Nebithimiýa geljegi uly pudak
Nebithimiýa pudagy agyr senagatyň has ösen ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol nebiti we tebigy ýanyjy gazlary gaýtadan işlemeklige esaslanýan sintetik materiallaryň we önümleriň taýýarlanmagyny öz içine alýar. Bu ýerde esasy çig mal çeşmesi uglewodorodlar bolup durýar. Ýurdumyzda bu pudagyň ösüşiniň beýlekilerden okgunly depginleri bilen tapawutlanýandygyny, önümçiligiň netijeliliginiň yzygiderli ýokarlanýandygyny, täze usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, enjamlaryň innowasion nusgalarynyň işlenip düzülýändigini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) we onuň esasy düzüm birligi bolan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýyl-ýyldan döwrebaplaşýan önümçilikleriniň mysalynda anyk görmek bolýar.
Mälim bolşy ýaly, çykarylýan nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmek we möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebithimiýaçylarynyň öňünde goýan esasy wezipeleriniň biridir. Soňky ýyllarda TNGIZT-de täze tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde ekologik taýdan arassa täze önümleriň çykarylyp başlanmagy bu wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär. Üstümizdäki «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde bu ýerde nebit önümleriniň täze görnüşiniň — Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde K5 ekologik talaplarynyň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalar berlen täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanandygy, galyberse-de geçen ýylyň tomsunda Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Kanadanyň raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň, şol sanda «Airbus» we «Boeing» uçarlarynyň gazturbinaly hereketlendirijilerinde ulanylýan Jet A-1 uçar ýangyjynyň, galyňlygy 20,25 we 30 mikrometr bolan gaplaýjy örtüklere goşmaça süýji önümleri we sowgatlar gaplananda ulanylýan galyňlygy 35 we 45 mikrometr bolan ak sadap polipropilen örtüginiň, oba hojalyk işlerini geçirmek üçin ozal daşary ýurtlardan satyn alynýan AN-2 ýeňil bir motorly uçarlar üçin benziniň önümçilikleriniň ýola goýlandygy diýseň guwandyryjy ýagdaý bolup, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly itergi berdi.
Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen geleşiklerde zawodlar toplumynda öndürilen täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň ilkinji möçberleri dünýä bazarlarynda ýerlenildi. Nebit önümleriniň ilkinji tapgyry Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň kompaniýalary tarapyndan satyn alyndy. Ýeri gelende aýtsak, zawodlar toplumynyň ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri giň ugurlar boýunça, ýagny Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine eksport edilýär.
Nebithimiýa uglewodorod çig malyny (nebit fraksiýalary, tebigy we ugurdaş gazy) himiki taýdan çuňňur gaýtadan işleýän önümçilikleri öz içine alýan himiýa senagatynyň pudagydyr. Dünýäde nebithimiýa önümçiliginiň işjeň we okgunly ösüşi ХХ asyryň başlaryna gabat gelýär. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda onuň ösüş depginine dünýä önümçiliginiň möçberi boýunça baha bermek bolýar: 1950-nji ýyl — 3 mln tonna, 1960-njy ýyl — 11 mln tonna, 1970-nji ýyl — 40 mln tonna, 1980-nji ýyl—100 mln tonna. 1990-njy ýyllarda nebithimiýa önümleri dünýä boýunça organiki maddalaryň önümçiliginiň ýarysyndan gowragyny we tutuş himiýa senagatynyň önümleriniň üçden bir böleginden gowragyny düzýärdi.
Soňky onýyllyklarda uglewodorodlary ýeriň jümmüşinden çykarmak gazyp alýan senagatyň iň bir möhüm pudagynyň birine öwrüldi. Nebit önümleriniň önümçiligi meselesi, iň bolmanda, ýangyjyň adaty görnüşlerinde işleýän awtoulaglaryň işjeň ulanylmagy sebäpli öňdäki orna çykdy. Ýöne nebit önümçiligi diňe onuň bilen çäklenmeýär. Çylşyrymly komponent düzümine baglylykda, nebitden we nebit önümlerinden rezin, plastmassa, eredijiler, dökünler, hatda dermanlyk serişdeleri we azyk önümleri hem öndürilýär. Nebithimiýa nebit önümlerinden şu önümçilikler üçin çig maly sintez etmek bilen meşgullanýar.
Häzirki zaman nebithimiýanyň döremegi uglewodorodlaryň düzüminiň, gurluşynyň we häsiýetleriniň hem-de nebitiň geteroatom komponentleriniň çuňňur öwrenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Nebit senagatynda çig nebit guýulardan alynýan görnüşinde ulanylman, bada-bat turbageçirijiler ýa-da tankerler arkaly nebiti gaýtadan işleýän zawoda ugradylýar. Emele geliş şertlerine baglylykda, onuň örän çylşyrymly düzümi bolansoň, nebitiň dürli görnüşlerini aýrybaşgalaşdyrýarlar. Mundan başga-da, olaryň islendik görnüşi dykyzlylyk häsiýetnamalaryna we gaýnama temperaturasyna baglylykda birnäçe fraksiýalara bölünýär. Fraksiýalara bölünmegi ony gaýtadan işlemegiň usullaryny we netijede çig nebitiň anyk görnüşinden alynjak önümleriň mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Nebithimiýa önümlerine maddalaryň üç synpy: uglewodorodlar, kükürt birleşmeleri we naften kislotalary degişlidir. Nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önüm üçin esasy çig mal uglewodorodlar bolup durýar. Olaryň arasynda iň ýönekeý önümler metan, etan, propan we butandyr, soňky üçüsi parafinlerdir, olar soňra himiki taýdan olefinlere gaýtadan işlenilýär. Aromatiki ulewodorodlara benzoly, tuluoly, ksiloly degişli edýärler. Metany gaýtadan işlemek bilen metanol, ammiak, metilhlorid birleşmeleri alynýar. Olardan, degişlilikde, antifriz, ammiak dökünleri we kislotalar, eredijiler öndürilýär. Uglewodorodlardan köp mukdarda soňra polimerleri, eredijileri, himiki süýümleri öndürmek üçin etilen ýa-da etil spirti alynýar. Beýleki önümler çylşyrymly himiki reaksiýalar arkaly alynýar, olar ýangyç, çalgy, erediji we partladyjy maddalaryň esasy çig maly ýa-da aralyk önümleri bolup durýar.
Nebiti we gazy gaýtadan işlemekde tehnologik prosesleriň aglabasy çig maly bölmäge, soňra bolsa, taýýar ýa-da aralyk önümleri almaga gönükdirilendir. Häzirki günde has giň ýaýrany kreking, şeýle hem gaýtadan işlemegiň dürli tehnologiýalaryny kombinirlemek bolup durýar.
Nebiti we gazy gaýtadan işlemek bilen motor ýangyjyny almak katalizi senagat taýdan ulanmakda esasy bolup durýar. Tehnologik üpjünçilik jähtden öňdebaryjy ýurtlarda nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugy 90%-e ýetýär.
Nebithimiýa senagatynda hiç bir proses katalizatorlary ulanmazdan amala aşyrylmaýar. Katalizatorlaryň bolmazlygy energiýa çykdajylarynyň artmagyna getirýär, şeýle hem köp prosesleri amala aşyrmaga mümkinçilik bermeýär. Meselem, motor ýangyjyny almak üçin nebit himiki taýdan gaýtadan işlenilýär. Bu proses kreking ady bilen bellidir. Ony ýokary temperaturany we alýumosilikat katalizatorlary ulanmazdan amala aşyrmak mümkin däldir.
Nebithimiýa senagatynda önümleriň köp görnüşi öndürilýär. Olaryň senagatyň köp pudaklarynyň ösmeginde we durnukly işlemeginde ähmiýeti örän uludyr. TNGIZT-de nebiti gaýtadan işleýän we nebithimiýa pudaklarynyň önümleriniň ähli görnüşleri öndürilip, olar ekologik standartlara doly gabat gelýär. Ýokary oktanly etilirlenmedik awtomobil benzini, awiasion, ýagtylyk we tehniki kerosinler, suwuklandyrylan uglewodorod gazy, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, ýaglaryň onlarça görnüşleri, polipropilen, nebit koksy, ýokary hilli ýol we gurluşyk bitumy, az kükürtli mazutlar kärhananyň esasy önümçilikleridir.
Dünýä tejribesinde nebithimiýa önümçiliginiň prosesinde zyýanly maddalaryň zyňyndysyny maksimal derejede azaltmak maksady bilen täze, häzirki zaman galyndysyz tehnologiýa işlenip düzüldi. Bu usulyýetiň mazmuny bölünip çykýan maddalaryň we komponentleriň ählisini soňra ulanmak bilen gaýtadan işlemäge sezewar edilýänligindedir. Eger gaýtadan işlemek mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda olar zyýansyzlandyrylýar we ütülleşdirilýär.
Türkmenistan nebit we nebithimiýa senagatynyň önümçiligini ösdürmek babatda tagallalaryny täze ýataklary özleşdirmeklige, gazylyp alynýan çig malyň möçberlerini artdyrmaklyga, çig maly gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaklyga, nebithimiýa senagatynyň önümlerini gaýtadan işlemekde galyndysyz usullary ulanmaklyga gönükdirýär. Şunlukda, nebithimiýa senagatynyň önümçiliklerinde ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegi örän uly ähmiýete eýe bolup durýar. Onuň üpjün edilmegi tebigy gurşawymyzy nesillerimize miras galdyrmaga mümkinçilik berer.
Oraznazar HEŞDEKOW,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.