Peýdaly maslahatlar

Günebakar çigidi

https://ussatnews.com/storage/posts/4645/original-1637917484b6c6.jpeg

Çigit - birýyllyk günebakaryň tohumy bolup, ol ýag öndürmek we iýmit üçin ulanylýar. Bu tohumlaryň uzynlygy 10-15 mm, ini bolsa 7-8 mm bolýar. Arassalanan çigitleriň 100 gram möçberinde ýaglar 49.57 gr, uglewodlar 18.76 gr, beloklar 22.78 we suw 1.21 gr mukdarda saklanýar. Günebakar çigitleriniň bedeniň saglygyny goramakda peýdaly aýratynlyklary bar, ýöne muňa garamazdan olary köp mukdarda yzygiderli ulanmak maslahat berilmeýär.

Çigidiň 100 gramynda takmynan 584 kaloriýa bar. Şeýlelikde, 100 gram çigidi iýmitlik hökmünde ulanmak bilen biz gündelik zerur bolan peýdaly elementlerden 130 % witamin E, 35 % witamin B3, 70 % witamin B5, 40 % witamin B6, 113% selen, 39 % belok, 115 % fosfor, 35 % sink, 24 % kaliý, 32 % magniý, 21 % demir gazanyp bileris. E we B witaminleriniň köp mukdarda bolmagy saçyň, dyrnaklaryň we deriň ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýetlidir.

Hünärmenler çigitde bedeniň öýjükleriniň garramak hadysalaryny haýalladýan, iýmit çalyşygyny gowulandyrýan antioksidantlaryň saklanýandygyny belleýärler. Günebakar tohumy holesteriniň derejesini peseldýär we doýgun däl ýag kislotalary arkaly bedendäki gana oňaýly täsir edýär. Şeýle-de bolsa, tohumlary aşa köp iýmek bedende omega-6 derejesiniň ýokarlanmagyna we ýürek-damar keselleriniň döremek howpuna sebäp bolup biler.

Çigidiň kabul ediliş mukdary gündelik 50-100 gramdan artyk bolmaly däl. Elbetde, her bir bedeniň özboluşly aýratynlyklary bolany üçin lukman bilen maslahatlaşmak ýerlikli bolar. Şeýle-de, lukmanlar çigidi gowrulan däl-de, çyg görnüşde iýmegi maslahat berýär.

Muhammet MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.