Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

https://ussatnews.com/storage/posts/7249/original-16621837325e1e.jpeg

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenleri taýýarlaýan merkez bolup, onuň ylym-bilim ulgamynda ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri «SEIN Assosiasiýasynyň altyn medaly» atly Halkara bäsleşigiň altyn medalyna, nyşanyna we diplomyna mynasyp boldy.

2013-nji ýylda ýurdumyzyň bu ýokary okuw mekdebi Halkara uniwersitetler assosiasiýasyna agzalyga kabul edildi hem-de Ýewropanyň Işewürler assambleýasynyň Sokrat komitetiniň (Oksford, Beýik Britaniýa) «Ýewropa hili» diýen Halkara sylagyna eýe boldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň alyp barýan köpugurly işleri barada, biz bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Baýrammyrat ATAMANOW bilen söhbetdeş bolduk.

— Baýrammyrat Ýaýlymowiç, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda innowasiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýetini aýratyn belledi, ylym we bilim, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy onuň çeşmesi bolup durýar. Siziň ýolbaşçylyk edýän ýokary okuw mekdebiňizde şol wezipeler nähili çözülýär?

— Halkara hyzmatdaşlygy nebitgaz pudagy üçin ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça uniwersitetiň alyp barýan işleriniň aýrylmaz bölegi bolup, bilimiň hilini, onuň halkara standartlaryna kybap gelmegini üpjün etmekde möhüm gural bolup durýar.

2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we hökümet agzalarynyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (HMNK) arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda ähtnama şonuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, «Lu Banyň Ussahanasy» atly taslamanyň bilelikde amala aşyrylýandygy barada hem aýtmak gerek.

— Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şol taslamany ilerletmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň beräýseňiz.

— 2023-nji ýylyň aprelinde ýokary okuw mekdebimizde Lu Banyň Ussahanasyny döretmek bilen bagly bolan meselelere garamak üçin iş maslahaty geçirildi, ol HHR-niň Bilim ministrliginiň goldaw bermegi bilen Hytaýyň Týanszin okuw mekdebi tarapyndan esaslandyryldy hem-de häzir ençeme ýurtlarda hereket edýär.

Iş duşuşygy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň «Internasional LTD» türkmen şahamçasynyň, şeýle hem wideoaragatnaşyk boýunça maslahata goşulan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň, Sian Nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünärmentçilik-tehniki uniwersitetiniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda geçdi.

Biz on ýyldan gowrak wagt bäri öňdebaryjy daşary ýurt uniwersitetleri, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Rumyniýanyň, Belarusyň, Koreýa Respublikasynyň, Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen bilim we ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk edýäris. Biziň özara gatnaşyklarymyz işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin täze tehnologik çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

— Baýrammyrat Ýaýlymowiç, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda geçirilen Halkara forumda çykyş etmek bilen, siz wodorod energiýasynyň mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly möhüm meseleleriň birini gozgadyňyz. Ýokary okuw mekdebiňizde bu ugurda nähili işler geçirilýär?

— Wodorod energetikasy baradaky mesele häzir dünýäde möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Oňa «ýaşyl» ykdysadyýeti ilerletmekde energiýanyň alternatiw çeşmesi hökmünde garalýar, ol, öz nobatynda, nebit önümleriniň sarp edilýän möçberiniň azaldylmagyny göz öňünde tutýar. Eýýäm ýakyn geljekde ol ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň we ulaglaryň ulanylmagyna mümkinçilik döreder.

Wodorod energetikasyny döretmek bilen bagly möhüm işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şeýle hem «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny» amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda tassyklan «Türkmenistanda wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasy» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy esasy resminamalar bolup durýar.

Wodorodyň 68 göterimden gowragynyň tebigy gazdan, 16 göteriminiň nebitden, 11 göteriminiň kömürden we 5 göteriminiň elektroliz usuly bilen suwdan alynýandygyny ýatlatmak isleýärin. Häzir dünýäde wodorodyň 75 million tonna golaýy öndürilýär. Tebigy gazdan wodorod almak usuly has amatly bolup, onuň özüne düşýän gymmaty elektrolize garanyňda 5 esse arzandyr.

Wodorod infrastrukturasynyň döredilmezligi wodorodda işleýän ulagy ösdürmekde esasy bökdençlikleriň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, wodorod, esasan, nebiti gaýtadan işlemekde we himiýa senagatynda, ilkinji nobatda, ammiak, metanol, benzin öndürmekde, mysal üçin, tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda ulanylýar, şol ýerde biziň uniwersitetimiziň uçurymlary zähmet çekýär.

Ýurdumyzda bu pudagy döretmek we ösdürmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi, ol ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyny hem-de wodorod energiýasy babatda halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny, ylmy-barlag işleriniň ýerine ýetirilmegini, innowasion ylym-bilim maksatnamalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.

Häzirki wagtda merkezde elektroliz usuly bilen suwdan wodorod almak boýunça barlag işleri başlandy. Alnan wodorody barabar etmek boýunça geçirilen barlaglar onuň arassalygyny tassyklady. Geljekde bu ýerde tebigy gazdan (metandan) wodorod almak boýunça barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýakyn geljekde metan konwersiýasy usuly bilen tebigy gazdan wodorod almak üçin niýetlenen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanany döretmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda biz wodorod energetikasy babatda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Londonyň Imperiýa kollejiniň Ýer we inženeriýa hakynda ylym merkezi bilen gepleşikleri alyp barýarys.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam etmegi bilen Wodorod energiýasy merkeziniň işgärleri, şeýle hem uniwersitetiň mugallymlary we talyplary üçin wideoduşuşyklar geçirildi. Wodorod energetikasyny ösdürmegiň dünýä meýillerine syn bilen tanyşmak, şeýle hem onuň ylmy-tehniki ugurlaryny öwrenmek maksady bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi «Wodorod energetikasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri» diýen tema boýunça okuw maslahatyny gurady. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi suw energetikasy babatda Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmek boýunça iş duşuşygyny geçirdi.

«Kawasaki Heavy Ind.» ýapon kompaniýasy tarapyndan «Wodorod energetikasyny öndürmek tejribesini öwrenmek we kooperasiýa babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» temasy boýunça geçirilen duşuşyk gyzykly we öwreniş häsiýetli boldy. Şeýle hem «Iwatani» korporasiýasy bilen «Wodorod energetikasyny öndürmek tejribesini öwrenmek we kooperasiýa babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak» atly wideomaslahat geçirildi.

Atom wodorodynyň önümçiligini giňeltmek bilen bagly bolan Ýol kartasyny işläp düzmek boýunça tehniki maslahat hem ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynda we talyplarynda uly gyzyklanma döretdi, ol Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (MAGATE) tarapyndan guraldy. Wodorod energetikasy babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň Senagaty ösdürmek boýunça guramasynyň (UNIDO), Beýik Britaniýanyň Energetika senagaty geňeşiniň hem-de Britaniýanyň beýleki kompaniýalarynyň wekilleri bilen hem iş duşuşyklary geçirildi.

— Uniwersitet degişli ugurlarda nähili işleri geçirýär?

— Şu ýyl Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna guramaçylyk etdi we ony geçirdi, maslahatyň işine türkmen hem-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistandaky şahamçalarynyň, halkara agentlikleriniň bilermenleri, alymlary, esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Häzirki wagtda Wodorod energetikasy merkezinde daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmegiň esasynda nebitgaz toplumynyň mugallymlary we hünärmenleri üçin gysga möhletli okuw maksatnamasy işlenip düzüldi, ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan tassyklanyldy. Merkeziň işi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdelerinde yzygiderli beýan edilýär.

Häzirki wagtda döwlet bilim standartlaryna laýyklykda ýokary okuw mekdebimiziň ugurdaş okuw meýilnamalaryna «Wodorod energetikasynyň fizika-himiýa esaslary» sapagyny ornaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

— Baýrammyrat Ýaýlymowiç, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde informatika boýunça II açyk halkara olimpiadasy, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyplaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de sergi geçirilýär.

— Örän dogry. Türkmenistanyň we dünýäniň 18 döwletinden ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda aň-paýhas bäsleşikleri geçirilýär. 19-njy aprelde bolsa, maslahat we sergi öz işine başlar. Biz bu foruma uly jogapkärçilik bilen taýýarlandyk. Giň gerimli taýýarlyk işleri geçirildi. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ylym-bilim ulgamynda tejribe alyşmak halkara çäreleriniň baş maksady bolup durýar.

Foruma gatnaşyjylar üçin gyzykly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşýarlar, eýýäm Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghana baryp gördüler

— Baýrammyrat Ýaýlymowiç, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Bu möhüm halkara forumyny geçirmek, şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini amala aşyrmakda size uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.