Nohudyň peýdasy
Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.
Nohut iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemeginde we bedendäki artykmaç galyndylary çykarmakda ähmiýetlidir. Onuň düzüminde B witamin toplumy, C witamini, kaliý, magniý, fosfor we demir ýaly köp peýdaly elementler bar. Ösümlik belogynyň mukdarynyň köplügi bilen nohut berhiz saklaýan, sport bilen meşgullanýan adamlara bedeniň güýjüni dikeltmekde örän peýdaly bolup durýar. Şonuň üçin ol dünýä halklarynyň aşhanasynda giňden ulanylýar. Bu önüm ter, doňdurylan, konserwirlenen, gury görnüşlerde hödürlenýär.
Nohut gandaky şekeriň mukdaryny kadaly derejede saklamaga ýardam edýär. Şonuň üçin hünärmenler önümiň 2-nji derejeli diabetiň döremeginiň öňüni alýandygyny belleýärler. Şeýle-de, önümiň düzüminde magniý elementiniň köp bolmagy bedendäki süňkleriň berkligini üpjün etmekde we osteoporozyň öňüni almakda netijeli hasaplanýar. Nohut gözüň ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleriniň öňüni alýan lýutein we zeaksantin ýaly peýdaly elementleri özünde saklaýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu önüm islendik ýaşda kabul edip boljak ajaýyp iýmit önümidir. Ony iýmitiňde yzygiderli ulanmak bedeniň saglygyny goramakda ähmiýetli bolar.
Eziz AŞYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.