Akyllyja Aýläle (Hekaýa)
Gyzjagaz bakja bagyndan gelşine gapyda duran köwüşleri tertipleşdirdi. Soňra eşiklerini çalşyryndy-da, uly adam ýaly bolup, olary ýerbe-ýer goýuşdyrdy. Jigisiniň oýnap taşlan oýunjaklaryny ýygnaşdyrdy. Gyzynyň hereketlerine monça bolan ejesi:
— Berekella, gyzym. Öýümizi gül ýaly edip tertiplediň — diýip, öwgüsini ýetirdi-de, gaýnenesine habar gatdy.
— Enesi, görýäňmi, akyllyja gyzyňy! Seret işeňňirligine.
— Görüp otyryn. Aýläle jan indi ulugyz boldy ahyry, ejesine, enesine kömekçi bolmaly. Gyzymyz akyllyja bolansoň, bakja bagyndaky terbiýeçileri «Tertiplije agtygyňyz bar» diýip öwýärler. Begenýän — diýip, enesi gyzjagazyň başyny sypady.
Gyzjagaz bolsa ýylgyryp:
— Ene, indi meniň akylly bolup ejeme kömekleşýänimi hol beýik dagyň üstünde oturan Aýazbaba-da görendir gerek? — diýip, sowal berdi.
Enesi:
— Elbetde, görendir gyzym.
— Onda maňa Aýazbaba sowgadam getirip berer. Şeýle dälmi, ene!
— Hawa, gyzym. Hökman getirer. Aýazbaba akyllyja, arassaja, tertipli çagalary gowy görýär. Meniň-ä gyzym gowy goşgudyr aýdymam öwrendi. Hany, öwrenen goşgularyňdan aýdyp ber, gyzym. Birden ýadyňdan çykan bolaýmasyn.
— Ýaşa, ýaşa Arkadag!
Uzak ýaşa Arkadag!
Siziň bilen gül açýar,
Diýarymyz bagtyýar.
Gyzjagazyň eljagazlaryny hereketlendirip, joşgun bilen goşgy aýdyşyna ejesidir enesi çapak çaldylar. Şol pursat gapydan gyzjagazyň kakasy geldi. Ol:
— Gyzymyz goşgyny gowy aýdýan eken. Aýazbaba muňa näme sowgat getirerkä? — diýip, ýüzüne seretdi:
Gyzjagaz:
— Men eýýäm Aýazbaba hat ýazyp, Täze ýyl arçamyzyň düýbünde goýdum. Aýazbaba jadyly taýagynyň kömegi bilen hatymy okap görer. Onsoň ol meniň isleýän sowgadymy berer. Ýöne, kaka, çagalar örän köp welin, Aýazbaba hemme çagalara sowgat paýlajak bolsa ýadaýmasa, hä?...
— Ýadamaz, gyzym. Aýazbabanyň hem-ä jadyly taýagy, onsoňam owadan paýtuny bar. Hon-ha, oňa seret — diýip, telewizora elini uzatdy. Ekranda Aýazbabanyň dabaraly ýagdaýda garşylanyş pursadyny görenden, gyzjagazyň ünsi onda eglendi. Kakasy bolsa, içki otaga geçdi. Ol arçanyň düýbünden gyzynyň Aýazbaba ýazan hatjagazyny aldy-da, okamaga başlady.
«Salam, Aýazbaba! Men Aýläle. Özümem akylly. Ejeme, eneme kömek edýän.
Bakja bagymyzda okamagy, ýazmagy öwrendim. Kän goşgulary ýatdan bilýän.Täze ýyl gijesi öýümize geleniňizde, aýdymam aýdyp berjek. Men indiki ýyl birinji synpa okuwa gidýän. Arkadagymyz şonda noutbuk sowgat berer, ýöne siz maňa Täze ýyl sowgadyňyzyň ýany bilen albom hemem dürli galam sowgat beräýiň. Men ol alboma gök asmanda uçup ýören ak kepderiniň suratyny çekjek. Suratyň ýanynda bolsa: «Biz bagtyýar çagalar, uzak ýaşa, Arkadag!» diýip ýazjak».
Çaga kalbyndan çykan sözleriň sadaja sözlemler bilen beýan edilişi kakasyna diýseň täsir etdi. Ol gyzjagazynyň asuda, abadan durmuşa bolan buýsanjyna haýran galyp, döwrümiziň bagtyýarlygy üçin Gahryman Arkadagymyza öwran-öwran alkyş sözlerini gaýtalady.
Akgül SAPAROWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.