Begmyrat ANNAMYRADOW bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýär
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungaty pajarlap ösýär. Hoş owazy bilen halkyň söýgüsini gazanan aýdymçylaryň biri hem Begmyrat ANNAMYRADOWDYR. Onuň «Ýaşa, mähriban Arkadag!», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», «Arkadagym mähriban», «Jan enem» ýaly aýdymlary köpüň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Biz hem köp sanly islegleri nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— Begmyrat, sözümiziň başyny ajaýyp döwrümiz hakynda başlasym gelýär. Biziň bagtyýarlyk döwrümizde bagşy bolmasaň hem, joşup-joşup aýdym aýdasyň gelýär.
— Siz gaty dogry bellediňiz. Hakykatdanam, bagtyýarlyk döwrümiziň ösüşleriniň ählisi bagşa joşgun, şahyra ylham berýär. Biz şol ösüşleri aýdym-sazda wasp edýäris. Hormatly Prezidentimiz ençeme zehinleri sarpalap, hormatly atlary dakýar, Şa serpaýlary bilen sylaglaýar. Milli medeniýetimize, sungatymyza ak ýollary açyp berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn. Medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
— Begmyrat, söhbedimizi aýdym-saz älemine gelşiňiz baradaky gürrüň bilen dowam edäýeliň?!
— Men Mary etrabynyň Jemgyýet geňeşliginde doglup, Mary şäherindäki 6-njy orta mekdebi tamamladym. Maşgalamyz sungata sarpa goýýar. Maşgalada iki dogan bolup ulaldyk. Atam dutar çalyp, aýdym-saz bilen meşgullanansoň, meni hem şol ajaýyp sungata imrindirdi. Kakam bolsa sungata höwesimi duýup, mekdepde okaýan döwürlerim dutar gurnagyna gatnadyp, aýdym-saz älemine ugrukdyrdy.
— Siz «Ýylyň parlak ýyldyzy», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşikleriniň ýeňijisi bolup, Şa serpaýlaryna mynasyp bolduňyz. Şol pursatlarda başyňyzdan geçiren duýgularyňyz...
— Hawa, şeýle bagtly pursatlar meniň hem nesibämde bar eken. Diýseň tolgunypdym. Özümi hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň öňünde borçly hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
— Begmyrat, okyjylarymyzy gyzyklandyrýan sowal: Aýdym nähili döreýär?
— Gowy aýdymyň döremegi üçin tebigy ses, zehin bilen birlikde irginsiz zähmet çekmeli. Hemişe özüňi köptaraplaýyn ösdürmeli, zehiniňi syntgylamaly, aýdymy söýüp aýtmaly. Sözi hem sazy jüpüne düşse, aýdymçy aýdyma ganat berse, gowy aýdym döreýär.
— Siziň pikiriňizçe, üstünligiň syry nämede?
— Üstünlige ýetmek üçin özüňe bolan ynamyň, yhlasyň hem-de irginsiz zähmetiň zerurmyka diýýärin. Öz işiňe, saýlan hünäriňe yhlasly ýapyşmak üstünlige eltýän ýoldur. Maňa nirede garaşýan bolsalar, bagtym hem şol ýerde diýip hasap edýärin. Işimden lezzet alýan pursatlarymy bolsa hiç zat bilen çalşyp bilmerin.
— Aýdym-saz sungatynda halypalaryň orny barada gürrüň beräýseňiz?!
— Halk arasynda kämil aýdymlary bilen adygan, ýüreklerde müdimi ýaşaýan halypalaryň milli aýdym-saz sungatynyň kämilleşmegi üçin bitiren hyzmatlary uludyr. Maýa Kulyýewa, Sahy Jepbar, Gurt Ýakup, Annaberdi Atdanow ýaly sungat ägirtlerini ýaş aýdymçylara köpräk diňlemegi maslahat berýärin. Men kakamyň agasy Tirkiş Orazowdan sungatyň inçe ýollaryny öwrendim. Biziň gadymdan dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýolumyz bar, bu ýoly ösdürmäge ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredildi.
— Geljekde öňde goýan maksatlaryňyz barada hem aýdaýsaňyz?
—Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlary döretmegi maksat edinýärin. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş barha gözelleşip, aý-günler toý-baýramlara utgaşýar.
— Begmyrat, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy belentden-belent ýaňlansyn, mundan beýläk hem ylhamyňyzyň joşup durmagyny arzuw edýäris.
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.