Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne
Ösüşli ýollar
Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy. 1970-nji ýylyň aýagyna Günorta-Gündogar we Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde açylan ululy-kiçili gaz we gazkondensat känleriniň 19-sy bolup, şolardan Kükürtli gazkondensat we Minara (Maýsk) gaz känleri 1970-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Şeýlelik bilen, Gündogar Türkmenistanda 1971 — 1976-njy ýyllar aralygynda gorlarynyň göwrümi boýunça uly bolmadyk Demirgazyk Ojak, gorlarynyň göwrümi uly bolan Naýyp gazkondensat känleri 1972-nji ýylda we örän uly gaz gorlary bolan Gündogar (Şehitli) we Günbatar (Jojukly) Şatlyk gazkondensat känleri 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Netijede, şol döwürde ulanyşda duran känleriň sany 7-ä ýetirildi we 1976-njy ýylda çykarylan tebigy gazyň göwrümi 1970-nji ýyla garanyňda, 4,7 esseden hem köpeldi. Şol ýyl Maýsk diýlip atlandyrylan, 1964-nji ýylda açylan gaz ýatagyndan başlanýan, içki ulanyjylara niýetlenen Maýsk — Aşgabat — Büzmeýin magistral gaz geçiriji çekilip, tebigy gaz Aşgabada getirildi.
Dünýä tejribesinde ilkinji bolup, köpgatlakly Ojak gazkondensat käninde bir guýuda iki gatlagy bir wagtda aýry-aýrylykda ulanyş (BAU) usuly bilen işe goýbermegiň kände özleşdirme işlerini alyp barmaklygy tizleşdirýändigi, agtaryş işleri geçirilýän döwründe täze açylýan gatlaklary ulanyşa çekmegiň mümkinçiligini artdyrýandygy we ykdysady taýdan önümçilikde uly peýda gazanylýandygy doly subut edilýär. Bu usul Kükürtli, Naýyp we şuňa meňzeş köpgatlakly gazkondensat känlerinde ulanyldy we ol känler özleriniň taslama kuwwatlyklaryna wagtyndan 3-4 ýyl ir çykaryldy. Naýyp, Kükürtli we beýleki köpgatlakly gazkondensat känlerinde gözleg-agtaryş we ulanyş guýularynyň ählisinde ulanyş sütünleriniň diametri 148 millimetrden 168 millimetre ulaldyldy we netijede, guýularyň gaz berijiligi 50—70%-e çenli artdyryldy. Bu ýerde ýene bir bellemeli zat, ol hem Kükürtliniň, Ojagyň we Naýybyň üç sany gazy taýýarlaýan desgalarynda ulanyş guýularynyň her birine özbaşdak tehnologik hatarlar gurlan bolsa, Ojakdaky we Naýypdaky soňky gaz taýýarlaýjy desgalarda birnäçe guýular bir tehnologik hatara goýberilip, ýüzlerçe tonna metal tygşytlanyldy. Netijede, tizleşdirilen usulyň (BAU) özleşdirilenligi we ony ulanmagyň esasynda halk hojalygy üçin onlarça milliard kub metr tebigy gazyň çykarylyp alnandygy mynasybetli, «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň bir toparyna 1972-nji ýylda Türkmenistanyň ylym we tehnika babatynda Döwlet baýragynyň laureaty diýlen at berildi.
Ýokarda görkezilen köpgatlakly känleri birwagtda iki gatlakdan aýry-aýrylykda gaz çykaryp almaklyk, känleri işläp geçmekligi tizleşdirmek usullary we ulanyş desgalaryny iri bölekleriň gurmak-gurnamaklygyň esasynda amala aşyrmak usullarynyň özüne ýeterlik, ýöne aradan aýryp boljak kemçilikleri boldy. Mysal üçin, bir guýuda iki gatlakdan aýry-aýrylykda gaz alnanda, guýularyň işleýiş düzgünini (gatlaklar boýunça aýry-aýrylykda alynýan gazyň möçberini ölçemek, gaz çykarylýan wagtynda guýularyň düýpsaka zolagynda döreýän basyşy kesgitlemek, bölekleýin usulda gurlan gaz ýygnaýjy toplumlaryň her hatarynda birnäçe guýy işledilende, olaryň her birinden aýry-aýrylykda alynýan gazyň göwrümini ölçemek we ş.m.) adaty ulanylýan usullar bilen doly kesgitlemek mümkinçiliginiň bolmaýandygyny we gatlaklaryň işleýiş düzgünlerine gözegçilik etmekligiň täze ugurlarynyň gözlenilmeginiň zerurlygyny ýüze çykardy. Mundan başga-da, känleri işläp geçmekligiň netijeliligini artdyrmak, önümli gatlaklaryň gaz berijiligini ýokarlandyrmak üçin olary rejeli peýdalanmak we gaz guýularynyň önüm berijiligini artdyrmak maksady bilen, kärhanalaryň hünärmenleriniň, ylmy-barlag institutlaryň ylmy işgärleriniň bilelikdäki tagallalary bilen onlarça peýdaly teklipler, usullar önümçilige girizildi we olaryň hasabyna, ulanyş taslamalarynda alynmagy göz öňünde tutulan gazyň göwrüminden artyk onlarça milliard kub metr tebigy gaz çykarylyp, halkyň hyzmatyna goýuldy.
Oraznazar HEŞDEKOW,
Ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.