Makalalar

Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde

https://ussatnews.com/storage/posts/599/original-1600c2d8157505.jpeg

Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.

Gippokrat we Galen ýaly gadymyýetiň abraýly lukmanlary bejergi işlerinde buýan köküni giňden ulanypdyrlar. Meşhur Ibn Sina bolsa böwrek kesellerinde, gyzzyrmada we öýken kesellerinde buýan köküni maslahat beripdir.

Türkmenistanda buýan köki gadymy döwürlerden bäri dermanlyk maksady bilen peýdalanylýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, türkmen buýany hili we ulanylyş häsiýetleri boýunça dünýäde iň gowularynyň biri hasaplanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda innowasion tehnologiýalaryň esasynda buýan önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň üstünde işleýän «Buýan» agrosenagat toplumy bar. Köküň özi, onuň goýy we gury ekstrakty ýurtda hem-de daşary ýurtlarda uly islege eýedir. Ýurdumyzdaky buýan toplumynyň önümleriniň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär, beýleki bölegi bolsa «Saglyk» derman kärhanasynda ýokumly şirelere we melhemlik çaýlara öwrülýär. Aşgazan-içege, dem alyş ýollary, öýken we deri keselleriniň bire-bir emi bolan buýan kökünden taýýarlanan melhemlikler ýurdumyzyň dermanhanalarynda elýeterli bahadan ilata hödürlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda buýan köküniň peýdalanylyşy, ondan melhemlikleriň taýýarlanylyşy barada maglumatlar.

Peýdalanylyşy

Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär.

Ösümligiň dermanlyk köküni dürli garyndylaryňdyr çaýlaryň düzümine goşýarlar. Buýandan ýasalan kükrek eliksiri gägirdiji serişde hökmünde peýdalanylýar.

Hytaýda buýan gadym zamanlardan bäri belli. Bu ýerde ony garratmaýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Orta asyrlardaky lukmançylyk edebiýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly buýan hakda köp maglumat berilýär. Buýanyň kökünden alnan toşaby meşhur gägirdiji serişde hökmünde ulanypdyrlar.

Buýan iýmit, konditer, reňk senagatynda, dürli içgileri taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy

Owradylan buýanyň bir nahar çemçesiniň (15 g) üstüne ýarym litr (500 ml) suw guýup, pessaý otda 10 minut gaýnatmaly. Taýýar bolan peti hasa bilen süzüp, 5 çaý çemçesinden (25 g) her gezek nahardan öň içmeli.

Owradylan köküň bir nahar çemçesiniň (15 g) üstüne bir bulgur (200 ml) gaýnag suw guýup, haýal ýanýan otda 15-20 minut gaýnatmaly. Emele gelen peti her gün bir nahar çemçesinden (15 g) 4-5 gezek içmeli.

Buýan köki garylan «kükrek çaýynyň» taýýarlanylyşy

Munuň üçin bir nahar çemçesi mukdaryndaky garyndynyň 3 bölegini atgulagyň ýapragy, 3 bölegini buýanyň köki we 4 bölegini dürotunyň ýapragy tutmaly. Garyndy taýýar bolansoň, üstüne iki bulgur (400 ml) gaýnag suw guýup, 20 minut goýmaly. Taýýar çaýy ýyly mahaly 1-2 bulgurdan (200-400 ml) içmeli.

 

 

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.