Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär. Şonuň üçin onuň ady grape («üzüm») we fruit («miwe») sözlerinden gelip çykýar. Alymlar miwäniň apelsin bilen pomelo miweleriniň birleşiginden gelip çykandygyny çaklaýarlar. Miwäniň 20-ä golaý görnüşi bolup, olar reňki we agramy boýunça tapawutlanýarlar.
Greýpfrut saglygyňy goramakda örän peýdaly hasaplanýar. Miwäniň 100 gramynda 42 kilokaloriýa, 0,8 gr belok, 0,1 gr ýaglar, 10,7 gr uglewodlar, 1,6 gr iýmit süýümi, 22 mg kalsiý, 9 mg magniý, 18 mg fosfor, 0,1 mg demir, 135 mg kaliý elementleri bar. Şeýle-de, onuň düzüminde köp mukdarda A we С witaminleri, süýüm, kaliý we pektin bar. Önüm artykmaç agrama garşy göreşmekde, teniň we gan damarlarynyň saglygyny goramakda peýdalydyr.
Greýpfrut limon ýaly turşy bolmasa hem, onuň düzümindäki askorbin kislotasy has köpdür, bu bolsa garrama proseslerine garşy netijeli göreşmekde peýdalydyr. Ol adam bedeniniň ähli öýjükleriniň garramagy bilen göreşýär we immuniteti güýçlendirýär. Şeýle-de, onuň gabygynda A, B1, D, P witamin toparlary, minerallar we mikroelementler saklanýar.
Miwäniň düzümindäki iň gymmatly madda naringin we ösümlik flawonoidi hasaplanýar. Bu maddalar miwäniň ajymtyk tagam berýän ak bölejiklerinde saklanýar. Bu biologiki taýdan işjeň madda aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar we «erbet» holesterini aýyrýar, gan damarlaryny arassalaýar we ýürek-damar töwekgelçiliginden halas edýär. Lukmanlar bu özboluşly miwäniň gündelik iýmitde ulanylmagynyň möhümdigini belleýärler. Greýpfrudy nahardan öň 20-30 minut öň iýmek maslahat berilýär.
Azat ATAJANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.