«Watan ogly mertden geler»
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýeti bolan «mertlik» babatda söhbet etmeklik, biziň üçin diýseň ýakymlydyr. Häzirki zaman milli söz sungatynda «mertlik» taglymy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär. Halypa zenan şahyrymyz özüniň «Mertlik gerek», «Mertligi biz bilen», «Watan ogly mertden geler» atly şygyrlarynda, «Arkadagym, merdanamsyň, merdimsiň», «Merdiň aty diňe öňe Arkadag» atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde «mertlik» taglymynyň many-mazmunyny anyk-aýdyň açyp görkezýär hem-de bu düşünjäniň türkmen ýigidini bezeýän ajaýyp gylykdygyny, şeýle gylygy şahsy häsiýetine öwren gerçegiň bolsa hakyky Watançy oguldygyny şahyrana dilde örän ussatlyk bilen beýan edýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «mertlik» taglymynyň düýp mazmun özenini dana ata-babalarymyzyň «Mert ýigitden mert dogar», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Mert söweşde belli, dana – geňeşde», «Mert serini berer, syryny bermez», «Merde ýalbarsaň peseler, namarda ýalbarsaň eseler», «Mert – iliň adamy», «Merdi magtasaň-da mert, namardy magtasaň – dert», «Merdiň sözi ýeke, namardyň özi ýeke», «Mert berip guwanar, namart – alyp», «Mertde mähir bolar, namartda – gahar», «Mert özünden görer, namart–ýoldaşyndan» – diýen ýaly pähim-paýhasa ýugrulan parasatly sözlerindäki merdiň keşbi düzýär. Esananam, «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözi bilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» diýen parasatly pelsepesiniň Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «mertlik» taglymynyň baş mowzugyna öwrülmeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, türkmen halkynyň 5000 ýyllyk şöhratly taryhyna ser salamyzda-da, Gadymy Oguz türkmen döwletinde Oguz handan Gün han, Beýik Seljukly türkmenleriň döwletinde Çagry begden Alp Arslan, Alp Arslandan Mälik şa, Mälik şadan Soltan sanjar, Köneürgenç türkmenleriň döwletinde Muhammet Horezmşadan Jelaleddin Meňburun ýaly beýik şahsyýetleriň kemala gelmekligi «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» diýen pelsepesiniň ýöne ýerden döremändigini görkezýär. Bu babatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hem, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyraga nezire hökmünde ýazan «Mert ýigit mert ärden öner» atly şygrynda:
Bu ýodalaň, bu ýollaryň gelşini,
Oguldan-ogula güýjün geçirip.
Mert ärleriň ýürek bolup bilşini,
Il-gününe döwür-döwran eçilip – diýen şahyrana setirleri dile getirýär. Bu ajaýyp şygrynda halypa zenan şahyrymyz mertden dörän mertleriň atasynyň ýoluny dowam etdirip, il-gününiň asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy üçin döwür-döwran eçilýändigi baradaky taryhy hakykaty öňe sürýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň özi hem, bäş müň ýyllyk şöhratly taryhymyzda beýik döwletleri gurup, Watany gülledip ösdüren türkmeniň mert ýigitleriniň dowamaty bolan mert nesillerine ýarym asyrdan gowrak wagtlap garaşandygyny «Ahmyrly ýyllara ýüzlenme» atly şygrynyň:
Men artyk sözlemäýin, ýetikdir derdim meniň,
Ýol söküp, sözlemäýin dogmandyr merdim meniň – diýen setirinde beýan edýär. Ussat halypa zenan şahyrymyza özüniň ömürboýy garaşan mert şahsyýetini, türkmeniň mert ogluny görmeklik bagty Berkarar döwletimiziň häzirki bagtyýarlyk döwründe miýesser edýär. Ol bu bagty ýurdumyzda häzirki ajaýyp döwrümizi esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetinde görendigini, milli Liderimiziň mertliginiň ýeke-täkdigini, ony hiç bir ynsan oglunyň gaýtalap bilmejekdigini, özüniň «Gahryman Arkadag» poemasynda uly buýsanç bilen nygtamaklyk bilen:
...Aýt, kime başardar mertligi bilen,
Il öňünde Özüň ýaly sak durmak.
Bu mertligi gözläp bolmaz her kimden,
Çykmaz ol erkinden, bäri berkinden,
Beýdäýmege kesbi-kärden bolmaly,
Aý Eneden, hem mert ärden önmeli – diýen ajaýyp şahyrana setirleri dile getirýär. Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bu liriki eserinde mähriban Arkadagymyzyň beýik şahsyýetindäki mertligiň türkmeniň milli «mertlik» taglymatyndan – «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözi bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» diýen pelsepesinden gözbaş alýandygyny beýan edýär. Halypa zenan şahyrymyz «Arkadag aslyna düşdi nazarym» atly poemasyndaky:
Geldik uzak ýoluň ýumagyn sarap,
Asyl aňryň Dünýäm, Oguz handandyr...
...Nusgawy maşgala ýaýraw ýazy bilen,
Oguz gowşurandyr aňyrlylygy.
...Bize berlen bagtyýarlyk döremez,
Ogzuň salan asyl ýoly ýeňmese.
Arkadagy eçilensoň, berensoň,
...Güýjüni duýmazmyň, Oguz topragnyň – diýen şygyr setirlerinde Milletbaşymyzyň döwründen başlap, orta asyrlar döwrüne çenli dowam eden türkmeniň milli «mertlik» taglymatynyň – «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözi bilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» diýen pelsepesiniň Oguz han atamyzyň mesgen tutan gadymy oguz topragynyň – Yzgant obasynyň gudraty bilen mähriban Arkadagymyzyň nesil, neberesine ýaýrandygyny uly buýsanç bilen belleýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen şahyrana taglymy bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň mukaddes Watanymyzyň häzirki Bagtyýarlyk zamanasynda hem öz beýanyny tapýandygyny «Arkadagym merdanamsyň, merdimsiň» poemasynyň:
Asla bolup bilmez Sen bolup biljek,
Diňe Saňa bagly ertämiz Gerçek,
Dowamyň barlygy yzyň eýerjek,
Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň – diýen, «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemasynyň:
...Baksa nazaryňy Kerim ýatladýar,
Dowamatyň dowam, dowam Arkadag! – diýen ajaýyp şygyr setirlerinde belleýär. Halypa zenan şahyrymyz bu liriki eserinde Gahryman Arkadagymyzyň agtygynyň keşbindäki mertlik gylyk-häsiýetiniň nesil-nebere yzarlaýandygyny, ýagny agtyga kakasyndan geçen mertligiň, onuň kakasyna kakasynyň kakasyndan geçendigini, edebi dilde aýdanymyzda, onuň atasyna atasynyň atasyndan geçendigini:
– Mertlik geçip barýar at:a atadan,
– Ataga atadan ýol ýatyr bärde – diýen şygyr setirlerinde uly buýsanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň bu şygyr setirlerinde, «Dowamdadyr mert zürýady Ýigidiň», «Dowamat dowamdyr, dowam Arkadag» atly poemalarynda we beýleki liriki eserlerinde milli Liderimiziň dowamatynyň türkmen halkynyň häzirki Bagtyýarlyk döwrüniň dowamatydygyny uly buýsanç bilen beýan edýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, şahyr, beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen parasatly taglymy bilen «Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözüniň manysyna mazmundaş «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şahyrana pikir-garaýyşyny öňe sürýär. Munuň özi halypa zenan şahyryň aňrybaş ussatlygyndan habar berýär.
«Mert ýigitden mert dogar» diýen atalar sözündäki, beýik Magtymguly Pyragynyň «Mert ýigit mert ärden öner» – diýen şahyrana taglymyndaky, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň «Watan ogly mertden geler» diýen ajaýyp şygyr setirindäki «mertlik» düşünjesi «Türkmen nusgawy edebiýatynyň sözlügi» bilen türkmen diliniň häzirki zaman sözlüklerinde beýan edilişine görä, «edermenlik, batyrlyk, jomartlyk, dogumlylyk, erdemlilik, gaýratlylyk, çydamlylyk» ýaly manylary aňladýar. Bu manylar bolsa türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýetlerdir.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa özüniň «Magtymguly Pyragynyñ edebi mirasynda «Mert ýigit» pelsepesi» atly ylmy makalasynda: ««Mertlik» – erkek adamyň pähimliliginiň, dogumlylygynyň, gaýratlylygynyň, batyrlygynyň, edermenliginiň, çydamlylygynyň, jomartlygynyň, rehimliliginiň, myhmanparazlygynyň jemi diýmegi aňladýar. Mertlik – munuň özi watansöýüjilik; mertlik – ynsanperwerlik; mertlik – dogry sözlülik; mertlik – wepalylyk; mertlik – göwnaçyklyk; mertlik – elaçyklyk…
Häzirki zaman nukdaýnazaryndan mertlik, munuň özi hamyrmaýasy – batyrlyk, gaýduwsyzlyk, ar-namyslylyk, şol bir wagtyň özünde hem ylymlylyk, bilimlilik, kämillik, maksadaokgunlylyk, çözgüt edip biljilik, adalatlylyk, tiz pähimlilik, sagdyn bedenlilik, polat ýaly erklilik, täze tilsimatlardan baş çykaryp bilijilik, päk ahlaklylyk, giň we çuň gözýetimlilik, jogapkärçilik, işjanlylyk, erjellik... diýmegi aňladýar.» – diýip bellemeklik bilen, «mertlik» düşünjesini aňladýan manysy boýunça nusgawy türkmen edebiýatyndaky we häzirki zaman türkmen edebiýatyndaky «mertlik» düşünjesi diýen iki topara bölýär.
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa «Watan ogly mertden geler» atly şygrynyň:
Watan ogly mertden geler,
Ömürlik ömrüni egläp.
Il Ogly deý ismin ýaýar
Türkmenini bar eýläp. – diýen ajaýyp setirlerinde özüniň «mertlik» babatdaky şahyrana pikir-garaýyşlaryny beýan edeninde hormatly Prezidentimiziň Beýik Şahsyýetini, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan ägirt uly işlerini bir pursat hem nazaryndan sypdyrmaýar. Halypa zenan şahyrymyz Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Şahsyýetindäki mertligiň şu günki Watan goragçylary üçin nusgalyk göreldedigini özüniň liriki eserlerinde belleýär.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.