Çagalarda sowuklama ýa-da ýiti respirator wirus ýokançlaryň öňüniň alnyşynyň usullary
Çagalarda sowuklama we üsgülewük ýygy duş gelýär. Sowuklamany, köplenç, wiruslar we bakteriýalar döredýär. Sowuklama keselleri wiruslar tarapyndan döredilende, olara ýiti respirator wirus ýokançlary diýilýär (ÝRWÝ), olar dem alyş ýollarynyň dürli böleklerinde: burunda, bogazda, kekirdekde, traheýada, bronhlarda we öýkende sowuklamany döredip bilýärler.
Ýiti respirator keselleri pasyl çalşanda we gyş aýlary has-da köpelýär we 6 aýdan 6 ýaşa çenli çagalarda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar.
Ýiti respirator keselleriniň çagalarda ýygy-ýygydan gaýtalanmagy bogazyň, bronhlaryň we öýkeniň dowamly kesellere öwrülmeginiň (bronhial demgysma, tonzillitler, adenoiditler, bronhitler, öýken sowuklamasy) esasy sebäpkäri bolýar. Mundan başga-da, ýiti respirator keselleriň gaýtalanmagy çagalarda bedeniň dürli dermanlara bolan duýujylygyny ýokarlandyrýar we allergiýa bilen bagly keselleriň döreme howpuny artdyrýar.
Sowuklamany (ýiti respirator wirus ýokançlary), köplenç, öý şertlerinde antibiotik dermanlary ulanmazdan bejerip bolýar. Kähalatlarda sowuklama gaýra üzülýär we bu ýagdaýlarda lukmanyň maslahaty we antibiotik dermanlary ulanmak zerur bolýar.
Eger-de çagada aşakdaky alamatlaryň haýsydyr biri ýüze çyksa, saglygy goraýyş işgärlerine ýüz tutmaly:
• çaganyň dem alşy çaltlaşsa ýa-da kynlaşsa;
• bedeniň gyzgyny 37,5oC-dan ýokary galsa;
• bedeniň gyzgyny kadaly bolup, üsgülewük, burnuň dykylmagy, bogazdaky agyry 3 günüň dowamynda gowulaşmasa.
• Çagada indiki alamatlar ýüze çykanda, olara howply alamatlar diýilýär we bu ýagdaýda lukmana gaýragoýulmasyz ýüz tutmaly:
• çaga emip ýa-da suwuklyk içip bilmese;
• çagada tutgaý bolsa;
• dem alanda döş kapasasy içine çekilse;
• çaga huşsuz ýa-da onda adaty däl ukuçyllyk bolsa.
Çagalar ýiti respirator keselleri bilen kesellän wagtynda, mümkin boldugyça, köp ýyly suwuklyklary içirmeli. Eger-de çaga emdirilýän bolsa, onda ony adatdakydan ýygy emdirmeli. Ýyly suwuklyklar çaganyň bogazyny ýumşadyp, agyryny aýrar.
Sowuklan wagty çagany adatdakydan ýygy naharlamaly. Oňa witaminlere baý bolan iýmitlerden köp bermeli. Eger-de çaga emýän bolsa, onda ony gije-gündiziň dowamyna ýygy-ýygydan we uzak wagtlap emdirmeli.
Çaganyň burnuny ýygy-ýygydan biraz duzly suw bilen arassalap durmaly. Ony ýyly geýindirmeli, emma çendenaşa dolamaly däl. Otaglary ýelejiredip durmaly, üst ýüzleri çygly esgi bilen ýygy-ýygydan süpürişdirmeli, öýde dürli ysly otlary, ys berijileri goýmaly däl.
Çagalarda sowuklama ýa-da ýiti respirator wirus ýokançlaryň öňüniň alnyşynyň mahsus we mahsus däl usullary bolýar.
Mahsus däl usullaryň esasylaryna 6 aýy dolmadyk çagalary ýeke-täk ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ene süýdi bilen iýmitlendirmegi 2 ýaşa çenli dowam etmek degişlidir. 6 aýy dolan çagalara daşyndan goşmaça naharlary bermeli.
Çagalary dürli-dümen witaminlere baý bolan iýmitler bilen naharlamaly, öňüni alyş sanjymlaryny wagtly-wagtynda almaly.
Çagany wagtly-wagtynda suwa düşürmeli we arassa saklamaly. Çaga bolýan otaglary ýelejiredip durmaly we onuň bilen günde daşarda gezelenç etmeli.
Eger-de maşgalada sowuklamaly adam bar bolsa, onda agyz-burnuny ýapmak üçin örtükleri ulanmaly we çagany ondan daşrakda saklamaly.
Sowuklama keselleriniň öňüniň alnyşynyň mahsus usullaryna wiruslara garşy sanjymlary geçirmek degişlidir, munuň üçin öz maşgala lukmanyňyza ýüz tutup bilersiňiz.
Zyýada KADAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň bir ýaşa çenli çagalar bölüminiň müdiri.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.