ÝURT HATYRASY – «HALK HAKYDASY»
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen ýurdumyzyň şöhratly taryhynda uly yz galdyran pajygaly seneler her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni diýlip döwlet derejesinde bellenilýär. Öten-geçenlerini ýatlap, ynsan hatyrasyny saklamak bolsa, türkmen halkynyň iň asylly häsiýetleriniň biridir. Parasatly pederlerimiziň «Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan – beg», «Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden» diýen milli ýol-ýörelgesine eýerýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary bilen her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1948-nji ýylda tebigy weýrançylyk zerarly gül ömürleri kesilen ildeşlerimiziň hatyrasy sarpalanýar, aýat-töwirler okalyp, olaryň ruhuna sadakalar berilýär.
1948-nji ýylyň ýer titremesi mugallym, esger, ilhalar ynsan, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapyny üzdi. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynda beýan edilişine görä, Berdimuhamet Annaýewi kesegiň aşagyndan çykaranlarynda, ol entek diri bolup, ýöne demini agyr alýar eken. Şol wagt ol zordan gepläp: «Atom ýarylyp, uruş turmadyk bolsa, ýene ýagşy, dowamat bolar, nesiller ýaşar» diýmek bilen, ýanynda aglap duran okuwçysyny hem-de ogly Mälikguly agany mekdebe ugradyp, ol ýerde ýaşaýan okuwy täze gutaryp gelen ýaş mugallyma kömek etmeklerini wesýet edipdir. Munuň özi, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň öz hal-ýagdaýynyň gaty agyr pursadynda hem özüniň halas edilmegini, öz saglygyny alada etmän, eýsem özgäniň – ýaş mugallymyň halas edilmeginiň, ýaş nesliň saglynyň aladasyny etmeginiň özi hem, onuň watansöýüji, ynsanperwer ynsan bolandygynyň aýdyň delilidir. Şonuň üçin-de il-günümiz her ýylyň 6-njy oktýabrynda hatyra tutmakda, öten-geçenleriň ruhuny sarpalamakda, özboluşly bir dessur gymmatlygyny berjaý edenlerinde Gahryman Arkadagymyzyň mähriban atasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem ruhunyň şat bolmagy üçin aýat-töwirler okaýarlar.
Öten-geçenleri ýatlap, olary hatyralamak Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has döwrebaplaşdyrylyp, biz – ýaş nesliň kalbyna öçmejek gymmatlyk hökmünde ornaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň watansöýüji, arassa ahlakly bolmagy baradaky pentleri bagtyýar ýaşlaryň her biriniň ýüregine melhem bolup ornaýar. Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň we Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçeklerimiziň ruhuny hatyralamak, ähli söweşleriň edermenlik görkezen watançylaryny, milli gahrymanlaryny hormatlamak, olaryň ruhlarynyň öňünde tagzym etmek maksady bilen geçirilýän hatyra dessury her birimiziň köňlümizde Watany söýmekde mizemez mekdep döreden gerçeklerimize çuňňur hormat oýarýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň gurulmagy ebedi hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpadan nyşandyr.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň «Ruhy tagzym», «Milletiň Ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärlik toplumlaryndan ybarat bolan «Halk hakydasy» ýadygärligi milli binagärligimiziň taryhyndaky iň naýbaşy we kämil taslamalaryň biri bolmak bilen, olar Watan gymmatlygynyň derejesini kesgitleýän binalar bolup, kalbymyza siňýär. Çünki, bolelin, eşretli durmuşymyzyň binýadyny goýup giden Watan gerçeklerimiz ýurdy söýmegiň beýik nusgasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bütin türkmen halky her ýylyň 6-njy oktýabrynda – Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň we söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hatyrasyna ýurdumyzyň baş şäherinde – gözel paýtagtymyzda bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň Ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine ter gül desselerini goýmak bilen, şu günki bagtyýar nesilleriň bimöçber minnetdarlyk duýgularyny bildirýärler.
Hatyra çäresine gatnaşyjylar ýylyň-ýylyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň «Ýertitreme muzeýi» we «Söweş muzeýi» diýen bölümlerine aýlanyp, şol ýyllaryň pajygaly wakalarynyň muzeý gymmatlyklary bilen tanyş bolýarlar.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň «Ýertitreme muzeýi» bölüminde 1948-nji ýyldaky aýylganç ýer titremesinde weýran bolan jaýlaryň nusgalary hem-de dikeldilen şäheriň keşbi suratlaryň – foto-resminamalaryň üsti bilen görkezilýär. Bu taryhy suratlar – foto-resminamalar arkaly biz pajygaly Aşgabat ýertitremesiniň 75 ýyllygynda 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabry gijesinde sagat ikiden 12 minut işläninde göz açyp-ýumasy salymda bolup geçen elhenç tebigy betbagtçylyk – ýertitreme zerarly şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarys. 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesen şol pajygaly wakadan bäri 75 ýyl geçse-de, bu taryhy hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýar.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň «Söweş muzeýi» diýen bölüminde bolsa 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwrüni hakydaňda janlandyrýan sowuk we ot açýan ýaraglaryň, eşikleriň toplumy, harby esbaplar, arhiw resminamalary görkezilýär. Muzeýiň bu bölüminde şekillendirilen Gökdepe galasy bilen baglanyşykly taryhy wakalar Gahryman Arkadagymyzyň garry atasy Anna serdaryň «Nesiller netije çykarsynlar. Betbagtçylykdan hem many almaly... Ar köýen ýerden är dörär» – diýen parasatly taglymatyny hakydaňa getirýär. Ýeri gelende aýtsaň, Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» romanynda beýan edilýän bu parasatly taglymat, ýagny Anna Serdaryň Gökdepe wakasy barada aýdan «Nesiller netije çykarsynlar. Betbagtçylykdan hem many almaly... Ar köýen ýerden är dörär» – diýen dana paýhasy bu günki gün durmuş hakykatyna öwrüldi. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ary köýen türkmen gerçekleriniň mekanynda – Gökdepede 1957-nji ýylyň 29-njy iýunynda bir beýik är döredi. Bu beýik är Anna serdaryň öz neberesinden, nesil daragtyndan döredi. Bu beýik är – Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gahryman Arkadagymyzdyr. Gökdepe gahrymanlaryna ele ýarag alyp berkarar etmeklik başartmadyk özbaşdak türkmen döwletiniň binýadyny Gahryman Arkadagymyz öňdengörüjilikli, dana akyl-paýhasy bilen tutdy.
Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda berkarar eden häzirki ajaýyp zamanasy bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda dowamat dowam boldy.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 6-njy oktýabrda – Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň sadaka jaýynda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň, söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlaryň ruhlaryna degsin edilip beriljek sadakalar, okaljak aýat-dogalar kabul bolsun! Ýurdumyz elmydama aman bolsun!
Toýly Jänädow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap geňeşiniň işgäri.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.