Okuwçy gyzlaryň arasynda “Gül tahýam” atly bäsleşik geçirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň çagalar ýetginjekler döredijilik öýünde etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda “Gül tahýam” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige 12 sany mekdep gatnaşyp II şertler bolup, olar I –nji şerti Gül tahýanyň bejerilişi. II-nji şerti Gül tahýanyň rowaýatyny beýan etmekden ybaratdyr. Bäsleşik diýseň gyzykly bolup onda I-nji orna Ýolöten etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň gyzlary, II-nji orna Ýolöten etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň gyzlary, III-nji orna bolsa Ýolöten etrabynyň 46-njy orta mekdebiniň gyzlaryň ýeňiji boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary şeýle hem ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen keşdesi amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Gelin-gyzlaryň elde çekýän keşde nagyşlarynyň nusgalary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Milli nusgalar nesilden-nesle geçip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen gelin-gyzlaryň waspyny ýetirjek bolsaň, onuň döreden nagyşlaryny synlaýmaly. Sünnälenip döredilen keşdeler türkmen gelin-gyzlaryň zähmetsöýerligini, edep-ekramlylygyny, ezberligini, sabyrlylygyny görkezýär. Ol eneden gyza, ýeňňeden baldyza, ýagny, arkama-arka geçip gelýän inçe senetdir, milli sungatdyr. Şolaryň biri ene-mamalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän, türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden dörän gül tahýalarydyr. Özüniň nepisligi, owadanlygy bilen dünýä medeniýetine goşant goşan gül tahýalary nagyşlarynyň sünnäligi bilen göreni haýrana goýýar.
Jennet Orazowa,
Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.