Halk lukmançylygynyň kömegi bilen gözümiziň ýitiligini dikeltmek
Biziň gözümiz elmydama ýokary agrama sezewar bolýar. Kompýuterde işlemek, telewizora tomaşa etmek, elektron kitaplary okamak — bularyň ählisi gözümize täsir edýär.
Özümizde şeýle ýagdaýyň ýüze çykanyny duýanymyzdan soň, onuň çözgüdini uzaga goýmaly däldir. Biz näçe çalt hereket etsek, şonça-da görejimiziň ýitiligini dikeltmek mümkinçiligi döreýär.
Görüjiligimiziň peselmeginiň öňüni almak her birimize başardýar. Bu meselede kadaly iýmit, suw proseduralary, ýörite beden maşklary örän möhüm bolup durýar.
Şeýle hem A, B, C, we E ýokumlary örän peýdaly bolup, munuň üçin käşir, bagyr, ysmanak, balyk, peýnir, hoz we beýleki gök-bakja önümlerini peýdalanmak maslahat berilýär. Şeýle hem bir bölek pagtany gyzgyn suwda ölläp, ony 3 minut töweregi gözüňiziň üstünde goýmaly. Soňra bu düzgüni sowuk suw bilen hem gaýtalamaly. Bu siziň ýadaw gözleriňizi arassalamaga, çyglandyrmaga hem-de gözüň dartgynlylygyny aradan aýyrmaga kömek eder.
Kakadylan ir-iýmişlerden melhem taýýarlamak hem mümkin. Munuň üçin 200 gram çernikaly bulgura gaýnag suw guýup, ony günüň dowamynda ýarym bulgurdan birnäçe gezek içmeli. Gözüňi ýitileşdirmekde halk lukmançylygy serişdelerinden çernikaly mürepbe örän gowy serişde bolup bilýär. Her gün bir uly çemçe mürepbäni gaýnag suwa guýmaly we ony ertirlik naharyndan 10 minut öň içmeli.
Gök we bakja önümlerinden alnan şireler, şeýle-de käşir, petruşka, hyýar biziň gözümize örän uly peýda getirýär. Olary ter görnüşinde isledigiňçe iýmek maslahat berilýär.
Halk lukmançylygynyň serişdeleri görejimiziň ýitiligini dikeltmekde örän möhümdir. Eger olary yzygiderli peýdalansaňyz, ýuwaş-ýuwaşdan görüjiligiňiz gowlaşar. Ýöne munuň üçin öňinçä göz lukmanynyň barlagyndan geçmek zerurdyr.
Taýýarlan Bezirgen Maksadow,
TDBGI-niň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.