Makalalar

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy

https://ussatnews.com/storage/posts/5636/original-164998a656619d.jpeg

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk toýunyň türki döwletlerde giňden dabaralandyrylýan günlerinde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň umumy ýygnagynda türk ýazyjy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy. Baýragy Türkiýäniň Ankara şäheriniň Mamak etrabynyň häkimi hem-de Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň başlygy Murat Köse bilen Ankara jemgyýetçilik ylymlary uniwersitetiniň rektory hem-de Türkiýe ýazyjylar birleşiginiň başlygy, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Musa Kazym Aryjan gowşurdy.

Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragyna mynasyp bolan türk ýazyjysy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen: «Men Mynasyby anyklaýyş geňeşiniň ähli agzalaryna, esasanam mähriban dostumyz, hormatly Ylýas Demirçä özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. «Dilde, pikirde we işde birlik» şygary bilen, milletimize we türki dünýäsine hyzmat ýolunda elimizden gelenini etmegi dowam etdireris.» – diýip belledi.

Ýakup Ömeroglynyň mundan 30 ýyl ozal galamdaş dostlary bilen taýýalan Türki döwletleriniň ýaşlarynyň 1-nji halkara gurultaýy taslamasy TIKA tarapyndan goldanyldy we 1993-nji ýylyň 16 – 26-njy awgustynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda 16 sany türki döwletinden we jemgyýetinden ýaşlar guramalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýakup Ömerogly, ondan soňky ýyllarda Krym, Gyrgyzystan, Başkortostan, Gazagystan, Çuwaşiýa we Azerbaýjan ýaly ýurtlarda geçirilen Türki döwletleriniň ýaşlarynyň halkara gurultaýynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň wezipesini öz üstüne aldy we bu halkara gurultaýynyň Bengü atly «Bengü» atly žurnalyny neşir edip, köpsanly ýaşlaryň durmuşyna öz täsirini ýetirdi.

Ýakup Ömeroglu, 1993-nji ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleri bilen Ykdysady we Demokratik gatnaşyklar boýunça baş geňeşçiniň geňeşçisi, jogapkär premýer-minister wezipesine bellendi.

Ýakup Ömerogly 2004-nji ýylda Türki döwletleriň Nowruz baýramy dabaralary pursatlaryndan göni ýaýlym gepleşigini taýýarlady we alyp bardy. Ondan soňky bäş ýylda hem, Hasan Taşyň režisýorlygynda bu gepleşigiň geňeşçisi we göni ýaýlym alyp baryjysy ýene-de Ýakup Ömerogly boldy.

2006-njy ýylda Krymda Türki döwletleriň halkara şygryýet festiwalyny gurnan Ýakup Ömerogly, türki döwletlerden gelen ýazyjy-şahyrlaryň Krym tatarlary bilen tanyşmagyna we Krymyň halkara derejesinde wagyz edilmegine möhüm goşant goşdy.

Ýakup Ömerogly 2006-njy ýylyň mart aýyndan başlap, «TRT Avrasya» (TRT Ýewraziýa») teleýaýlymynda Türki döwletleriniň ýazyjylarynyň, sungat işgärleriniň we alymlarynyň döredijiligi barada hepde bir gezek ýaýlyma berlen we 101-nji bölümine çenli dowam eden «Dost eli» gepleşigini taýýarlady we alyp bardy.

Ýakup Ömerogly, özüniň galamdaş dostlary bilen bilelikde Türki döwletleriň arasyndaky halkara medeni çärelerine aýratyn ähmiýet berip, Ýewraziýa ýazyjylar birleşigini (2006) döretdi. Şeýle hem ol Türki döwletleriň umumy edebiýat žurnalyna öwürlen hem-de köp ýyllardan bäri her aýda yzygiderli neşir edilip gelinýän «Dogan Galamlar» («Kardeş Kalemler») žurnalyny 2007-nji ýylda esaslandyrdy. Ondan soňra bolsa Türki döwletleriň edebi eserlerini neşir etmäge ýöriteleşdirilen «Bengü» atly hususy neşirýat kärhanasyny esaslandyrdy.

Ýakup Ömeroglu, 2007-nji ýylyň iýun aýynda professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Ahmet Bijan Erjilasun bilen bilelikde Türki döwletleriň dilçi alymlarynyň arasynda işjeň ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmaklygy maksat edinip, Halkara Türkologiýa žurnalyny – «Dil derňewleri» («Dil araştırmaları») žurnalyny neşir etmäge başlady.

Ýakup Ömerogly «Kardeş Kalemler» («Dogan Galamlar») žurnalynyň neşir edilip başlanmagy mynasybetli 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Stambulda «Türki döwletleriň edebiýat žurnallary» atly halkara gurultaýyny geçirdi. Ol bu halkara gurultaýynyň ondan soňky ýyllarda hem dowamly geçirilmegini ýola goýdy.

Ýakup Ömerogly 2009-njy ýylyň sentýabr aýyndan başlap, TRT teleradioýaýlymlarynda Türki döwletleriniň medeniýeti we sungaty hakda söz açýan hem-de 136-njy bölümine çenli hepde bir gezek ýaýlyma berlen «Penjire» gepleşiginiň hem maslahatçysy we alyp baryjysy boldy.

Ýakup Ömerogly Türki halklaryň medeniýeti we sungaty hakdaky söhbet barada TRT Ankara radiosynda 2015 – 2018-nji ýyllarda we 2020-nji ýyldan häzire çenli uzak wagtlap dowam edýän «Medeni penjire» («Kültürel Pencere») atly gepleşigi hem taýýarlap, giň diňleýjiler köpçüligine hödürleýär. Ol 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri «TRT Avaz» teleýaýlymynda «Medeniýet, Sungat, Owaz» («Kültür Sanat Avaz») atly gepleşigini taýýarlaýar we alyp barýar.

Ýakup Ömerogly 2017-nji ýylyň awgust aýynda 16 ýurtdan 65 sany ýaş ýazyjynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek «Türk dünýäsi ýaş ýazyjylar ýygnagy» («Türk Dünyası Genç Yazarlar Buluşması») taslamasyny durmuşa geçirdi.

Ýakup Ömeroglunyň medeniýet we edebiýat üçin gymmatly eserleriniň biri «Kökleriň yzynda» («Köklerin İzinde») atly dokumental filmidir. Bu dokumental filmiň birinji bölümi 2019-njy ýylyň 25-nji martynda «TRT Avaz» teleýaýlymynda ýaýlyma berildi.

Ýazyjy 2019-njy ýylda Balkanlarda ýaşaýan ýaşlar üçin onlaýn ýazyjylyk atelýesini açdy. Bu ýazyjylyk atelýesine iki ýylyň içinde Makedoniýadan, Kosowadan, Bolgariýadan we Günbatar Frakiýadan köpsanly ýaşlar gatnaşdy we balkanly türki halklaryň edebiýatynda täze ýazyjylar peýda boldy. 2020-nji ýylda Ýewropada ýaşaýan türki halklar üçin hem onlaýn ýazyjylyk atelýesini açdy we ýewropaly türki halklaryň edebiýatynda-da täze ýazyjylar peýda boldy.

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly 2023-nji ýylyň fewral aýynyň başyndan türki döwletleriň 18 – 35 ýaş aralagyndaky ýaş ýazyjy-şahyrlary üçin niýetlenilen, türk edebi dilini has içgin öwredýän Türkçe onlaýn okuwy ýola goýdy. Bu onlaýn okuwa Türkmenistan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Başkurtystandan bolan zehinli ýaşlaryň birnäçesi gatnaşýar.

Ýakup Ömerogly eden işleri üçin Türki ýurtlaryň birnäçesiniň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy:

• 2010-njy ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň Resul Ryza baýragy;

• 2011-nji ýylda Karaçaý-Balkar türki halklarynyň edebiýatyny esaslandyryjy şahyrlaryndan Ysmaýyl Semenowyň doglan gününiň 120 ýyllyk ýubileý medaly;

• 2012-nji ýylda Azerbaýjan ýazyjylar Bileleşiginiň türki dünýäsi edebiýatyna hyzmat edenligi üçin Bahtiýar Wahapzade adyndaky halkara baýragy;

• 2012-nji ýylda Kosowanyň hakyky ýol medeniýeti we sungat birleşigi tarapyndan Balkanlarda türki döwletleriň medeniýetine eden hyzmaty üçin Süleýman Brina adyndaky halkara baýragy;

• 2013-nji ýylda Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň Dostluk we Hyzmatdaşlyk medaly;

• ÝUNESKO tarapyndan Hoja Ahmet Ýasawynyň doglan gününiň 850 ýyllyk ýubileýiniň hormatyna 2016-njy ýylyň «Hoja Ahmet Ýasawy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli, şol ýylda Hoja Ahmet Ýasawy uniwersiteti tarapyndan taýýarlanylan Hoja Ahmet Ýasawy medaly;

• 2017-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Diplomatik Hyzmatynyň 25-nji medaly,

• 2017-nji ýylda Gazagystanyň Halkara Jambyl baýragy;

• 2018-nji ýylda Gazagystanyň Medeniýet ministrliginiň Medeniýete hyzmat gullugynyň medaly;

• 2020-nji ýylda Gazagystanyň Halk Assambleýasynyň 25 ýyllygy medaly.

Ýakup Ömerogly 2019-njy ýylda merkezi Parižde ýerleşýän Ýewropa Ylym, sungat we edebiýat akademiýasynyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi

1997-nji ýylyň mart aýynda «Tatarlar we Tatarystan» atly kitaby neşir edilen ýazyjynyň ilkinji edebi eseri bolan «Türkistan – Ýasawynyň şäheri Ýasa, takmynan» («Türkistan-Yesevî’nin Şehri Yesi’ye Dair») atly kitaby 2003-nji ýylda okyjylara gowuşdy. Ýakup Ömerogly bu kitap bilen Türkiýäniň ýazyjylar birleşiginiň ýylyň ýazyjysy baýragyny aldy. «Türkistan – Ýasawynyň şäheri Ýasa, takmynan» («Türkistan-Yesevî’nin Şehri Yesi’ye Dair») atly kitap 2004-nji ýylda Bakuda neşir edildi.

Ýakup Ömeroglunyň ilkinji hekaýasy «Iki çynar» 2009-njy ýylyň mart aýynda «Dogan Galamlar» («Kardeş Kalemler») žurnalynyň 28-nji sanynda çap edildi. Ýazyjynyň «Iki çynar» ilkinji hekaýa kitaby Azerbaýjanyň «Kanun» neşirýaty tarapyndan 2019-njy ýylyň noýabr aýynda neşir edildi.

Toýly JÄNÄDOW,

ýörite ussatnews.com elektron gazeti üçin.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.