Hormat gazanan işgär

Biz ussatnews.com elektron gazetiniň sahypalarynda ýangyç-energetika toplumynyň dürli düzümlerinde zähmet çekýän hem-de kärdeşleriniň we jemgyýetiň hormatyna mynasyp bolan zähmetkeşler barada gürrüň bermegimizi dowam edýäris.
Bu gezek «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň işgärler bölüminiň müdiri hem-de kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Oguljahan Amannazarowna Kakajanowa biziň gahrymanymyz boldy.
Oguljahan Amannazarownanyň zähmet ýoly 40 ýyldan gowrak wagta barabar bolup, şu ýyl onuň Medeni-işewürlik merkezinde işläp ýörenine 20 ýyl doldy. Kakajanowanyň halal zähmeti köp sanly hormat hatlaryna mynasyp bolup, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň «Arkalaşyk nyşanyna» eýe boldy, 2022-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan oňa dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgat gowşuryldy. Oguljahan Kakajanowanyň 2018-nji ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan guralan döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny bellemek gerek.
Oguljahan Amannazarowna esasy hünäri boýunça hasapçy, ykdysatçy bolsa-da, onuň sungata bolan söýgüsi takyk ylymlaryndan rüstem çykdy. Medeni-işewürlik merkezi onuň üçin diňe iş ýerine däl-de, eýsem, ikinji öýüne öwrüldi. Ol artistler — ýurdumyzda belli döredijilik toparlarynyň — «Merdana» kamera orkestriniň, «Galkynyş» folklor toparynyň, «Oguzlar» estrada-simfoniki orkestriniň agzalary, şeýle hem halk sazandalary we zehinli aýdymçylar barada buýsanç we guwanç bilen gürrüň berýär.
Olaryň meşhurlyk gazanmagyna Oguljahan Amannazarownanyň hem goşandy az däl, ol toparlarda terbiýeçilik işlerine, olaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine uly üns berýär. Medeni-işewürlik merkezine myhmançylyga ýygy-ýygydan gelýän hormatly ýaşulular, medeniýet işgärleri we ýurdumyzda tanalýan adamlar bilen aragatnaşykda bolmagyň ýaşlary milli gymmatlyklara, Watanymyzyň baý we gadymy taryhyna, halkymyzyň däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär diýip, Oguljahan Amannazarowna belleýär.
Ol sazandalar bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna aýlanyp, konsert toparlary bilen buraw meýdanlaryna baryp, pudagyň desgalarynyň açylyş dabaralaryna we beýleki çärelere gatnaşyp gelýär.
Oguljahan Amannazarownanyň milli aýdym-saza söýgüsiniň bimöçberdigini bilýän artistler ýygy-ýygydan öz konsertlerini guraýarlar, bu bolsa, olary ruhy taýdan has-da baýlaşdyrýar, çünki şeýle duşuşyklar adamlary bir-birine ýakynlaşdyryp, olaryň mährini we zehinini artdyrýar.
Leýli AŞYROWA,
Ussatnews.com.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.