Dursunjemal GAZAKOWA aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar
Türkmenistanyň at gazanan artisti Dursunjemal GAZAKOWANYŇ näzikden ýakymly owazynyň muşdaklary kän. Onuň «Söýüň, söýüň, Arkadagly Diýary», «Watanym», «Durnalar», «Gabanma», «Garaşýan», «Gözleriň» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol aýdýan aýdymlarynyň dünýäsinde ýaşaýar. Dessançy gelin bilen USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylary üçin söhbetdeşlik guradyk.
— Dursunjemal, aýdym-saza her kim bir ýol bilen gelýär: kimler ata-enesiniň kesbini dowam etdirýär, kimleriň bolsa kalbynda ylham uçgunlary döreýär. Söhbedimizi sungata gelşiňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!
— Höwes bilen. Men Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Amyderýa daýhan birleşiginde eneden doglup, şol ýerdäki 10-njy orta mekdebi tamamladym. Ene hüwdüsi her bir bala heň, owaz bolup eşidilýär. Zehin, köplenç, nesil yzarlaýar diýilýär. Sungat ýoluna gelmegime ejemiň aýdym-saza bolan höwesi, ýaşlyk döwründe aýdym aýdyşy sebäp bolup, meni sungata kökerip goýdy. Maşgalada dört dogan bolup ulaldyk. Maşgalamyzda çagalaryň ulusy bolamsoň, ejem hemişe maňa sala salardy.
— Diýmek, sungat älemindäki başlangyç ädimleriňiz çagalykdan başlapdyr-da?
— Hawa, men çagalykdan aýdym aýtmagy gowy görerdim. Etrabymyzdaky sazçylyk mekdebine gatnap, sungatyň inçe ýollaryny öwrenip başladym. Ol ýerde ussat mugallymlar, ökde sazanda Orazgeldi Öwezowdyr dessançy bagşy Hudaýberdi Baýramowdan sapak aldym. Gadymy dessanlary ürç edip okaýardym. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, halypam Durdybaý Gurbanowdan dessan aýtmagyň inçe syrlaryny öwrendim. Ýerine ýetirýän dessanlarym diňleýjiler tarapyndan gowy kabul edilensoň, estrada aýdymlaryny ürç edip öwrenip başladym.
— Talyp döwrüňdäki sungat ýoluňyz okyjylarymyzy gyzyklandyrar...
— Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmegim, sungat äleminde has-da öňe gitmegime getirdi. Bu ýokary okuw mekdebinde halypalar Nurýagdy Baýramowyň, Şemşat Hojaýewanyň, Akmyrat Çaryýewiň, Ýolaman Nurymowyň elinde sapak aldym. Halypalaryň goldawy bilen halk aýdymlaryny aýtmaga has-da kämilleşdim. Okaýan döwrüm Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda tejribe geçmegim drama sungatyndaky zehinimiň taplanmagyna getirdi. Talyp döwrüm «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli» şahasyndan Harmandäliniň keşbini janlandyrmak nesip etdi. Teatr sahnasynda milli sungatyň ägirtleri Ogultäç Hanyýewa, Öwez Gelenow, Nury Hudaýgulyýew bilen bir sahnada çykyş etmek bagty miýesser etdi.
— Gowy görüp diňleýän halypa aýdymçylaryňyz kimler?
— Halypa bagşylarymyzdan Magtymguly Garlynyň, Ilaman Annaýewiň aýdymlaryny uly höwes bilen diňleýärin. Döwrümiziň halypa bagşysy, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň aýdymlaryny diňlemekden lezzet alýaryn. Ejemiň ýaşlyk döwründe ýerine ýetiren şo-ol hüwdüsini bolsa, diňläp, häli-häzirlerem lezzet alýaryn.
— Her bir aýdymçynyň öz ýoly, öz äheňi bolýar...
— Dogry bellediňiz. Ses, zehin Alla tarapyn berilýär, ynsanyň gursagynda joşup duran ylham aýdym-saz dünýäsine çelgi bolýar. Aýdymda yhlas, sabyr-kanagat gerek. Ol häsiýetiňi taplaýar.
— Dursunjemal, teatr sahnasyndaky döreden keşpleriňiz barada hem aýdaýsaňyz!
— Men sahnadan bagtymy tapdym. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda işe başlanymda, «Kämillik şapagy» spektaklynda ýanýoldaşym Rahmanberdi bilen baş keşpleri janlandyrdyk. Ykbal bizi bir sahnada duşurdy. Gaýynenem durmuşda iň ýakyn maslahatçym. Ýaňy gelin bolan wagtlarymda gaýynatam: «Gelin, hany dessan aýdyp ber» diýipdi. Menem çekinip, sesimi çykarman oturdym. Şonda Rahmanberdi: «Dursunjemal, al dutary, bir dessan aýtsana!» diýdi. Şonda joşup, dessan aýdypdym. Bagtly maşgalamyzda bäş perzendimize edep-ekram berip, olaryň Watana wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmeginde yhlas edýäris. Ene-ata üçin perzendiniň kemally bolup ýetişmegi uly bagtdyr.
— Üstünlige ýetmekde, ilkinji nobatda, özüňize nämäni zerur hasapladyňyz?
— Zenan maşgala üçin esasy zat — sungatyna düşünýän ýanýoldaşy bolmaly. Her bir sungat işgäri üçin irginsiz zähmet, yhlas iň zerur zatdyr. Ýadawsyz zähmet maňa bu hünäriň inçe syrlaryny ele almaga kömek etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Tolgunmadan ýaňa töwerekden gutlaýanlara näme diýjegimi-de bilmedim. Gahryman Arkadagymyzyň kiçijik zähmetime uly baha berip, Şa serpaýyny ýapmagy meni uly işlere borçly edýär.
— Daşary ýurtlarda eden çykyşlaryňyz hakynda berjek gürrüňleriňiz bilen söhbedimizi jemläýeliň!
— Baş üstüne. Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde daşary ýurduň sungat ussatlary bilen dostlukly gatnaşyklar barha pugtalanýar. Döredijilik topary bilen Hindistanda, Germaniýada, Özbegistanda, Türkiýede çykyş edip, ajaýyp aýdymlarymyz, dessanlarymyz bilen Watanymyzy wasp etdik. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň toýlary toýlara ulaşýar. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!
— Dursunjemal, söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.