Makalalar

Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

https://ussatnews.com/storage/posts/7364/original-16633b43dd9f61.jpeg

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Öz ugry boýunça welaýatda ýeke-täk zähmet köpçüligi bolan ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar geçen ýylyň özleri üçin üstünliklere beslenen ýyllaryň biri bolandygyny aýdýarlar. Olaryň gürrüňlerine görä, ekspedisiýanyň işjeň agzalarynyň birleşen tagallalary netijesinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin tassyklanan geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň giňişliklerinde ýerasty suw ýataklarynyň barlaglaryny, ýerasty suwlaryň düzgünini we mukdaryny öwrenmek maksady bilen, geologiýa gözleg işleriniň dürli görnüşdäki önümçiligini, mehaniki sütünleýin-burawlaýyş, guýularda geofiziki barlaglary, meýdan işleriniň netijesinde alnan geologiýa-geofiziki maglumatlary işläp taýýarlamak, gidrogeologik, inžener-geologik we geoekologik surat alma, welaýatyň gidrogeologik gurluşy we ýerasty suwlaryň gorlary baradaky hasaplamalary hem-de olary resmileşdirmek, hasabyny ýöretmek ýaly wajyp wezipeler üstünlikli amal edilipdir.

Aýratyn hem geçen ýylyň dowamynda welaýatyň çäklerinde ýerasty süýji suw gorlarynyň gözleg-barlag işlerini hem-de düzgün gözegçiligini, şeýle-de 1:50000 we 1:200000 ölçegde geoekologik barlaglary ýokary derejede alyp baran ekspedisiýanyň suw gözleýjileriniň buraw işleriniň ýyllyk meýilnamasyny 120,76 göterim ýerine ýetirendiklerini ekspedisiýanyň hünärmenleri buýsanç bilen aýdýarlar.

— Ekspedisiýamyzyň suw gözleýjileri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer taglymatyndan ugur almak bilen, welaýatymyzyň şäher we oba ilatyny arassa agyz suwy bilen bolelin üpjün etmek ugrunda hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylda ekspedisiýamyzyň burawlaýjylary tarapyndan welaýatyň Akdepe, Boldumsaz we Görogly etraplarynyň oba ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksadynda ýerasty suwlaryň jikme-jik gözleg-barlaglarynyň, şeýle-de halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin şertnama esasynda birnäçe guýularyň burawlaýyş işleriniň yzygiderli alnyp barlandygyny görkezmek bolar. Netijede, Akdepe etrabynyň Zähmet geňeşliginiň oba ilatly nokatlaryny suw bilen üpjün etmek üçin alnyp barlan ýerasty suwlaryň jikme-jik gözleg işleri üstünlikli tamamlandy.

Ekspedisiýamyzyň suw gözleýjileri tarapyndan ýylyň başyndan bäri ýokarda agzalan işlerden başga-da, Garagum sährasynyň giňişliklerinde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Zeňňi baba suw howdanyndan Türkmen kölüne çenli bolan akym ugrunda we oňa ýanaşyk meýdanlarda geoekologik, inžener-geologik we gidrogeologik barlag işleri ýokary depginde alnyp baryldy. Bu möhüm ähmiýetli işler hünärmenlerimiz, burawlaýjylarymyz tarapyndan guramaçylykly dowam etdiriler. Çünki bize üstümizdäki ýylda täze-täze zähmet üstünlikleri, belent sepgitler garaşýar — diýip, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň baş gidrogeology Annamuhammet Baýarow hoşallyk bilen aýdýar.

Hawa, baş gidrogeolog diýseň mamla. Çünki ýylyň başy täze meýilleriň, täze maksatlaryň we täze başlangyçlaryň meýilleşdirilýän döwri. Ýylyň başynda bütin bir ýylyň dowamynda edilmeli işleriň meýilnamasy düzülip, öňde duran belent sepgitler we aýdyň gözýetimler nazarlanýar. Biz munuň şeýledigine bu ýerde zähmet çekýän esasy gidrogeologlar Çary Makgaýew, Oksana Nogaý, 1-nji derejeli gidrogeolog Erikgül Tagyýewa, 1-nji derejeli tehnik-gidrogeologlar Rüstem Fattahow, Merdan Garaýew, Uktam Mätýazow, ýaş hünärmenlerden Akjemal Aşyrowa, Leýla Ýuldaşowa we Muhammetnazar Aşyrow dagy bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.

Başga makalalar
16acd1beb287a4.jpeg
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär

21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.


16ab744755266a.jpeg
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi

23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.


16a7caed96ef8f.jpeg
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.

16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.