Siziň üçin duşuşyk Aýna Durdylyýewa
01:09 28.06.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenilýän baýramçylyklar, taryhy seneler mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergileriň birinde ajaýyp milli lybaslary bilen halkymyzyň arasynda giňden adygan «Mähirli zenan» modalar öýüniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Aýna DURDYLYÝEWA bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Tejribeli telekeçiniň beren gürrüňlerini «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.
— Aýna, paýtagtymyzda geçirilýän köpugurly sergilerde her gezek täze önümleriňiziň şaýady bolýarys. Bu siziň zähmet toparyňyzyň döredijilikli işleýänliginden habar berýär. Şeýle dälmi?
— Telekeçiligiň özi döredijilikli iş ahbetin! Diňe gözlegde bolmaly. Çeper elli gyz-gelinleriň 100-den gowragyny özüne birleşdirýän modalar öýümizde-de esasy şygarymyz şol. Onuň üçin diňe tikinçi, keşdeçi däl, eýsem, suratçy, dizaýner bolmagy-da başarmaly. Maksadymyz — müşderiniň ösen islegini kanagatlandyrmak. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen täzeçe pikirlenip, döredijilikli işlenilýän ajaýyp döwrümizde öňde goýan maksadymyza ýetmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler bar.
— Bu iş bilen meşgullanmagyňyza näme sebäp boldy?
— Gözellige, ajaýyplyga teşnelik, ene-mamalarymyzyň çeper el hünärine söýgi. Toý-baýramlarda owadan milli lybaslary geýnen gyz-gelinleri görenimde, esasan, olaryň biçüwine üns bererdim. Öz ýanymdan olaryň biçüwini üýtgedip görerdim. Ilki bilen, özüme tikinerdim. Şeýdip, ilki goňşy-golamyň, obanyň arasynda tanalyp, sargytlar gelip ugrady. Şunuň özem hususy pudakda bu iş bilen meşgullanmagyma sebäp boldy.
— Siz diňe ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere-de gatnaşýarsyňyz. Munuň özi uly jogapkärçiligi talap edýän bolsa gerek?
— Elbetde. Biz halkymyzyň milliligini dünýä ýaýýarys ahyryn. Milli lybaslarymyzyň, çeper el işlerimiziň daşary ýurtlarda tanalmagy, ilkinji nobatda, edýän işlerimiziň hil derejesiniň ýokary, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolmagyny talap edýär. Onuň üçin tikinçileriň dili bilen aýtsak, her bir işiň «iňňeden çykma» bolmagyny gazanmaly.
— Halkymyzda: «Çaga — durmuşyň güli» diýilýär. Iň gowy zatlarymyzy olara bagyş edýäris. Kärhanaňyzda körpe nesle niýetlenen eşiklerem tikilýän eken.
— Megerem, durmuşda çagalary begendirmek iň uly lezzet bolsa gerek. Täzeje köýnegi egnine alan gyzjagazyň şatlygyny göz öňüne getiriň. Ol owadan köýnegi bilen pyrlanar, ony joralaryna görkezmäge howlugar. Şol ýakymly pursatlaryň her öýde, her ojakda gaýtalanyp durmagyny arzuwlap, durmuşymyzyň bezegi bolan körpelere niýetlenen milli lybaslaryň dürli görnüşini taýýarlamagy ýola goýduk. Dürli biçüwdäki milli lybaslary geýnip çykýan gyzjagazlary görüp, öz edýän işlerimize buýsanjymyz artýar.
— Döwrebap, owadan hem rahat lybaslaryň müşderisi kän bolýar. Gadymy biçüwde tikilýän lybaslara-da isleg känmi?
— Ene-mamalarymyz ýanly köýnekleri tikinipdirler. Beýle biçüwdäki köýnekler giňligi bilen rahatlyk berýär. Biz olaryň gadymy görnüşlerini döwrebap röwüşde taýýarlap, zenanlarymyza hödürledik. Dogrudan-da, olara isleg artýar. Galyberse-de, müşderiniň islegine görä, onuň pikirini diňläp, tekliplerini öwrenip hem milli lybaslaryň dürli görnüşlerini döredýäris.
— Aýna, buýurmalar esasynda-da iş alyp barýarsyňyzmy?
— Hawa. Ýurdumyzyň tans toparlaryndan gelýän buýurmalary olaryň isleglerine laýyklykda tikip taýýarlaýarys. Köpçülikleýin buýurmalar esasynda, başga-da ýorgandyr ýassyk daşlaryny, lukmanlar üçin ýektaýlary, önümçilik kärhanalary üçin ýörite eşikleri taýýarlaýarys. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şonuň bilen birlikde nebitgaz pudagynda-da işçi-hünärmenler ýörite eşikler bilen üpjün edilýär. Olar üçin biziň howa şertlerimize laýyklykda, yssa, sowuga çydamly, gyzgyn, sowuk geçirmeýän matalar saýlanyp alynýar.
— Köp sanly baýraklara eýe bolmagyňyz alyp barýan asylly işleriňiziň netijesi bolsa gerek?
— Öňde biri: «Işiň iň ähmiýetli bölegi netijesidir» diýipdir. Çeper elli zenanlarymyz Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen Zerlemek we zergärçilik sungatynyň halkara festiwalyna gatnaşyp, dünýäniň 58 döwletinden gelen wekilleriň arasyndan öňe saýlanmagy başardy. Bu halkara festiwalda «Iň gowy el işi» diýen derejeli diploma mynasyp boldy. Geçen ýyl paýtagtymyzda meşhur lybaslar öýleriniň gatnaşmagynda geçirilen «Aşgabat — dizaýn şäherim» atly taslamanyň çäklerinde geçirilen Moda hepdeliginiň bäsleşiginde hem «Konseptual dizaýn modelleri» ugry boýunça ýeňiji bolmagy başardyk. Bu gazanylan üstünlikler bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar.
— Geljekki maksatlaryňyz?
— Öndürýän önümlerimiziň görnüşlerini artdyrmak, daşarky bazarlara çykarmak. Kärhanamyzyň daşary ýurtly sarp edijilerini milli türkmen nusgasynda ýörite tikilen toý lybaslary bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýäris. Mundan başga-da, ýöriteleşdirilen egin-eşikleriň eksportyny ýola goýmagy maksat edinýäris. Şeýle-de eksporta niýetläp ýeňil senagata degişli harytlary taýýarlamak ugrunda iş alyp barýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri biziň öňde goýan maksatlarymyzyň myrat tapmagyna getirer.
Ýazgül ANNAÝEWA,
Ussatnews.com.

Amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi K30S”
“Xiaomi” kompaniýasy amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi” telefonlarynyň nobatdaky modeli bilen tanyşdyrdy – “Redmi K30S”. Täze smartonyň 64, 13 we 5 megapiksellik üç sany arka kamerasy bar; öňki kamerasy bolsa 20 megapiksele deňdir. Bu telefonyň kamerasy 8K wideo çekmäge ukyplydyr. “Xiaomi Mi 10T”-niň gaýtadan dizaýn edilen görnüşi bolan “Redmi K30S”-e 6,67 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilip, kümüş we gara reňklerinde öndürilipdir.

Perzentlerim siz
Goňşulam

Ýangyç-ýylylyk öndüriji çeşmedir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “halkyň Arkadagly zamansy” diýilip halkymyz tarapyndan teklip edilen ýylda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär.

Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler aýdyň netijelerini berýär. Muňa paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar, desgalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Tutularyň oýlanyp tapylyşy
Gapylara, penjirelere, aýna diwarlara tutulary tutmak gadymdan bäri meşhur bolupdyr. Olar örtük hyzmatyny ýerine ýetirýärler.