Makalalar

Milli türkmen telpegi

https://ussatnews.com/storage/posts/4811/original-163a18f99658d9.jpeg

“Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, häsiýetleri, ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, ХХI asyrda- türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklerine ýetdi”

G.Berdimuhamedow

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen gelin-gyzlarymyz we mert ýigitlerimiz milli mata önümlerinden taýýarlanylan egin-eşiklerini üýtgeşik höwes hem-de uly buýsanç bilen geýýärler. Ak gaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýalykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli, telpekli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-parasaty siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar. Şu babatda türkmeniň milli telpegi ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçýän miraslarynyň biri hasaplanýändygy hakynda durup geçesiň gelýär. Milli telpegimiz hakynda birnäçe gyzykly taryhy rowaýatlar hem bolupdyr. Jöwzaly yssylara garamazdan türkmen halky, esasan-da ýaşulularymyz, erkek adamlar türkmeniň milli telpegine uly sarpa, gadyr- hormat goýup başyna täç edip geýýärler, munuň özi hem daşary ýurtly myhmanlary haýrana goýup, hemmelerde uly täsir galdyrýar. Türkmen telpegi yssy howalarda, tomsuna günden, gyşyna bolsa sowukdan başyňy goramaga mümkinçilik döredýär. Erkek adamlaryň milli geýimleriň arasynda türkmen telpegi ilkinji orunda durýar. Aksakgally ýaşulularymyzyň aglaba bölegi telpegi diňe bir ýylylyk üçiň geýmän, eýsem mertebe üçin hem geýýärler. Türkmen halky telpege uly hormat goýýar. Ony abat saklamakda ýüňüniň döwülmezligi üçin erkek adamlar ýaglyk bilen örtüp goýýarlar. Telpekleriň birnäçe görnüşleri bolup, olar toý - dabaralar, ýaşlar, çagalar we ýaşulular üçin hem niýetlenip tikilýär. Milli türkmen telpegini biziň ýurdumyzda erkek adamlar tikip taýýarlaýarlar. Ol hünär nesilden-nesle geçip gelýär. Öz obalarynda telpek tikýän ýaşulular hormatlanýan, sylanýan aksakgallar hökmünde tanalýar. Häzirki wagtda türkmen telpeginiň birnäçe görnüşleri taýýarlanylýar. Toý dabaralar üçin 25-30 sm beýiklikde telpekler tikilip olar gür, uzyn ýüňli goýun derisinden taýýarlanylýar. Orta we uly ýaşly erkek adamlaryň aglaba bölegi mele, gara we çal renkli ýüňlerden taýýarlanýan telpeklere uly höwes bildirýärler. Ýaşlarymyz we çagalarymyz ak telpekleri geýýärler. Türkmen bazarynda owadan, ýeňil, milli türkmen telpegi gelen daşary ýurtly myhmanlarymyzda uly gyzyklanma döredýär. Bu ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän telpekdir tahýalar barada ençeme gyzykly gürrüňler edilip umumadamzat aňyýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan baý medeniýetimizi dikeltmäge uly mümkinçilikleri döredip beren Milli Liderimize öz sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli we adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Begnazar ALLANAZAROW,

Türkmen oba hojalyk institutyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.