Makalalar

Nurýagdy Rejebow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni ajaýyp aýdymlarynda wasp edýär

https://ussatnews.com/storage/posts/717/original-160254e0cea830.jpeg

Halkymyzda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlip, aýdym-saz, sungat ussatlaryna uly hormat goýulýar. Sungat köňül köprüsine öwrülip, ynsanlary has-da jebisleşdirýär. Garaşsyz diýarymyzda bagşy-sazandalar eziz Watanymyzy, halkymyzyň we ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, dogduk diýarymyzyň tebigatyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri ajaýyp aýdymlarynda wasp edýärler. Olaryň biri zehinli ýaş estrada aýdymçysy Nurýagdy Rejebow.

Şu gün joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanyp, ýaşlaryň arasyndan saýlanmagy başaran aýdymçy, Tűrkmenistanyñ at gazanan artisty Nurýagdy REJEBOW bilen USSAT NEWS gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.

— Nurýagdy, aýdym-saz sungatyna gelşiňizi ýatlaýsaňyz?

— Çagalykdan aýdym-sazyň içinde ulaldym. Öýümizde hemişe dürli saz gurallary bolardy. Onsoň, kakamyň saz gurallaryny çalyp, hiňlenerdim, halypalaryň aýdymlaryny diňlemegi halardym. Şeýdibem aýdym-sazyň syrly dünýäsine siňip gitdim. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. 2015-nji ýylda «Ýylyň parlak ýyldyzy –– 2015» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyma buýsanýaryn.

Arkadag Prezidentimiz aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, ýaş zehinleri goldamaga we höweslendirmäge aýratyn üns berýär. Zehiniň, ukyp-başarnygyň bilen halka hyzmat etmek, mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini wasp etmek uly bagt. Biz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli arzuwlaryň hasyl bolýan bagtyýar zamanasynda ýaşaýarys. Şeýle ajaýyp zamanany wasp etmegiň özem ylham berýär. Üstünligem halypalaryň aýdyşy ýaly, çuňňur söýgüden, yhlasdan kemal tapýar. Bu döredijilik üstünligine eýe bolmagymda halypalarymyň zähmeti, yhlasy uly. Şolaryň ynam-goldawy bilen nesip bolsa, geljekde hem ajaýyp zamanamyzy wasp edýän aýdymlary dörederis. Ussat aýdymçy, halypa Annaberdi Atdanowyň aýdan aýdymlaryny, döredijiligini özüme ýakyn saýýan.

— Geljekki maksatlaryňyz hakda-da gürrüň edäýeli.

— Döredijilik dünýäsi gözel dünýä, oňa garylyp, köňlüňi bereňsoň, halkyň söýgüsini gazanjak bolmaly. Ýüreklerden orun almak üçin hem irginsiz işlemeli bolýar. Halkymyzy bagtdan paýly eden ajaýyp zamanamyzda döretmek, aýdym aýtmak juda ýakymly. Arkadag Prezidentimiziň ýaşlar baradaky edýän çäksiz aladalary bolsa biziň üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Sahna – aýdymçy üçin mukaddes ýer. Ilki bilen aýdasym gelýän zat, sahna çykmazdan öň özüňi oňat ele almaly. Sebäbi tomaşaçynyň öňünde zehiniňi we başarnygyňy açyp görkezmek, olaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp bolmak aňsat däl. Olaryň gyzgyn el çarpyşmalary özüňe bolan ynamyňy artdyrýar, kalbyňy şatlandyrýar, ylhamyňy joşdurýar. Öwrenmek üstünlige eltýär. Şonuň üçinem elmydama halypalary diňläp, olardan näme-de bolsa bir zat öwrenmegi maksat edinýän.

— Maşgala durmuşyňyz barada-da aýdaýsaňyz?!

— Agzybir maşgalam, iki oglum, bir gyzym bar. Aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi gelnim. Her bir gazanýan üstünligimde olaryň mynasyp paýy bar. Sungat, döredijilik barada gürrüň edilende halypalar: «Üstünlik togsan dokuz göterim zähmetden, bir göterim hem zehinden durýar» diýip, nygtaýarlar. Şu aýtgyny hemişe özüme ýol-ýörelge edinmäge çalyşýaryn.

— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp aýdymlaryň owazy belentden-belent ýaňlansyn!

— Sag boluň.

Ýazgül ANNAÝEWA,

             USSAT NEWS.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.