çykýan ýetmezçilik, iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmagyna, saçyň haýal ösmegine, gormonal bozulmalara we başga-da köp hadysalara getirip bilýär. Hut şonuň üçin-de, lukmanlar witamin we mineral gory hasaplanýan zeýtuny we onuň ýagyny gündelik ulanmagy maslahat berýärler. Zeýtun bedeni iýmit we ýokumly maddalar bilen wagtynda üpjün edip, saglygymyzy goramakda uly ähmiýete eýedir.
Zeýtun ýagynda A we B witaminlerinden başga-da, süňk dokumalaryny, myşsalary we içege diwarlaryny berkitmäge kömek edýän E, D, K witaminleri bar. Bu witaminler erkin radikallara garşy göreşýär we tutuş organizmiň işine uly goşant goşýar. Zeýtun ýagynda ýag kislotalarynyň 55-83% -i bar, olaryň sarp edilmegi ganyň holesteriniň derejesini peseldýär we olaryň döremeginiň öňüni alýar, ýürek-damar keselleriniň howpuny azaldýar.
Zeýtunyň etinde şeker, beloklar, pektinler, şeýle hem beden üçin möhüm bolan C witamini, karotin we B witaminleri bar. Zeýtuny iýmitde yzygiderli ulanmak iýmit siňdiriş ulgamynyň we bagryň işleýşini gowulandyrýar.
Humaý DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.