Bedene eti – peýdaly önüm
Bedene eti ýeňil özleşdirilýän berhizlik önümlere degişlidir. Onuň düzüminde süňkler we myşsalar üçin peýdaly bolan beloklar köp mukdarda saklanýar. Bu bolsa sport bilen meşgullanýan adamlara, şeýle hem ösüp barýan çagalara peýdalydyr. Bedene etinde süňk we myşsa derisininiň ýagdaýyny gowulandyrýan kaliý, fosfor, mineral düzümleri, iýmit siňdiriş, nerw ulgamlarynyň işine oňaýly täsir edýän B witamin toparlary bar.
Lukmanlar ýürek-damar, hereket-daýanç ulgamynda, süňklerinde näsazlyk bolan adamlara bedene etini yzygiderli iýmegi maslahat berýär. Şeýle-de, bu önüm bagyr we öýken näsazlyklarynda örän peýdalydyr. Onuň düzümindäki demir ganyň ýagdaýyny gowulandyrýar we öndürijiligini işjeňleşdirýär, PP witamini süňk dokumalaryna oňaýly täsir edýär. Lukmanlar bedene etini süýji keseli bolan adamlara hem iýmegi maslahat berýärler.
Bedene etinde witaminlerden A, D, K we B topary (B1, B2, B3, B5, B6, B12), makro we mikro elementlerden kaliý, magniý, sink, demir, kalsiý, natriý, marganes we beýlekiler, aminokislotalardan alanin, leýsin, metionin, izoleýsin, sistin, tirozin, glisin, walin, arginin, lizin bar. Düzüminiň peýdaly elementlere baý bolmagy bedene etini has-da öňe çykarýar. Onuň diňe bir eti däl, eýsem ýumurtgasy hem saglygyňy dikeltmekde gymmatly önüm hasaplanýar.
Bedene etiniň 100 gramynda 21,8 gr belok, 14-17 gr ýaglar, 0,4 gr uglewodlar saklanýar. Şeýle-de, ony berhiz saklaýan adamlaryň iýmegi-de mümkindir. Önüm ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar we keselleriň döremeginiň öňüni alýar, holesteriniň derejesini peseldýär, nerw ulgamyny güýçlendirýär we daşky täsir edijilere garşy göreşmekde ähmiýetli bolup durýar.
Şaguly HOJAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.