Peýdaly maslahatlar

Süýdüň peýdasy

https://ussatnews.com/storage/posts/6202/original-165379720eb3fa.webp

Süýt gündelik iýmitiň möhüm bölegidir. Bu önüm bedeniň umumy saglygy, immuniteti üçin örän peýdalydyr. Adamzat gadymy döwürlerden bäri sygyr süýdünden we ondan taýýarlanýan önümlerden peýdalanýar. Dünýäde her ýyl 580 million litrden gowrak süýdiň sarp edilmegi onuň meşhurlygyndan habar berýär. Önümiň ulanylyş gerimi giň bolup, ol derman senagatynda, owadanlyk serişdelerinde, dürli süýjilikler taýýarlananda we başga-da ençeme ugurlarda peýdalanylýar.

Sygyr süýdünde beden üçin esasy aminokislotalary özünde jemleýän wajyp kazein belogy köp mukdarda saklanýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Azyk tehnologiýasy instituty tarapyndan «XX asyryň azyk tehnologiýasynyň iň uly üstünligi» diýip atlandyrylan süýdüň üznüksiz ultrapasterizasiýa prosesi hem-de saklanyş möhletini alty aýa çenli uzaltmaga mümkinçilik berýän aseptik gaplama ulgamlary işlenip düzüldi. Süýt pasterizasiýasyndan soň, ol düzümindäki kalsiý, kaliý, magniý elementlerini we witaminleri saklap galýar.

Süýt witaminleriň we minerallaryň çeşmesidir. Ol süňkleriň saglygynda, myşsalaryň çeýeliginde we nerw ulgamynyň işinde möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin adam perzendiniň we müňlerçe haýwanlaryň çagalarynyň doglandan soňra ilkinji iýmiti süýt bolup durýar. Süýtden beden üçin peýdaly we datly gatyk, gaýmak, peýnir, ýag, ýogurt, tworog ýaly önümler alynýar. Sygyr süýdiniň 250 gramynda 146 kaloriýa, 8 gr belok, 12,8 gr şeker we 8 gr ýaglar bar. Şeýle-de onuň düzüminde B12, D, A witaminleri, magniý, sink we tiamin köp mukdarda saklanýar. Lukmanlar iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk bolan adamlara süýt içmegi maslahat berenoklar.

Süýtdäki laktoza we kalsiý bedendäki süňkleriň we dişleriň saglygyny goldaýar. Bu içgi agyr fiziki işler, sport bilen meşgullanýan adamlar üçin has-da peýdalydyr. Önümiň düzümindäki omega-3 beýniň işini gowulandyrýar, hereket-daýanç, pikirlenmek endiklerini ösdürýär.

Taýýarlan Suraý ANNATAGANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.