Arpa dänesiniň peýdasy
Arpa dänesi galla önümi bolup, çalt bişmegi we has-da peýdaly bolmagy üçin daşy gabyksyz ýagdaýda alynýar. Ol, esasan çorbaly naharlara, işdäaçarlara goşulýar we agyr nähoşluklarda we saglygy dikeltmekde ulanylýar. Dänäniň düzüminde peýdaly elementler kän mukdarda saklanýar. Arpa dänesi gadymy zamanlarda hem iýmit hökmünde ulanylypdyr, ol «soltanlaryň iýmiti» adyna eýe bolupdyr.
Arpa dänesinde saklanýan lizin elementi bedeniň garramak hadysalaryna garşy göreşmekde, ýygyrtlaryň döremeginiň öňüni almakda netijelidir. Däne mikroelementlere we witaminlere örän baý hasaplanýar. Onda köp mukdarda kaliý, demir we kalsiý bar. Şeýle-de düzüminde mis, sink, marganes, molibden, kobalt, ýod, hrom, brom we fosfor ýaly elementler saklanýar.
Düzümindäki witaminleriň köpdürlüligi dänäniň esasy artykmaçlygydyr. Onda В, А, D, Е, РР witamin toplumlary bar. Meselem, arpa dänesindäki antioksidantlar tüwiniň düzümine garanyňda üç esse köpdür. Arpa däneleri saýlanylanda, onuň reňkine üns bermeli. Olar ak, sarymtyl reňkde bolmaly, gara reňkdäki däneleri almakdan saklanmaly. Däneler gury, howasy ýetik gaplarda 6-10 aýyň dowamynda saklanýar.
Arpa dänesiniň peýdasy özboluşly himiki düzümi bilen baglanyşyklydyr. Ol howply çişlere garşy netijeli göreşý är, bedenden toksinleri çykarmaga kömek edýär, dişleriň, süňkleriň we iýmit siňdiriş ulgamynyň umumy ýagdaýyny gowulandyrýar we artykmaç agramyň, ýaglaryň döremeginiň öňüni alýar.
Şöhrat ABDYRAHMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.