Nar — ýokumly miwe
Nar miwesi baradaky ýatlamalar öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu miwäniň daşky görnüşi, özboluşly goýy gyzyl reňki, täje meňzeş ösüntgisi onuň «şalaryň miwesi» adyna eýe bolmagyny düşündirýär. Gadymy zamanlarda halklaryň köpüsi nara ylahy miwe hökmünde garapdyrlar. Onuň gülleri we miweleri baýlygyň, bolçulygyň we hasyllylygyň nyşany hasaplanypdyr. Taryhçy alymlar naryň şekillerini Müsür piramidalarynyň bezeglerinde, gadymy Wizantiýanyň matalarynyň nagyşlarynda, gadymy Gresiýanyň we arap döwletleriniň bezeglerinde ýüze çykarypdyrlar. Bu miwäniň taryhynyň baý bolşy ýaly, onuň düzümi, ynsan bedeni üçin peýdaly aýratynlyklary hem baýdyr.
Nar ýaprakly gyrymsy agaç bolup, miwesiniň diametri 5-12 sm, agramy 200 gram töweregi bolýar. Miwäniň esasynda punikalaginler we nar kislotasy bar. Punikalaginler nar şiresinde we gabygynda bolup, olar güýçli antioksidantlardyr. Nar kislotasy hem esasan miwäniň gabygynda jemlenip, wajyp biologiki aýratynlyklara eýedir. Miwäniň düzüminde kaloriýalar örän az mukdarda bolup, holesterin we doýgun ýaglar ýok. Düzümindäki C witamini immun ulgamyny berkitmekde örän netijelidir. Yzygiderli nar iýilende, ol bedeni ýaşaýyş üçin wajyp bolan B witamin toparlary, şeýle-de makro we mikroelementler bilen üpjün edýär.
Naryň düzüminde belok, ýag, uglewodlar, süýüm, tiamin, riboflawin, niasin, pantoten kislotasy, piridoksin, foliý kislotasy, witamin C, E, K, kaliý, natriý, kalsiý, demir, mis, marganes, magniý, sink, fosfor we selen ýaly wajyp elementleriň hemmesi saklanýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, nar sowuklamada, iýmit siňdiriş ulgamynyň, ýürek, damar, dokumalaryň, myşsalaryň, süňkleriň näsazlyklarynda, şeýle-de birnäçe ýokanç kesellerde netijeli ulanylýar. Belläp geçsek, nar derman we gözellik serişdeleriniň önümçiliginde giňden ulanylýar we uly meşhurlykdan peýdalanýar.
Allamyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.