Ýöremek — saglyga peýdaly
Saglygyňy goramak, sagdyn ömür sürmek her bir ýaşda möhüm bolup durýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýlişi ýaly, ynsan özüni güýç-kuwwatly, ruhubelent, göwnaçyk duýanda, onuň durmuşy we ýaşaýşy has-da gözelleşýär. Saglygyňy berkitmegiň, göwnüňi açmagyň, ruhuňy götermegiň ýönekeý we elýeterli görnüşleriniň biri-de arassa howada ýöremekdir.
Hünärmenler ýöremegiň peýdalydygyny we her bir adam üçin günüň dowamynda azyndan 30 minut arassa howada ýöremegiň zerurdygyny belleýärler. Ýöremek arkaly ynsanyň bedeni işjeňleşýär, taplanýar, dem alyş ýollary açylýar, nerw ulgamy rahatlaşýar we ýaramaz duýgulardan saplanýar. Ýöremegiň peýdalary ylmy taýdan subut edilip, ol dürli näsazlyklarda bejergi hökmünde ulanylýar. Meselem, günde 30 minut yzygiderli ýöremek, içegede çiş emele gelmek ähtimallygyny 30% azaldyp biler, azyndan ýarym sagat çalt tizlik bilen ýöremek ýürek-damar ulgamyna peýdaly täsir edip, gan basyşyny sazlaýar, aýaklaryň gan damarlarynyň tonusyny saklamaga kömek edýär we gan-damar keselleriniň döremeginiň ähtimallygyny peseldýär.
Lukmanlaryň bellemegine görä, ýöremek adernaliniň we kortizolyň derejesini peseldip, gandaky endorfinleriň mukdaryny artdyrýar. Bu bolsa bedeniň fiziki işjeňligini we çeýeligini ýokarlandyrýar. Şeýle-de, ýörelende bedende kalsiý çalt özleşdirilýär, netijede hereket-daýanç ulgamlarynyň işi sazlaşýar we süňkler berkeýär. Ýöremek köp energiýa talap edýän işjeňlik bolmasa-da, onda bedeniň kaloriýasy netijeli sarp edilýär.
Saglygy dikeldiji ýöriş — 200 ýyllyk taryhy bolan bejergi toplumy. Maglumatlara görä, XIX asyrda Ýewropada dürli kesellerde tebigatyň gözel ýerlerinde ýöremegi, gezelenç etmegi bejergi hökmünde näsaglara belläpdirler. Saglygy dikeldiji ýörişde esasan, haýal we çalt ýöremek, düz we päsgelçilikli ýerlerden ýöremek ulanylýar. Bejergi 5-10 minutyň dowamynda haýal ýöremekden başlanýar, soňlugy bilen çalt ýöremäge geçilýär. Şeýlelikde, haýal we çalt ýöremek gezekleşdirilýär. Ýörelende dem alşyňy bir derejede saklamak we arasynda uludan dem almak möhümdir. Şeýle bejerginiň, fiziki işjeňligiň dowamlylygy 30-40 minut aralygynda bolýar.
Daýanç WELIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.