Makalalar

Arkalaşykly işiň miwesi

https://ussatnews.com/storage/posts/5259/original-16427cdfb52236.jpeg

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir. Kärhananyň hünärmenleridir işçileri meýilleşdirilen önümçilik tabşyryklaryny ýerine ýetirip, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ilkinji aýyny üstünlikli jemlediler.

Baş gaz geçirijiniň ugrundaky bu ilkinji önümçilik edarasynyň zähmet adamlary ýokary basyşly gaz geçirijileriň alty ýüz kyrk iki kilometrine hyzmat etmek bilen, «Döwletabat» hem-de «Galkynyş» gaz känlerinden çykarylýan «mawy ýangyjy» baş gaz geçiriji boýunça öz degişli çäklerinden bökdençsiz akdyrmak boýunça gaýratly zähmet çekýärler.

Olar geçen ýyl meýilnama laýyklykda, bellenilen işleriň üstünlikli berjaý edilendigini guwanç bilen aýdýarlar. «Döwletabat» gaz käninden gaýdýan göwrümi 1420 millimetr diametrli ýokary basyşly gaz geçirijiniň ikinji ugrunyň ýigriminji kilometrliginde bejergä degişli üç ýüz elli ýedi metrinde täze turbalar goýlup, bejergi işleri ýokary hilli geçirilipdir. Şu ýokary basyşly gaz geçirijiniň «Şatlyk» önümçilik edarasyndan «Garagum» önümçilik edarasyna tarap gidýän böleginiň on altynjy kilometrliginde — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gaz geçiriji bilen kesişýän ýerinde ýoluň aşagyndan gurlan geçelge hem 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen möhüm ähmiýetli gaz gurluşyk işleriniň biridir. Bu geçelgäniň gurulmagynyň esasy maksady geljekde ýoldan gatnajak awtoulaglaryň ýokary basyşly gaz geçirijä zyýanly täsirini ýetirmezligini, sarsgyn bermezligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Ýokarda agzalan ýokary basyşly gaz geçirijiniň birinji ugrunyň ýigriminji hem-de ýigrimi birinji kilometrliklerinde ýedi ýüz metrden gowrak ýerde bejergi işlerini geçirmek, ýagny täze turbalary gurnamak meýilleşdirilýär.

Önümçilik edarasynyň senagat meýdançasy gaz geçiriji boýunça «mawy ýangyjyň» akymyny bellenilen tehnologik talaplara laýyk guramak üçin gerekli kuwwatly agregatlaryň, enjamlaryň jemlenilen ýeridir. Bu ýerde oturdylan kompressorlar gaz geçiriji boýunça gelýän «mawy ýangyjy» sorup alýar. Meýdançadaky kuwwatly separatorlaryň kömegi bilen «mawy ýangyç» düzümindäki suwuklyklardan, tozan bölejiklerinden gaýtadan arassalanylýar. Şu ýerden tebigy gaz «Garagum» önümçilik edarasyna tarap ýokary basyş bermek bilen akdyrylýar.

Kärhanada önümçilik gulluklarynyň ençemesi bolup, olaryň işleri bir-biri bilen pugta baglanyşyklydyr. Olaryň her biriniň alyp barýan işleri kärhananyň umumy önümçiliginiň sazlaşykly dowam etmegine ýardam berýär.

— Kärhanamyzda gazçy hünärmenleriň, işçileriň üç ýüzden köprägi agzybirlikli zähmet çekýär. Şolaryň arasynda indi ýigrimi bäş-otuz ýyldan bäri biregne şu ýerde zähmet çekip gelýän halypa işgärleriň onlarçasy bar. Olar kärhanamyzda bellenilen önümçilik meýilnamalarynyň hemişe üstünlikli ýerine ýetirilmegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar. Olardan edaramyzyň awtoulaglar hojalygynyň ýolbaşçysy Hoşgeldi Mommyýew, gaz gysyş gullugynyň başlygy Guwançmyrat Gurbanmyradow, gaz gysyş gullugynyň maşinisti Şamuhammet Orazow, şol gullukdan bejeriji Wepa Geldimyradow, maşinist Ýakup Saparow, ugur ulanyş gullugynyň gaz bilen kebşirleýjisi Döwlet Meredow, turba goýujy Mekan Kulyýew, barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika gullugynyň işgäri Annaberdi Agamyradow dagy iň tejribeli işgärlerimizdir — diýip, «Şatlyk» önümçilik edarasynyň baş inženeri Çary Goşaýew gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.