Dünýä çempionlygyndan Olimpiýa medalyna

20:35 27.01.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/629/original-16011885010219.jpeg

28 ýyl goja taryh üçin, belki, örän ujypsyz wagt aralygy. Ýöne ynsan ömri üçin az pursat hem däl. 28 ýyllyk menzil Garaşsyz Türkmenistana bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny bagyşlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä belli ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewden soňra dünýä çempiony bolan ikinji türkmenistanly türgen boldy.

Halkara agyr atletika federasiýasyndan (IWF) hormatly Prezidentimiziň adyna bu barada degişli hat gelensoň, Ýulduz bilen söhbetdeş bolduk. Biziň gürrüňimiz, esasan, bu halkara ykrarnamanyň beren şatlygy, türgeniň sport ýoly we indiki maksatlary barada boldy.

— Hoş habary 16-njy ýanwar güni ir bilen eşitdim. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginden IWF-den hormatly Prezidentimiziň adyna ýörite hatyň gelendigini eşidenimde, kalbymy güýçli tolgunma gurşap aldy. Öz agram derejämde dünýä çempiony bolmak, hakykatdan-da, juda ýakymly duýgy — diýip, Ýulduz şol pursatlaryň şatlygyny paýlaşýar.

— Siziň üstünligiňiz diňe dünýä çempionlygy bilen hem bagly däl. Siz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 45 kilograma çenli agram derejesinde ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny hem täzelediňiz.

— Hawa, paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynda bu barada çykyşym tamamlanan dessine habar berildi. Hem dünýä çempiony bolmak, hem dünýä rekordyny täzelemek her bir türgeniň iň uly maksatlarynyň hatarynda.

— Wagtyň çarhyny biraz yza dolap, 2018-nji ýyla — Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gaýdyp baralyň. Çempionatdan öň siziň bilen guralan bir söhbetdeşlikde maksadyňyzyň dünýä çempionlygydygyny okapdym.

— Hawa, maksadym şoldy. Ýöne güýçli garşydaşlarymyň hem bardygyny bilýärdim. Şeýle-de bolsa, tälimçilerimiň we ýakynlarymyň goldawy bilen üstünlik gazanyp biljekdigime ynamym güýçlüdi. Onsoň hem, men ilkinji halkara medalymy hut Aşgabatda — 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanypdym. Ondan soňra paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem medala mynasyp bolmak nesip edipdi. Mahlasy, paýtagtymyzda geçirilen ozalky iki halkara ýaryşda-da medal gazanamsoň, bu gezek hem özüme ynamym bardy.

— Ştangany silterläp götermekde gazanan netijäňiz (75 kilogram) bürünç medala deň gelip durdy. Bu bolsa size itekläp götermek boýunça jogapkärçiligi ýükledi.

— Siz meni şol mahal başdan geçiren duýgularyma ýene bir ýola gaýdyp getirdiňiz. Garşydaşlarymyň ukyby ýüze çykypdy, silterlemekde men üçünji orna düşdüm. Şol aralykdan ştangany itekläp götermäge çenli başdan geçiren duýgularymy bir bilsediňiz. Çünki bu gezek has köp, belki, maksat edileninden hem köp agramlygy götermäge borçludym. Her niçik hem bolsa bu gezek 104 kilogramlyk netije bilen üçünji orundaky bäsdeşimden

9 kilogram dagy öňe saýlandym. Netijede, dünýä çempionatynyň kümüş medalyndan paýly boldum.

— Şol günlerde «Ýyldyzyň kümüş öwüşgini» diýlen sözbaşyly makala bilen bu hoş habary okyjylara buşlanymyz ýadyma düşýär. Ýöne bu öwüşginiň has ýiti şuglasynyň nesibesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda eken. Ýene bir gezek gutlaýarys, Ýulduz! Eýsem, altyn medal baradaky hoş habary ilki kime buşladyň?

— Elbetde, atam-eneme, doganlaryma. Olar Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýaşaýarlar. Maşgalam — hemişe iň ýakyn goldawçym.

— Ýogsa-da, agyr atletika sportuna gelmegiň hem daýyň bilen bagly bolmaly.

— Hawa, meni bu ugra gönükdiren ilkinji tälimçim — daýym Zeripbaý Kerimow. Ol diňe mende däl, tutuş maşgalamyzda bu sportda üstünliklere ýetip biljekdigime bolan ynamy oýardy. Şeýdip hem onuň ýolbaşçylygynda türgenleşip başladym. Soňra türgenleşiklerimi has professional derejede, paýtagtymyzda dowam etdirdim. Ondan soň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolup, bu işi ykbalyma öwürdim.

— Agyr atletika zenanlara mahsus sport görnüşi däl diýýänler hem bar...

— Men beýle hasaplamok. Tersine, onuň saglyk üçin peýdaly taraplary kän. Tälimçiler dogry türgenleşmegiň ýollaryny öwredýärler. Dogry türgenleşseň, hiç hili zyýany ýok. Esasy zat, türgen hemişe tälimçiniň gözegçiliginde bolmaly.

— IWF-iň resmi saýtynda henize çenli 16 halkara ýaryşa gatnaşyp, şolaryň 6-synda medallaryň dürli görnüşlerine mynasyp bolandygyňyzy görýäris. Dünýä çempionatynyň altyn medaly bolsa iň uly üstünligiňiz. Soňky ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlaryňyz sizi Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga näderejede ýakynlaşdyrýar?

— Heniz edil bosagasynda bolmasagam, doly ýakynlaşdyk diýip bileris. Öňde ýene-de halkara ýaryşlaryň birki sanysy galdy. Şolarda hem öňdäki orunlara düşüp bilsek, Tokio Olimpiadasynda medal üçin göreşmäge mümkinçiligimiz doly bolar.

— Milli ýygyndymyzyň häzir Olimpiýa şäherjiginde türgenleşýändigini bilýäris. Türgenleşikler nähili tertipde dowam edýär?

— Hepdede alty gün türgenleşýäris. Kä günlerde iki, käbir günlerde bir türgenleşigimiz bar. Maksadymyz — ilki halkara ýaryşlarda, soňra-da Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek. Munuň üçin bize ähli mümkinçilikler döredilýär.

— Ýulduz, söhbetdeşlik üçin sag boluň! Sizi ýene bir ýola dünýä çempionatynyň altyn medaly bilen gutlaýarys! Sport äleminde mundan beýläk hem üstünlikler arzuw edýäris!

— Siz hem sag boluň! Men ýene bir ýola ýurdumyzda sport bilen meşgullanmaga, öz ukybyňy halkara derejesinde ykrar etdirmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin! Goý, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna üstünlikler bilen barmak türgenlerimiziň her birine nesip etsin!

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Başga makalalar
1624342e3347d9.jpeg
Dünýäde iň gaty agaçlar

Gatylyk ölçegi hökmünde «dub ýaly», «dubdan ýasalan ýaly» diýen deňeşdirmeler ulanylýar. Eýsem dünýäde iň bir gaty agaç diňe dub agajymyka?


1624d92151ac41.jpeg
Guwandyryjy netijeler belent sepgitlere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine atarýar.


1624371ce4fbd9.jpeg
«Gara altynyň» gymmaty

Soňky döwürde dünýä bazarynda «gara altynyň» gymmatynyň artýandygyny bellemeli. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.


1624345b1bc89e.jpeg
BILIM ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň belentliklere galýan eýýamy bolup durýar. Munuň özi bilimiň, tehnologiýalaryň ylmyň we döredijilik mümkinçilileriniň derejesiniň yzygiderli ösýändigi bilen şertlendirilendir.


1624d95afef530.jpeg
Beýikliklere eýe ýurtlar

Tebigy landşaftyň gözelligi, ýerleşýän ýeriniň deňiz derejesinden belentligi ýa-da pesdeligi bilen dünýä ýurtlary babatda aýry-aýry sanawlary düzmek mümkindir. Şeýle-de özlerinde dünýädäki iň bir belent gerişleri saklaýan ýurtlar hem hasaba alynýar.