Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar. Gyzyl kelemli naharlary, işdäaçarlary we içgi önümlerini belli restoranlaryň menýularynda görmek bolýar. Önümiň iýmitleniş tertibi hem täsirli bolup, az kaloriýalylygyna garamazdan, özünde beden üçin wajyp witaminleriň we minerallaryň köp mukdaryny saklaýar. Gülli kelemiň peýdasy barada bilmek zerurdyr.
Gülli kelem himiki düzümi boýunça reňkli kelemden has peýdalydyr. Meselem, önümiň 100 gramyndaky kalsiniň mukdary bir bulgur süýtdäki kalsiý bilen deňdir. Düzümindäki süýümiň köp mukdary diňe bir bedeni iýmitlendirmän, eýsem içegeleri arassalamakda, kadaly iýmit siňdirişini dikeltmekde we iç gatamagyny aýyrmakda peýdalydyr. Brokkoli diňe bir kaliý, kalsiý, C witamine we fol turşusyna baý bolup, ýürek we süňk saglygy üçin peýdalydyr. Önüm gipoallergen iýmit bolany üçin hamylalykda we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirilýän döwürde ilkinji iýmit hökmünde ulanyp bolýar.
Geçirilen gözleglere görä, kelemde tapylan indol-3-karbinolyň, ýatgynyň düwnük öýjükleriniň ösmegine päsgel berýän himopreventiw we anti-estrogen täsirleriniň bardygyny ýüze çykardy. Gülli kelem süňkleriň we bogunlaryň saglygyny goramakda, immuniteti dikeltmekde, gözleriň, beden derisiniň ýaşlygyny saklamakda peýdalydyr. Lukmanlar gülli kelemiň ençeme beden näsazlyklarynda peýdalary barada aýratyn belläp geçýärler.
Islendik önümiň peýdasy bolşy ýaly, belli bir ýagdaýlarda zyýanly taraplary hem gabat gelýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, önüm aşgazan asty mäziniň kesellerinde, aşgazanyň kislotasynyň artykmaçlygynda, gan ýygnanmagyny azaldýän derman serişdeleri ulanylanda we başga-da käbir kesellerde zyýanlydyr.
Halbibi GYLYJOWA,
Aşgabat şäherindäki 98-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.
Nohudyň peýdasy
Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.