Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyk ösdürilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän täze okuw mekdep binalary, täze hünär ugurlary we okuw mekdepleri ýaş nesliň zamanabap bilimli, hünärli bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzyň orta mekdepleriň birnäçesiniň ýörite ugurly mekdepler bolmagy guwandyryjydyr. Türkmen diline, daşary ýurt dillerine, matematika we beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen orta mekdepler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bilim ulgamynyň özboluşly häsiýetnamasyny emele getirýär.
Jemgyýetiň ruhy kämilligi onuň ykdysady bähbitlerini üpjün etmegiň ynamdar binýadydyr. Ynsan ruhy dünýäsi babatda näçe kämil boldugyça, jemgyýetiň ykdysady, medeni, durmuş bähbitlerine, zerurlyklaryna has aýdyň we çuň göz ýetirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylyp, olar ýokary we ýörite orta hünär mekdepleriniň okuw meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda berilýän bilimiň başlangyç çygyrlary bilen tanyşdyrmaga ukyplydyr. XI XII synplarda okuwçylaryň özlerini has zehinli diýip tanadan ugurlary boýunça täzeden synplara bölünmegi we tebigy, takyk we ynsanperwer ugurly dersler boýunça ýöriteleşdirilip okadylmagy olaryň geljekde ýokary we ýörite hünärleri ele almaklaryndan örän peýdalydyr.
Biz ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim alyp, zamanabap hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Rustem MUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.