Eldar Ahmedowyň täze ýylda Iň uly maksady hiç wagt unudylmajak aýdymlary döretmek

19:06 30.12.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/466/original-15fec896fc890b.jpeg

Halkymyzda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlen ajaýyp jümle bar. Bagşy-sazandalar eziz Watanymyzy, halkymyzyň we ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, eziz Diýarymyzyň ösüşlerini – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri ajaýyp aýdymlarynda wasp edýärler. Şeýle aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Eldar AHMEDOWDYR. Biz zehinli ýaş aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

– Eldar, söhbetdeşligimiziň başyny aýdym-saz sungatyna gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!

– Mende aýdym-saza bolan söýgi orta mekdepde okap ýörkäm döredi. Kakamyň saz gurallaryny çalyp, aýdyma hiňlenişini üns bilen diňlärdim. Şonda kakam meniň aýdym-saza bolan höwesimi duýup: «Yhlas etseň, hökman arzuwyňa ýetersiň, oglum» diýipdi. Şeýdibem, bu sungatyň syrly dünýäsine imrinip gitdim. «Sag bol, Arkadagymyz», «Janym Watan», «Aşgabat», «Ýagyş ýagan gijesi» ýaly aýdymlarymy aýdym-saz muşdaklary uly höwes bilen diňleýärler. Sungat äleminiň ägirtleri, halypalar Nurmuhammet Meredowyň, Begenç Nuryýewiň, Akmuhammet Saparowyň aýdan aýdymlaryny lezzet alyp diňleýärin. Zehiniň, ukyp-başarnygyň bilen halka hyzmat etmek, mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini wasp etmek uly bagtdyr. Döredijilik adamsynyň häsiýeti, joşguny onuň döredýän eserlerine-de geçýär.

– Sungat adamsyna halkyň berýän bahasy uludyr. Halk köpçüliginiň öňüne kämil bolup çykmak üçin yhlas etmeli...

– Aýdym-saz bilen halkyň öňüne çykanymda: «Diňleýjiniň göwnüne ýetip bildimmikäm?» diýen sorag öňümde keserýär. Aýdymdan soň, şol aýdymyň ýene-de gaýtalanmagyny isläp, diňleýji seni täzeden sahna çagyrsa, saňa berlen uly baha şonda jemlenýär. Halk bilen aýdymçy bile bolanda, gowy eserleriň döremegine itergi berýär.

– Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolduňyz. Söhbedimizi şunuň bilen dowam edäýeliň!

– Hawa, 2009-2011-2019-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji boldum. Mähriban Arkadagymyz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürip, ömrüni, zehin-başarnygyny sungata, medeniýete bagyşlan ussatlaryň zähmetine çuňňur sarpa goýýar, olara hormatly atlary dakyp, Şa serpaýlary bilen derejeleýär. Milli sungatymyza uly sarpa goýup, ýaş zehinleri hemmetaraplaýyn goldaýan mähriban Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Halkymyzyň, halypalarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek, olara ak ýürekden hyzmat etmek üçin geljekde-de yhlasymy, başarnygymy gaýgyrman täze aýdymlary dörederin.

– Üstünligiň syry nämede diýip hasaplaýarsyňyz?

– Üstünlik seniň diňe şu günki ýeten derejäň bilen kesgitlenmeýär. Geljekde-de halkyň göwnüne ýaraýjak aýdymlary döretmeli. Ana, şonda üstünlige ýetilýär.

– Okyjylarymyz siziň maşgalaňyz baradaky berjek gürrüňleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrlar...

– Agzybir, döwletli maşgalamyzda sungata sarpamyz uly. Maşgalam aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Her bir gazanýan üstünligimde olaryň mynasyp paýy bar. Ogullarym Ýunus bilen Han bolsa maşgalamyzyň göz-guwanjy.

– Adamlarda haýsy häsiýetleri halaýarsyňyz?

– Gysgaça jogap bereýin. Sada, dogruçyl, şahandaz, göwnaçyk, bir sözli adamlary halaýaryn.

– Eldar, siz diňe aýdym aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli teletomaşaçylara hödürlenýän kinofilmlerde hem keşp döredýärsiňiz. Kinofilmlerde keşp döretmek hem özboluşly ussatlygy talap edýär. Söhbedimizi janlandyran keşpleriňiz dogrusyndaky gürrüň bilen dowam edäýeliň!

– Täze ýyl mynasybetli teletomaşaçylara hödürlenjek kinofilminde sürüjiň keşbini janlandyrdym. Kinofilmlerde keşp janlandyranymda, režissýorlaryň kömegi uly boldy. Sungat adamsy halkyň adamsy bolýar, şonuň üçin hem halkymyzyň göwnünden turaýjak sahna oýunlary-da, aýdymlaram, filmlerde döreden keşplerimizem halkymyzyň kalbyna baryp ýetýän keşpler bolmaly. Halypa artistler bilen işleşmegim bolsa, döredijilik älemine has içgin girişmegime, tejribe toplamagyma täsir edýär.

– Durmuşyňyzdaky iň uly maksadyňyz, şeýle-de Täze ýyl baýramçylyk gutlagyňyzy aýdaýsaňyz!

– Iň uly maksadym hiç wagt unudylmajak aýdymlary döretmek.Täze, ýylyň her bir güni toý-baýramlara, şatlyk-buýsanja beslenip, ak arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

– Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy belentden-belent ýaňlansyn!

Ýazgül ANNAÝEWA,

           USSAT NEWS.

Başga makalalar
165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.

165c31806f1f62.jpeg
Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.


165953ddc0ebdf.jpeg
Sergeý Lazarew joşgunly türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdi (Arhiwdan 2014 ýyl)

Rus estradasynyň ýyldyzy Sergeý Lazarewiň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda guralan çykyşy diýseň uly şowhun döredip, tomaşaçylaryň müňlerçesinde gyzyklanma döretdi.