Makalalar

Jogapkärli işiň ussady

https://ussatnews.com/storage/posts/566/original-16003338da0339.jpeg

Onuň zähmet depderçesinde 1983-nji ýylyň 11-nji iýulynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň häzirki Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde zähmet ýoluna başlandygy barada diňe bir ýazgy bar. Ondan bäri otuz sekiz ýyla golaý wagt geçipdir. Şu arka atylan ýyllaryň içinde Muhammetgeldi Gurbangeldiýew 1-nji derejeli barlag-ölçeýiş enjamlarynyň slesarlygyndan müdirligiň baş metrology wezipesine çenli abraýly zähmet ýoluny geçdi. Işiniň daşyndan ýokary bilim alyp, senagat enjamlarynyň we tehnologik toplumlarynyň elektrik geçirijileri we awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň eýesi boldy. Ol öz zähmet ýolunyň bütin dowamynda nebitgaz önümçiligindäki dürli kysymly we dürli maksatly enjamlaryň işleýşiniň kabul edilen standartlara laýyk gelýändigine gözegçilik etmek bilen meşgullanýar. Bu işde haýsydyr bir ýalňyşlyga-ha däl, hatda ýönekeý säwlige-de ýol bermek bolmaýar. Çünki işiň ahyrky netijesi şol enjamlaryň takyk işleýşine bagly bolup durýar.

– Şol bir kärhanada, şol bir hünärde onlarça ýyllap zähmet çekmek o diýen bir aňsat hem däl bolsa gerek? – diýip, duýdansyz orta atan sowalyma:

– Men indi özümi başga bir kärde göz öňüne-de getirip biljek däl. Jogapkärli iş sende erjellik, talapkärlik, yhlaslylyk, irginsizlik, saýlap alan käriňe werdişlik ýaly häsiýetleri kemala getirýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň dürli kärhanalarynda önümçiligiň sazlaşykly ýola goýulmagynyň seniň gözegçiligiňden geçen enjamlara baglydygyna düşündigiňçe, öz-özüňden talap edijiligiň has hem artýar – diýip, ol jogap berdi.

Öz saýlap alan käriňe belet bolup, il-halka hyzmat etmek Muhammetgeldä dädesi Baýrammyrat aga bilen käbesi Aýjemal daýzadan miras geçen häsiýet. Baýrammyrat aga tutuş kyrk bäş ýyllap konserniň Goturdepe buraw işleri müdirliginde buraw-gurnama sehiniň başlygy bolup işläpdir. Aýjemal daýza-da şol müdirlikde onlarça ýyllap maşinist bolup işlänsoň, abraý bilen hormatly dynç alşa çykypdyr. Üç gyzy, iki ogly ösdürip ýetişdiren bu ynsanlar öz perzentlerine hemişe halalhon, ýerine ýetirýän işiňe ussat bolmagy sargapdyrlar. Aýal doganlary Sülgünjemal «Burnebitgazhyzmat» müdirliginde, Gülälek aragatnaşyk, Maýsa bilim ulgamlarynda zähmet çekýär. Inisi Merdan bolsa dädesiniň işlän müdirliginde inžener.

Muhammetgeldi maşgalasy Annasona bilen alty çagany ösdürip, kemala getirýär.

– «Türkmennebit» döwlet konserniniň köpugurly önümçilik düzümleriniň kadaly işini biziň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirligimizden aýrybaşga göz öňüne getirmek aňsat däl. Müdirligimizde amala aşyrylýan işler ýeriň jümmüşinden çykarylýan «gara altyndyr», «mawy ýangyjyň» möçberini durnukly artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda nebitgaz pudagynda has takyk barlag-ölçeg gurallary, awtomatlaşdyrylan enjamlardyr desgalar giňden ulanylýar. Müdirligimiziň hünärmenleri diňe bir täze enjamlary önümçilige içgin ornaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň netijeli we ygtybarly işledilmegini-de gazanýarlar. Konserniň önümçilik düzümlerine ýola goýýan ýokary hilli hyzmatlarymyzyň görnüşleri barmak büküp sanardan köp. Kärhanamyzda elektrik desgalaryny, enjamlaryny oturtmak, gurnamak, howa ulgamlaryny çekmek we abatlamak, dürli kuwwatlykdaky dwigatelleri, transformatorlary oturdyp sazlamak hem-de bejermek, elektrik ölçeýji, basyş astynda işleýän, gazy, suwy açyp ýapmak üçin gysyjy enjamlary yzygiderli barlagdan geçirmek işleri alnyp barylýar – diýip, Muhammetgeldi buýsanç bilen gürrüň berýär.

Bu gaýragoýulmasyz hem-de juda jogapkärli işleriň her birinde M.Gurbangeldiýewiň we onuň kärdeşleriniň mynasyp paýy bar. Ol bu gün mundan otuz sekiz ýyl ozal özüne halypalyk eden Larisa Týurinany hormat bilen ýatlaýar. Halypanyň «Seniň ýerine ýetirýän işiňde ýalňyşlyga ýol berilýän däldir» diýen sargydy onuň hemişelik ýadynda galypdyr. Indi onuň özüniň halypalyk eden şägirtleriniň ençemesi bu gün müdirligiň buýsanjyna öwrülen hünärmenler bolup ýetişipdir. Olardan müdirligiň baş inženeriniň awtomatika boýunça orunbasary Myrat Berdiýew, 1-nji sehiň ussasy Ogulgül Mämmetnepesowa, esasy inžener Ýelena Batura, 2-nji sehiň ýolbaşçysy Rejep Gulmämmedow ýaly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda dürli enjamlaryň saz işleýşine geçirilýän barlaglar has netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Bu öňdebaryjy kärhananyň zähmet toparlary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde Körpeje hazynalar mesgeninde gurlup, ulanyşa tabşyrylan Körpeje – Gurtguýy geçirijisindäki «mawy ýangyjy» toplumlaýyn taýýarlaýan desgada daşarky bazara eksport edilýän tebigy gazyň möçberini kesgitlemek üçin Çaloýukda dünýä hil ülňülerine kybap oturdylan ölçeg bekedinde iň bir jogapkärli işleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Şu müdirligiň hünärmenleriniň tagallalary netijesinde konserniň önümçilik kärhanalarynda sowadyjy enjamlary abatlamak, buraw desgalaryny önümçilige päsgel bermeýän usulda synagdan geçirmek hem birkemsiz amala aşyrylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň islendik kärhanasyna daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän desgalar, enjamlar, awtoulaglardyr dürli maksatly tehnikalar, ýük göteriji kranlardyr gaýry enjamlar, kompýuterlerdir takyk tilsimatlar ilki bilen hut şu müdirlikde doly barlagdan geçirilip, resmileşdirilenden soňra kabul edilýär.

Biz hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýýan belent wezipeleriniň üstünlikli çözgüdini tapmaga mynasyp goşant goşmagy başarýan ussat metrologa hemişe rowaçlyk arzuw edýäris.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.