Peýdaly maslahatlar

Çaganyň saglygyny goramak

https://ussatnews.com/storage/posts/4474/original-1634f8aed668da.jpeg

Irki ýaşlarda çagalaryň bedeninde yzygiderli üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde olaryň saglygyny berkitmek, möwsümleýin kesellerden goramak, daşky gurşawa we onuň şertlerine uýgunlaşmagyny gazanmak her bir ene-atanyň wajyp aladasy bolup durýar. Çagalaryň sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerine ýykgyn etmegini, dogry iýmitlenmegini, pasla görä geýinmegini, akyl we ruhy taýdan sagdyn ösmegini gazanmak zerurdyr.

Ösüp barýan çaganyň immun ulgamynyň berk bolmagynda witaminleriň we peýdaly elementleriň orny uludyr. Nädogry iýmitlenmek, fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi ýa-da gereginden artykmaçlygy, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi çaganyň immun ulgamynyň pese düşmegine getirýär. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawynda bolup geçýän her bir hadysa çynlakaý üns berip, gören, eşden zatlaryny çalt kabul edýär. Şonuň üçin bu döwürde ulularyň göreldesi çaganyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Irki ýaşlardan çagada sporta, sagdyn iýmitlenmäge höwesi döretmek we muny endik etdirmek uly ýaşlylaryň özlerine bagly bolup durýar.

Çaganyň iýmitine üns bermek wajyp wezipeleriň biridir. Irki ýaşlarda beden üçin has gerekli maddalaryň biri-de belokdyr. Ösümlik belogy däneli önümlerde we hoz, maňyz, pisse ýaly iýmişlerde köp mukdarda saklanýar. Mundan başga-da, çaga organizmine aminokislotalar gerek. Bedeniň işjeňliginde uly orun eýeleýän maddalardan ýene biri hem ýaglardyr. Onuň düzüminde çaganyň saglygy üçin wajyp bolan A we E witaminleri bar. Çaga üçin süýt, ýumurtga we peýdaly ýag önümleri ýagyň sagdyn çeşmeleridir. Şeýle-de bolsa, iýmitde ýagyň mukdarynyň artykmaç bolmazlygyna-da üns bermeli. Lukmanlar çaganyň iýmitinde gök önümleriň, dürli miweleriň, süýt we balyk, ýeňil özleşdirilýän et önümleriniň bolmalydygyny, ýöne her bir organizmiň özboluşly aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşmagyň möhümdigini belleýärler.

Taýýarlan Aýhan GURBANMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.