Makalalar

Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenan hökmünde tanalýan şahyr Baýramsoltan Gurbanowa

https://ussatnews.com/storage/posts/852/original-16043785377a2a.jpeg

Güneşli ülkämize bahar pasly ýetip geldi, onuň bilen birlikde gözelligiň, mähriň we tämizligiň baýramy — Halkara zenanlar güni hem barha golaýlaýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowa işleşýän zähmet köpçüliginiň arasynda göreldeli hünärmen, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenan hökmünde tanalýar.

Biz şahyr zenan bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.

— Baýramsoltan, ilki sizi ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

— Sag boluň. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimizde zenanlara goýulýan sylag-hormat örän uludyr. Biz muňa diýseň buýsanýarys. Pursatdan peýdalanyp, zenanlara bagyşlap ýazan «Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary» diýen goşgymdan birki bent okasym gelýär.

Tebigatyň söýen näzik gülleri,

Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary.

Keşde çekip, gaýma gaýar elleri,

Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary.

Namys-ary müdimilik nusgadyr,

Gepi-sözi çuň manyly, gysgadyr.

Ula hormat, kiçä goýýandyr gadyr,

Türkmen gelinleri, türkmen gyzlary.

— Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda zenan mertebesi juda belende göterilýär.

— Dogry bellediňiz. Milli Liderimiziň ähli kitaplary, şol sanda barlygyň maýasy eneler baradaky kitaby bize ylham çeşmesi, ýol görkeziji bolup durýar. Şu ýerde «Eneler» diýen goşgymdan setirleri okamakçy.

Tebigat janlanyp gelipdir görke,

Toý lybasyn geýip mähriban ülke,

Sizde jemlenipdir şu günüm, erte,

Ak gyňaçly, bahar-ýazlar eneler.

Üýtgeşik zamana, türkmen bagtyýar,

Berkarar döwletde günler ajap, çag.

Hak howandar, sarpalydyr Arkadag,

Ýöräre mynasyp yzlar eneler.

— Edebiýat, aýratynam edebiýatyň gaýmagy şygryýet bilen içgin gyzyklanýan hem bolsaňyz, durmuşda başga kesp-käri saýlapsyňyz.

— Elbetde, şygryýet durmuşymyň aýrylmaz bölegi. Türkmen we beýleki halklaryň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň, häzirki wagtyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ruhy hemaýatkärim bolup durýar. Olardan durmuşda öwrenen zatlarym örän kän. Ýöne nebitgazçylara we olaryň ýeňil bolmadyk hünärine hem meniň ýüregimde egsilmez söýgi bar. Nebitgazçynyň kesbi zandymda bar diýsem, hakykatdan daş düşmerin. Meniň kakam nebitçi, doganlarymyň üçüsi «Türkmennebit» döwlet konserninde zähmet çekýär.

Çaga döwrümde entek Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 8-nji orta mekdebiň okuwçysykam, «Meniň kakamyň önümçilikde zähmet edermenligi» diýen temadan düzme ýazmaly bolanymda hem begenip tolgunypdym, hem buýsanypdym. Çünki bütin ömründe nebit pudagynda abraý bilen işlän kakam hakynda düzmede beýan etmäge gyzykly wakalar, pursatlar köpdi. Meniň hem maşgalamyzdaky nebitçilere meňzemek höwesim bardy. Şol arzuw hem meni 1995-nji ýylda Türkmenistanyň politehniki institutyna (häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty) alyp geldi. 2000-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň nebitgaz senagatynda elektroüpjünçilik hünärini tamamlap, institutyň ugratmagy bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginiň 5-nji sehinde 5-nji derejeli elektromontýor kärinde işe başladym. Şondan bäri hem şu edarada dürli hünärlerde zähmet çekdim. Indi bu ýerde biregne işläp ýörenime 20 ýyldan gowyrak wagyt geçdi.

— Müdirligiňiziň işi barada gürrüň berseňiz.

— Müdirligimiziň esasy wezipesi «Türkmennebit» DK-nyň garamagyndaky edaralaryň, beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň, fiziki taraplaryň elektroenjamlaryny, elektrik geçirijilerini, awtomatika, ölçeg-barlag gurallaryny, buraw enjamlaryny, awtoulag tehnikalaryny düýpli abatlamakdan, synagdan geçirmegi ýola goýmak baradaky isleglerini kanagatlandyrmakdan, has çylşyrymly elektrokuwwatlykly ulgamlara hyzmat etmekden we olary enjamlar, gurallar bilen üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

— Öz hünäriňiz boýunça näme işler ýerine ýetirýärsiňiz?

— Zähmeti goramak gullugynyň esasy wezipesi önümçilikde işgärleriň iş ýerinde talabalaýyk işlemegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gözegçilik etmeklige, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almaklyga, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak maksadynda teklipleri bermeklige gönükdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Esasy Kanunymyzda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy adam bolup durýar. Şundan ugur almak bilen iş orunlarynda işgärlerimiziň we hünärmenlerimiziň saglygyny goramak, çylşyrymly şertlerde zähmet çekýän işgärlerimize döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňillikleriň gyşarnyksyz berjaý edilişine gözegçilik etmek zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň paýyna düşýär. Işgärlerimiziň ýokary derejede dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin olar ýurdumyzyň dünýä ülňülerine gabat gelýän şypahanalaryna we bu ugra degişli merkezlere ýeňillikli ýollanmalar bilen ugradylýar.

— Baýramsoltan, jemgyýetçilik işlerine gatnaşyşyňyz bilen bagly gürrüňdeşligi dowam etdiräýeli.

— Men Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ähli welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky özgerişler bilen bagly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýaryn. Medeni-köpçülikleýin dabaralaryň, sport ýaryşlarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň guramaçylyk işlerine ýardam berýärin. Şeýle-de ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, hususan hem «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymynda yzygiderli çykyş edýärin.

— Siziň gazet-žurnallarda goşgularyňyz hem ýygy-ýygydan çykyp dur.

— «Garagum», «Zenan kalby» žurnallarynda, «Edebiýat we sungat», «Aşgabat», «Nebit-gaz» gazetlerinde şygyrlarym bilen çykyş edýärin.

— Maşgala durmuşyňyz hem okyjylarymyzy gyzyklandyrsa gerek.

— Agzybir maşgalamyz bar. Ýanýoldaşym hem nebitçi. Ýoldaşym bilen 5 çaga terbiýeleýäris, iki oglumyz, üç gyzymyz bar. Olar orta mekdepde okaýarlar. Berkarar döwletimize, hormatly Prezidentimize buýsanyp ýaşaýarys we zähmet çekýäris.

— Baýramsoltan, söhbetdeşligimiziň ahyrynda, belki goşgy setirleriňizi okarsyňyz!

— Höwes bilen. «Nebitçi zenan» goşgymdan okasym gelýär.

Ymgyr çölde alaň-alaň depeler,

Buýsanç bilen ýadamany geçiler,

Maýsa gyzlar, baýdak gelin, ejeler,

Berkarar döwletde ak ýollar rowan.

Goja zemin özem aşykdyr meger,

Waspyn taryplanyň — diýenňe deger,

Nebitgaz ulgamy galkynar-söýer,

Arkadag howandar, nebitçi zenan.

— Söhbetdeşligiňiz, okan goşgularyňyz üçin sag boluň. Geljekde hem işde üstünlik, döredijilikde rowaçlyk arzuw edýäris.

— Sag boluň.

Mämmet MÄMMEDOW,

                     USSAT NEWS.

Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.