Makalalar

Sanlylaşdyrma ýurdumyzyň KHBS-niň ösmegine ýardam edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/4384/original-1633bb618ede66.jpeg

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe Türkmenistanda multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawa uýgunlaşmak boldy. Amerikaly mediaçy Uorren Baffet baryp 2009-njy ýylda täzelik häsiýetli döwürleýin metbugat neşirleri üçin üýtgeşik geljegiň ýokdugyny aýdýar. Ine, bu gün bolsa, žurnalistikada habarlary täze görnüşde bermegiň dessinliginiň ilkinji hatara çykýan döwründe biz şol sözleriň hakykatlygyna göz ýetirýäris.

Žurnalistikany multimedialaşdyrmagyň gözbaşyny taryhyň jümmüşinde görmek bolýar, şonda adamyň habar bermek babatda dürli ugurlary we tärleri yzygiderli utgaşdyrmak hyýaly ösüp başlaýar. Munuň şeýledigine Gadymy Rimdäki protožurnalistikanyň häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. Şonda ilkinji habarlar (afişalar, bildirişler) daşyň, misiň we mermeriň ýüzünde oýulyp ýazylypdyr ýa-da şonuň üçin niýetlenen jaýlaryň ýörite agardylan diwarlarynda ýa-da agaç tagtalarda ýazylypdyr. Şonuň ýaly habar beriş serişdeleri ýazgydan başga-da, suratlary we barelýefleri hem öz içine alypdyr, bu bolsa, habar bermegiň dürli platformalarynyň ulanylandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, kommunikasiýalaryň azyndan ikisiniň – ýazuw we wizual görnüşleriniň ulanylandygyna şaýatlyk edýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini multimedialaşdyrmak işi eýýäm XX asyrda has aýdyň ýüze çykýar, şonda radio we metbugat goşulyp, gazet täzelikleri diktor tarapyndan okalyp başlanýar ýa-da telewideniýäni ösdürmegiň başlangyç döwründe ulanylýar.

Internetiň peýda bolmagy we giňden ýaýramagy bolsa multimedia žurnalistikasynyň ösmegine uly itergi berýär. Şeýlelikde, XX asyryň 90-njy ýyllaryndan bäri bu iş üznüksiz dowam edip gelýär. Şonda dürli habar beriş gurşawlarynyň mehaniki birleşmesi hökmünde kowergensiýadan žurnalistiň işiniň täze görnüşlerini we usullaryny özünde jemleýän multimedialylyga geçmek işi has-da işjenleşýär.

Emma munuň üçin hem wagt gerek bolýar. Internetde çykyp başlan metbugat neşirleriniň ilkibaşda öz web-saýtlary bolmansoň, olar ýönekeý ýazgy görnüşindäki elektron nusgasy bilen çäklenmeli boldular. Wagtyň geçmegi bilen žurnalistika täze görnüşe uýgunlaşmaga çalyşýardy, neşirleriň saýtlary döräp başlady şeýle-de ilkibaşda “oflaýn” görnüşi bolmadyk onlaýn-taslamalar peýda bolýar.

Häzir kagyz gazetleriň abuna sanynyň pese gaçyp, mahabat berijileriň azalýan wagty täze döredilýän web-saýtlar habar beriş serişdeleriniň derejesine eýe bolýar, olaryň internet-ulanyjylaryň sany bolsa okgunly artýar.

Häzir dünýäde uly meşhurlyk gazanan döwrebap multimediýa žurnalistikasy döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde uly orun eýeleýär. Habarlary kommunikasiýanyň iki we has köp ýaýlymlarynyň üsti bilen ýa-da Internet arkaly birnäçe formatda ýaýratmaga mümkinçilik döretmek bilen, täze žurnalistika täzelikleri okyjylaryň giň toparyna dessin ýetirmek mümkinçiligine eýe boldy.

Habarlary ýaýratmagyň bu usuly habar beriş serişdelerinde konwergensiýa (ýakynlaşdyrma) işi bilen berk bagly bolup, ol maglumatlary ibermek üçin ulanylýan tehnologiýalaryň hem-de medianyň dürli görnüşleriniň birleşmegini üpjün edýär. Žurnalistiň hem işiniň gerimi giňelýär, ol telewizionçynyň, suratçynyň, radio hünärmeniniň iş endiklerine eýe bolmak bilen, oňat kadra we herekete bolan ýokary duýga, şeýle hem sesleri we ýarym tonlary, inter sesleri ussatlarça duýmak başarnygyna eýe bolýar. Şol birwagtda söz ussady bolmak endigi hem goşulýar. Şeýlelikde, häzirki zaman žurnalistiniň işinde foto, wideo, infografika, interaktiw iş endikleri, habarlary taýýarlamak ýaly işler utgaşýar.

Bu gün multimedia žurnalistikasy sözüň doly manysynda tele, radio, gazet žurnalistikasy bilen bir hatara çykdy.

Häzirki wagtda multimedia žurnalistikasy habarlary ýazmak we ibermek işine düýpli täsir edýär hem-de habar beriş serişdeleriniň bir aýratyn ugry hökmünde ykrar edilýär. Bu ugur habarlary ýazmagyň aýratynlygyna, redaksiýalaryň işine hem-de habarlary peýdalanmagyň häsiýetine güýçli täsirini ýetiryär.

Şeýle hem häzir internet ulanyjylary habarlary ýazmaga gatnaşmak mümkinçiligine eýe bolýar. Bu bolsa hünärli žurnalistler bilen ýazýan ulanyjylaryň arasyndaky bäsdeşligi emele getirýär. Bu bäsdeşligi goldamak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri okyjynyň ünsüni täze usullar bilen, adatça, şekilli maglumatlar, fotosuratlar bilen çekmeli bolýarlar. Bu ýagdaýda multimedia žurnalistikasynyň esasy žanry – multimediýa longridi hem döreýär. Ol internetden peýdalanýanyň habary kabul ediş ukybyny kem-kemden ýitirmegi bilen emele gelýär, şonuň üçin habary hökman wizuallaşdyryp, infografikany, wideorolikleri, interaktiw illýustrasiýalary, sitatalary öz içine alýan serişdeler toplumyny çekmek gerek bolýar. Bularyň hemmesi okyjyny habaryň wakalaryna “çümdürip”, onda dahyllylyk täsirini döretmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýazgy maglumat bermegin esasy elementi bolmagyny bes edýär.

Häzirki zaman multimedia žurnalistikasynyň çäklerinde habarlary döretmegiň özboluşlylygy redaksiýalaryň işi üçin hem belli bir düzgünleri kesgitledi. Žurnalistikanyň multimedialaşdyrylmagynyň her bir hünärmeniň we tutuş redaksiýanyň köne endiklerini düýpli üýtgedýändigini bellemek gerek. Habar bermegiň tizliginiň we köpdürlüliginiň häzir okyjylar üçin esasy şertler bolup durýanlygy sebäpli redaksiýalarda köpugurly žurnaliste işleg artýar. Şeýle hünärmen habarlarydyr maglumatlary taýýarlamagyň usullarynyň birini ýa-da birnäçesini – wideo, audio ýazgy etmegi, surata düşürmegi, uly bolmadyk söhbetdeşlikleri ýazga geçirmegi başarýar.

Redaksiýalaryň öňünde bir mesele örboýuna galýar – habarlary döretmegiň ýokary tizligini talap etmek bilen kesgitlenen aýlyk haky üçin žurnalistlerden täze hem-de has çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmegini nädip talap edip bolar. Çünki häzir multimedia žurnalisti diňe ýazmagy, surat almagy we wideo montaž etmegi başarmak bilen çäklenmän, eýsem, ol multimedia usulynda oýlanmagy başarýan, multimedia taslamalaryny döredijileriň toparynda öz üstüne dürli wezipeleri alyp bilýän hünärmen bolmalydyr.

Elektron habar beriş serişdeleri döredilende redaksiýanyň işgärleriniň bu döredijilik işine düşünmek bilen garamagy, onuň ösüşine gyzyklanma bildirmegi, toparyň her bir döredijilik üstünligine guwanyp bilmegi zerur bolup durýar.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.