«Gardaş galamlar» halkara žurnalynyň nobatdaky sanynda Oguljennet Bäşimowanyň şygyrlary çap edildi
12:43 21.08.2023

Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň 2023-nji ýylyň awgust aýynda çapdan çykan «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») halkara žurnalynyň Däde Gorkut kitabynyň Bursa golýazmasyna bagyşlanan 200-nji sanynyň 18 – 20-nji sahypalarynda türkmen şahyry Oguljennet Bäşimowanyň «Men-ä oba gitjek» («Ben Köye gitmek istiyorum»), «Stambul ruhy» («Istanbul’un ruhu») atly goşgulary türk dilinde neşir edildi.
Ýewraziýa ýazyjylar birleşginiň 2007-nji ýyldan bäri her aýda neşir edilýän «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») halkara žurnalynyň 2023-nji ýylyň awgust aýynda çykan 200-nji sanynda Saha Respublikasy (Ýakutiýa), Azerbaýjan, uýgur, Gazagystan, Türkiýe, Gollandiýa, Tatarystan we Gyrgyz Respublikasy ýaly türki halklardan bolan ýazyjy-şahyrlar Natalýa Iwanowna Harlampýewanyň, Oktaý Hajymusalynyň, Abduşükür Muhemmediň, Amine Waýitiň/Sedefiň, Burulkan Sarygulowanyň, Mehmet Güleriň, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory, professor Osman Fikri Sertkaýanyň, Saffet Alp Yylmazyň.
Dil-edebiýat ylymlarynyň doktory, professor Ferruh Agjanyň, Asan Ahmatowyň, Aýşe Şeneriň, Muhtar Magawiniň, Gulmira Ospanowanyň, Hüdaýi Janyň, Erkut Dinjiň, Menzer Niýarliniň, Zeýnep Ýyldyrymyň, Emirhan Ýenikiýniň, Aýşenur Özeriň, Zehra Otuzbaýyň, Osman Çewiksoýyň, Ülkü Demiraýyň, Settar Rafet Ýawuzyň, İlkaý Joşkunyň, Ýusup Akgülüň we M Kemal Sallynyň ýazgylarynyň we terjime eserleriniň arasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň çuňňur zehinli halypa žurnalisti, ussat ýazyjy-şahyry Oguljennet Bäşimowanyň goşgularynyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr.
Hut şu nukdaýnazardan-da, bu türkmen zenanynyň Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň «Gardaş galamlar» («Kardeş kalemler») halkara žurnalynyň 2023-nji ýylyň awgust aýynda çapdan çykan 200-nji sanynyň 18 – 20-nji sahypalarynda türk dilinde neşir edilen «Men-ä oba gitjek» («Ben Köye gitmek istiyorum»), «Stambul ruhy» («Istanbul’un ruhu») atly goşgularynyň ene dilimizdäki asyl nusgasyny ussatnesws.com elektron gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
MEN-Ä OBA GITJEK
Men-ä oba gitjek,oglumy alyp,
Gözellige öwrenişsin gözlerim.
Daňdan goňşularyň howzuna baryp,
Suw daşajak,nahallarna mellegiň.
…Ejemden soň…alçalar hem garrapdyr,
Gorlanypdyr,dym-dykyzja gölämiz.
Seýrek gelýän aýal doganlam ýaly,
Üzümleri selçeňläpdir teläriň.
Ýene-de göwrämi ýorunja busup,
Ot ýygyşyn gaýtalajak enemiň.
Sapagny ötürip bermegem lezzet
Kölegede,gözi uly temenni
Erkek doganymyň sözleri ýaly,
Dünýä mähir bilen haçan bakarka?
Abraýy galamdan gözledim ýördüm,
Başga zady dileg etmän Ýokarka…
Menem säher suw sepjek giň gujagna,
Çagalygmy bagra basan howlymyň.
Şükür, hiç sönmedik atam ojagna,
Mähri siňsin,ulalmaka oglumyň.
Men-ä oba gitjek,dynjymy aljak,
Görüp gaýtjak,maňkalyja jiglemmi.
Hemem gyz jigime hünjüjik alyp,
Sag bol aýtjak,hut şol öýde doglanna.
Tämiz saklawersin ejemiň öýün,
Işe gidip gelibersin,gelnejem.
Bäş-on günjük öý işlerni edeýin,
Hyzmatymy görsünler goý,meniňem.
Göçgünli kelleler bir mahal ýaşkak,
Okamaga äkelipdir,paýtagta.
Ýogsa,partygmyzy dakynyp,mäkäm,
Giderdik-le okuwdan soň pagta-da.
Men-ä oba gitjek,kölegeli tam,
Hem ejemiň ýerin tutan gelnimiz,
Bäş köçe aňyrda ýaşaýan atam,
Baý islärdi,paýtagtdan gelmegim.
Maňa azar bermäň,men oba gitjek,
Güňleç şäher sesden aljak dynjymy.
Sähralaň şemalna derdimi daňyp,
Şygyr ýazjak,söýgi hakda ünjüli.
Ýol-ýola,il-ile sapanda agşam,
Sygyrlaryň sürä gidip gelşini,
Synlaýyn-la biraz suratkeş ýaly,
Agşamara süri obaň gelşigi.
Goňşy gyzlar gözlerini süzüşip,
Diýýärler ogluma: “görmegeý ýigit”.
Senem ýürek gyssa,gussa ilişip,
Şäheri birsellem taşlap,oba git!
Men-ä oba gitjek, şu gün ýa ertir,
Köp boljak däl,gussalarym çogmasyn.
Arasynda käte baryp gaýdaýyn,
Eziz obam unutmasyn,dogmasyn.
Gündizki otla-da alyp petegi,
Synlap gitjek,sagy-soly,çar ýanym.
Şonda sähraň seçegine çolaşan,
Bedewler synlasyn,oba barýanym.
Ýaşyl baýyrlaram meniň yzymdan
Galgap galsyn müň bir reňkli şal ýaly.
Megerem şemallaň içi gysandyr,
Olaram oňlarlar oba barýanym.
Täsin-le,otlynyň “şuwlap”gitmesi,
Sähraň ruhy kowalasa, yzymdan,
Gül tumarly sähram,närazy bolup,
Öýkeläp galmasyn,şahyr gyzyndan.
Men-ä oba gitjek,gözlem dynç alsyn,
Hem oglan doganym “gel” diýýär “ýygy”.
Goý ýüregim derdin döksün,ynjalsyn,
Men oba gideýin,alyp oglumy.
STAMBUL RUHY
Janymdan jan syzyldy,
Uçmah ryzwan syzyldy.
Ölüm perwanasyndan,
Ne nem, ne gan syzyldy.
Nije ýyldyr, gamsyzam,
Ýollarym sowalsyzam.
Gidibilseň gidiber,
Ellerim galamsyzam.
Uzat maňa gollaryň,
Niçik hal-ahwallaryň.
Düşünmediň– düzmediň,
Nirede hyýallaryň.
Gelip-geçen dünýe bu,
Neneň-niçik heňde bu,
Bizi bir ýana goýup,
Hyýallary zyňdy bu.
Içim-içime gider,
Gazlar göçüme gider,
Seň gözlerňe baglandym,
Olar geçirmediler.
Kelebiň ujy gaçdy,
Melegiň täji gaçdy,
Unudylmajaklardandyk,
Pelegiň ýady gaçdy.
Suw geler, akar gider,
Nemlendir, ýakar gider.
Bir gün adam teninden,
Towlanar, çykar, gider.
Toýly Jänädow,
ýörite ussatnews.com elektron gazeti üçin.

Amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi K30S”
“Xiaomi” kompaniýasy amatly bahasy bilen tapawutlanýan “Redmi” telefonlarynyň nobatdaky modeli bilen tanyşdyrdy – “Redmi K30S”. Täze smartonyň 64, 13 we 5 megapiksellik üç sany arka kamerasy bar; öňki kamerasy bolsa 20 megapiksele deňdir. Bu telefonyň kamerasy 8K wideo çekmäge ukyplydyr. “Xiaomi Mi 10T”-niň gaýtadan dizaýn edilen görnüşi bolan “Redmi K30S”-e 6,67 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilip, kümüş we gara reňklerinde öndürilipdir.

Perzentlerim siz
Goňşulam

Ýangyç-ýylylyk öndüriji çeşmedir
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “halkyň Arkadagly zamansy” diýilip halkymyz tarapyndan teklip edilen ýylda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýangyç-energetika pudagy ýokary derejelerde ösdürilýär.

Ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň paýtagtyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler aýdyň netijelerini berýär. Muňa paýtagtymyzda tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berilýän durmuş maksatly binalar, desgalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Tutularyň oýlanyp tapylyşy
Gapylara, penjirelere, aýna diwarlara tutulary tutmak gadymdan bäri meşhur bolupdyr. Olar örtük hyzmatyny ýerine ýetirýärler.