Makalalar

Bäşimgeldi SAPARDURDYÝEW Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýyna täze aýdymlary bilen halkymyza lezzet paýlar

https://ussatnews.com/storage/posts/604/original-1600d5121e7aa0.jpeg

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň medeniýet öýüniň zehinli aýdymçysy Bäşimgeldi Sapardurdyýewiň aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläsiň gelýär, sebäbi olar seniň göwün dünýäňe ylham paýlaýar. Onuň ýerine ýetirýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Baga seýle», «Käkilik», «Garaşýan» ýaly aýdymlary köpçüligiň söýgüsine mynasyp boldy. Biz hem «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

— Bäşimgeldi, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly bilen bagly Watanymyzyň parahatçylygyny, beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlary döretmegi göz öňünde tutýarsyňyzmy?

— Elbetde, Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän aýdymdyr sazlary döretmek, hormatly Prezidentimiziň peşgeş eden ajaýyp zamanasynyň toý-baýramly günlerini bezemek baş maksadym. Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna täze aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris.

— Söhbedimizi sungata gelşiňiz baradaky gürrüň bilen dowam edäýeliň.

— Men Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ok obasynda doglup, şol ýerdäki 8-nji orta mekdebi tamamladym. Aýdym-saza bolan höwesim ilki Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebine alyp geldi, soňra Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okap, uly halypalardan tälim aldym. Mekdepde okaýan döwürlerim kakamyň: «Oglum, sen köpräk aýdym öwren, halypa bagşylary diňle!» diýmesi sungat ýolumdaky berlen ak pata boldy.

— Kakaň maslahaty, halypalaryň öwüt-ündewi bilen aýdym-sazly dünýä imrinipsiň-dä.

— Hawa. Aýdym-sazyň ajaýyp dünýäsi çaga kalbyma mukam bolup siňdi. Halypalaryň her bir sözi, her sargydy biz aýdymçylara nusgadyr. Halypalarym Maýa Sähedowanyň, Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýdylyş tärleri, sahnada özüňi alyp barmagyň sungaty baradaky maslahatlaryny köp diňledim. Halypam Mämmetmyrat Annamyradowyň aýdymçy bolmagymda uly goldawynyň bardygyny aýratyn nygtasym gelýär.

— Bäşimgeldi, halkymyzyň bagşyçylyk sungatynda birnäçe ýollar bar. Siz haýsy ýoldan aýdym aýdýarsyňyz?

— Men damana ýolundan, şeýle-de beýleki ýollaryň halk aýdymlaryny aýtmagy halaýaryn. Halypalar Sahy aganyň, Annaberdi Atdanowyň, Atabaý Çarygulyýewiň, Röwşen Hallyýewiň aýdýan aýdymlaryndan ylham alýaryn. Saýlan hünäriňe, käriňe gowşup, «dilini» tapyp bilseň, öz işiniň ussady diýdirip bilseň halkyň söýgüsine mynasyp bolýarsyň. Aýdymçy bolmak babatda-da hut şeýle diýip pikir edýärin.

— Siz ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde «Aşyk Çaňly» operasynda baş keşbi ýerine ýetirdiňiz. Söhbedimizi operada döreden keşbiňiz barada dowam edäýeliň.

— «Aşyk Çaňly» operasynyň librettosyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Dirižýory Döwlet simfoniki orkestriniň baş dirižýory Resul Gylyjow, hormeýsteri Haýdar Eminow, operany goýan Aýnazar Batyrow. «Aşyk Çaňly» dessany söýgi hakdaky eser bolup, ýetginjek döwürlerim okapdym. Bu dessandaky «Bibi», «Bibiniň», «Ýandyrdyň, Bibi!» ýaly aýdymlary halypamyz, Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow ussatlyk bilen ýerine ýetiripdi. Bu aýdymlaryň üstüne «Gözel», «Gelin geldi», «Näm boldy» ýaly aýdymlary hem goşup, operada ýerine ýetirdim.

— Teatr sahnasynda keşp janlandyrmak ýeňil däl bolsa gerek?

— Opera — örän inçe sungat. Ony zehin bilen zähmetiň berk sazlaşygy emele getirýär. Halypa artistler bilen işleşmegim operada ýerine ýetiren keşbimiň şowly çykmagyna getirdi. Bu opera eserinde Aşyk Çaňly bilen Bibi bir-birine gowuşmasa-da, olaryň söýgüsi aýdymlaryň üsti bilen şu günlere çenli halkyň kalbynda ýaşap gelýär.

— Okyjylarymyza maşgalaňyz bilen bagly gürrüňler hem gyzykly bolsa gerek.

— Agzybir hem döwletli maşgalamyz sungata sarpa goýýar. Ejem dokmaçy bolansoň, öýümizde hemişe radionyň sesi ýaňlanyp durardy. Çagalygymyzdan gulagymyz aýdym-sazdan ganyp ulaldyk. Men maşgalada ýedi doganyň körpesi. Kakam mugallym bolup zähmet çekýär. Gelnim Hatyja bolsa aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi.

— Bäşimgeldi, söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek arzuwlaryňyzy hem okyjylarymyza ýetiräýseňiz.

— Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenilip geçiler. Biz hem bu toýy öz aýdymdyr sazlarymyz bilen bezäp, halkymyza lezzet paýlarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!

— Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

            USSAT NEWS.

Başga makalalar
168675ab92cd74.jpeg
Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi

Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.


1683845ca982c3.jpeg
Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol

«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.


1682eb899de9c6.jpeg
Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar.

1682339af97470.jpeg
Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar

Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar.


167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.