Ananas – peýdaly miwe
Watany Günorta Amerika hasaplanylýan ananasy ösdürip ýetişdirmek XIX asyryň başlarynda has-da giň gerime eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bu miwe Taýlandda, Flippinlerde we Braziliýada köpçülikleýin öndürilýär. Ananasyň süýji, ýakymly ysly we şireli miwesi ony köpleriň islegli miwesine öwürdi. Şeýle-de, onuň beden üçin peýdaly aýratynlyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Bedendäki artykmaç ýaglary ýakmakda, içegeleriň, iýmit siňdiriş ulgamynyň we aşgazan asty mäziniň işleýşini gowlandyrmakda ananasyň peýdasy uludyr. Şeýle-de, bu miwe horlanmak isleýän adamlar üçin gerekli önümleriň biridir. Ananas minerallaryň hazynasydyr. Onuň düzüminde ýod, marganes, magniý, kalsiý, fosfor, kaliý, sink we mis ýaly elementler bar. Onda А, В, С, РР witaminleri bolup, 100 gram iýmitlik gymmaty 49 kkal, düzüminiň 15 göterimi şeker we 86 göterimi suw bolanlygy sebäpli hem ananasyň eti örän süýji we şirelidir.
Ananas bronhit, öýken, aşgazan asty mäziniň kesellerinde, bagryň we böwrekleriň kemçiliginde, gipertoniýa, ateroskleroz, ýürek-damar, newrologiki näsazlyklarda we başga-da ençeme ýagdaýlarda giňden ulanylýar. Miwäniň düzüminde kaliýniň köp bolmagy bedende bar bolan artykmaç suwuklyklary çykarmakda ähmiýetlidir. Ananasda bromelain (ýörite ferment toplumy) bar, ol bolsa bedende beloklaryň we ýaglaryň çalt bölünmegini üpjün edýär, şonuň üçin bu miwe horlanmaklykda ähmiýetlidir.
Miwe kislotalarynyň köp bolmagy sebäpli, ananas gastrit, ýokary turşulyk we aşgazan ýarasy bolan adamlar üçin zyýanlydyr. Hamyla zenanlara hem ananasy iýmitinden aýyrmak maslahat berilýär. Ananasda köp mukdarda C witamini bar. Gündelik beden üçin gerek bolan askorbin kislotasyny ananasyň 200 gramyny iýmek bilen alyp bolar. B witaminleri (B1, B2, B6) metabolizmi kadalaşdyrmaga, içegäniň işleýşini gowulaşdyrmaga, şeýle hem beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň siňmegine kömek edýär. A witamini bolsa bedenden erkin radikallary aýyrýan ajaýyp antioksidantdyr.
Röwşen AMANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.