Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala

23:05 08.02.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/700/original-160217d4ed95fd.jpeg

Balkanabatly Durdyýewleriň şaşkaçylar maşgalasy sportuň bu görnüşi babatda ata Watanymyzyň at-abraýyny ençeme gezek iň ýokary derejä götermegi başaran maşgala hökmünde giňden tanalýar. Maşgalabaşy Hojadurdy Durdyýew «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi», ýurdumyzyň 16 gezek çempiony, halkara derejeli emin, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesidir. Ol ençeme ýyllap Bütindünýä şaşka federasiýasynyň wise-prezidenti hem-de Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti bolmak bilen, bu täsin oýnuň eziz Diýarymyzda dünýä nusgalyk derejä göterilmegine saldamly goşant goşdy. Onuň maşgalasy Gülnabat gelneje (merhum) öz wagtynda zenanlaryň arasynda tutuş ýurdumyzda ilkinji bolup, “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly ada eýe bolupdy. Olaryň çagalary Mustapanyň, Parahadyň, Bagtyýaryň, Amangülüň, Bäşimiň, Maksadyň şaşka äleminde gazanan üstünlikleri diňe bir biziň ýurdumyzda ýa-da sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde ykrar edilendir.

Habarçymyzyň bu çempionlar maşgalasynyň maşgalabaşysy Hojadurdy Durdyýew bilen söhbetdeşligini okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

— Hojadurdy aga! Her bir zadyň başlangyjy bolýar. Durdyýewleriň maşgalasynyň şaşka älemindäki gazanan meşhurlygyna tarap ilkinji ädimleri ýatlasak?! Aslynda şaşka oýnunyň sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutly aýratynlygy barada aýdaýsaňyz?

— Gözümi açyp görenim maşgalamyzdaky sagdynlyga, arassaçylyga bolan berk ýörelge boldy. Dädem, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weterany Durdy Myradow häzirki Serdar we Bereket sebitlerinde tutulýan toýlarda bökä turýan pälwanlaryň biridi. Ol türkmen milli göreşi boýunça şol döwürde Türkmenistanyň ençeme gezek çempiony boldy. Zähmet ýolunyň ählisini diýen ýaly žurnalist bolup geçirdi. Maňa hemişe sagdyn bedenli bolmagy ündän, şaşka oýnuny ilkinji gezek öwreden hem dädem boldy. Bu oýun soňy bilen meniň we maşgala agzalarymyzyň hem ykbalymyza öwrülip gitdi.

Aňyň kämilleşmeginde, paýhas işjeňliginiň artmagynda, pikirleniş ukybynyň ösmeginde, özbaşdak dogry netijä gelmekde şaşka hem, edil küşt ýaly, ösüp gelýän ýaş nesil üçin aýratyn wajypdyr.

— Diýmek, bu şertler soňy bilen Durdyýewleriň şaşka sporty boýunça gazanan üstünlikleriniň hamyrmaýasyna öwrülipdir-dä?

— Şaşka meni özüne bütinleý bendi eden oýun. Onsoň, men bu ajaýyp oýny çagalaryma-da öwretmegi, özem kämil derejede öwretmegi baş maksada öwürdim. Olaryň ählisem mekdep okuwçylary döwründe meniň işleýän ýerim bolan Balkanabatdaky welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebine gatnadylar. Her gün säher bilen belli bir aralyga ylgamak, dürli maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen meşgullanmak çagalarym üçin adaty zada öwrülip gitdi. Çagalarym häzirki wagtda dürli kärlerde zähmet çekselerem, olar üçin şaşka sportuň iň bir ajaýyp görnüşi bolmagynda galýar.

— Durdyýewleriň çempionlar maşgalasynyň şaşka oýny boýunça ýeten belentliklerini ýatlap geçäýsek.

— Meniň çagalaryma dürli ýyllarda Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Uels, Irlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Çehiýa, Polşa, Türkiýe, Tunis ýaly birnäçe ýurtlarda şaşka boýunça eziz Diýarymyzyň abraýyny gorap çykyş etmek bagty berildi. Mustapa şaşka sportunyň taryhynda dünýäde iň ýaş halkara grossmeýsteri — dünýä rekordynyň eýesi. Ençeme gezek Bütindünýä intellektual oýunlarynyň çempiony. Ol Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi. «Watana bolan söýgüsi üçin» hem-de «Gaýrat» medallarynyň eýesi. Parahat şaşka sporty boýunça halkara ussady, ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony. Ýaşlar baýragynyň eýesi. Halkara grossmeýsteri bolan. Bagtyýar çeh şaşkasy boýunça dünýäniň çempiony, iňlis-amerikan şaşkasy boýunça bolsa dünýäniň wise-çempiony. Olam Ýaşlar baýragynyň eýesi. Gyzym Amangül halkara grossmeýsteri, aýallaryň arasynda dünýäniň ençeme gezek çempiony. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi. Amangülüň sportda gazanan üstünligi orta mekdebiň altynjy synpy üçin iňlis dili okuw kitabynda hem ýazylandyr. Oglum Bäşim häzirki wagtda Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň başlygy. Ol hem halkara grossmeýsteri, halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi. Maksat bolsa iňlis-amerikan şaşkasy boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony, halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, sport ussady, ençeme gezek Türkmenistanyň çempiony. Amangül, Bäşim, Maksat dagy ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlamagy başardylar. Mustapanyň çagalary Gurbansoltan bilen Meýlis, Parahadyň zürýatlary Orazgül bilen Züleýha 2020-nji ýylda mekdep okuwçylarynyň arasynda Balkanabat şäheriniň çempionlary boldular. Perzentlerimiň şaşka dünýäsinde gazanan üstünlikleriniň agtyklarymda dowamat tapýandygyna buýsanjymyň çägi ýok.

— Durdyýewleriň şaşka äleminde gazanan üstünliklerine berilýän bahalar barada aýtsaňyz?

— 1997-nji ýylda Bütindünýä şaşka federasiýasynyň şol döwürdäki Prezidenti Walter Wan Bek: «Şaşka — bu umman. Şonda ýekeje altyn däne bar, olam Mustapa» diýipdi. 2007-nji ýylda Amangül Irlandiýada geçirilen ýaryşda özünden öň bassyr on dört ýyllap dünýäniň çempiony bolup gelýän irlandiýaly şaşkaçyny utup, aýallaryň arasynda iň ýokary basgançaga çykmagy başardy. Soň ol bu üstünligini birnäçe ýyllap goramagyň hötdesinden geldi.

Men islendik derejedäki ýaryşlarda çykyş edýärkäler, öz çagalarymyň — türgenlerimiň ýeňsesinden synlap hem, olaryň ýagdaýyny anyklap bilýärin. Mysal üçin, Mustapa şaşka tagtasynyň başynda otyrka utjagyna gözi ýetse, göçüminden soň turup gidip, kofe içmekmi, ýa bolmasa bir zatlary garbanmak bilen güýmenýär. Onuň bu häsiýetine dünýäniň ähli şaşkaçylaram, olaryň tälimçilerem belet. Bir gezek welin başgaça boldy, Mustapanyň utuljakdygy duýlup başlandy. Ol bolsa nobatdaky göçüminden soň, ýene-de kofe içmäge turup gitdi. Aljyran garşydaşy bolsa nädogry göçüm edip, ýeňlişe uçrady. Şeýle ýatda galyjy pursatlar, täsin wakalar başga-da az däl.

Men iň esasy zady buýsanç bilen aýtmak isleýärin, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Durdyýewleriň şaşka sporty boýunça gazanan üstünlikleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sporty baradaky taýsyz, dünýä nusgalyk aladalary durýar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimize söýgi-buýsanjymyz barha we barha arşa göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy hemişe aman bolsun!

Hojaberdi BAÝRAMOW,

                  USSAT NEWS.

Başga makalalar
1624342e3347d9.jpeg
Dünýäde iň gaty agaçlar

Gatylyk ölçegi hökmünde «dub ýaly», «dubdan ýasalan ýaly» diýen deňeşdirmeler ulanylýar. Eýsem dünýäde iň bir gaty agaç diňe dub agajymyka?


1624d92151ac41.jpeg
Guwandyryjy netijeler belent sepgitlere badalga

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen berkarar döwletimizde şu günler emele gelen ýokary ruhubelentlik «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine atarýar.


1624371ce4fbd9.jpeg
«Gara altynyň» gymmaty

Soňky döwürde dünýä bazarynda «gara altynyň» gymmatynyň artýandygyny bellemeli. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.


1624345b1bc89e.jpeg
BILIM ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ BINÝADY

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwür ylmy-tehniki ösüşiň belentliklere galýan eýýamy bolup durýar. Munuň özi bilimiň, tehnologiýalaryň ylmyň we döredijilik mümkinçilileriniň derejesiniň yzygiderli ösýändigi bilen şertlendirilendir.


1624d95afef530.jpeg
Beýikliklere eýe ýurtlar

Tebigy landşaftyň gözelligi, ýerleşýän ýeriniň deňiz derejesinden belentligi ýa-da pesdeligi bilen dünýä ýurtlary babatda aýry-aýry sanawlary düzmek mümkindir. Şeýle-de özlerinde dünýädäki iň bir belent gerişleri saklaýan ýurtlar hem hasaba alynýar.